28 Mayıs 2016 Cumartesi

Türkmen Halysy Biziň Günsaýyn Ösýän Ata Watanymyzyň Gözellik Nusgasydyr

Sizi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän «Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr» atly halkara sergisiniň we Türkmen halyşynaslarynyň bütin dünýä jemgyýetiniň XVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! 

Bedew bady bilen öňe barýan halkymyzyň agzybirliginiň, buýsanjynyň, ruhy joşgunynyň, döredijilik ylhamynyň esasy gözbaşy milli mirasymyzdyr. Milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen halysynyň nepisligi, gözelligi hem-de köp öwüşginliligi halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlygyndan habar berýär. Nesilleriň ösen medeniýetli, arassa ahlakly, kämil bolup ýetişmeginde milli mirasymyzy wagyz etmegiň, ösdürmegiň hem-de düýpli öwrenmegiň ähmiýeti örän uludyr. Medeni mirasymyz milletimiziň we döwletimiziň ösmegi üçin örän möhüm çeşmedir. Türkmen halysy merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan, umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp sungatydyr. 

Türkmen zenanlarynyň çeper elleri, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen halylarymyz halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungatydyr. 

Bu örän inçe we köp zähmeti talap edýän senediň syrlary müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Turkmen halysy özüniň gözelligi, ýokary hili we kämilligi bilen Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde el halylarynyň şöhratyny belende göterýär. 

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar! 
Gadyrly halyçylar! 

Türkmen halysy ynsan kalbyny joşa getirýän gudratdyr, türkmeniň öz milletine, diline, dinine, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsiniň nyşanydyr. 

Ene-mamalarymyzyň bu gadymy senedi bilen baglanyşykly yrymlar, pähimlerdir rowaýatlar hazynasy bu günki nesillere miras galypdyr. Mazmuny hem-de çeperçiligi boýunça örän baý bolan türkmeniň halyçylyk sungaty halkymyzyň milli buýsanjydyr. 

Türkmen halylarynyň nagyşlarynda halkymyzyň taryhy, pelsepesi we dünýä garaýşy beýan edilendir. Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşginliligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. 

Döwlet baýdagymyzy bezeýän bäş sany haly göli halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, asuda we parahat durmuşynyň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu sungaty dünýä ýaýmak, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgalaryny gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Olarda halyçy gelin-gyzlarymyzyň işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. 

Hormatly halyçylar we halyşynaslar! 
Gadyrly myhmanlar! 

Häzirki döwürde biz dünýäniň köp ýurtlary bilen söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlarda we beýleki ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýduk. 

Ýurdumyzda halkara sergileriniň, ýarmarkalarynyň, maslahatlarynyň yzy giderli geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Bu halkara sergisi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVI mejlisi ýurdumyzda halyçylyk pudagy boýunça gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, uz barmakly gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezer. 

Bu halkara sergisiniň öz önümlerini görkezýän, hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň we guramalaryň wekillerine, telekeçilere özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn. 

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar! 
Hormatly myhmanlar! 
Gadyrly halyçylar! 

Sizi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän «Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr» atly halkara sergisiniň we Türkmen halyşynaslarynyň bütin dünýä jemgyýetiniň XVI mejlisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! 

Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş, halyçy gelin-gyzlarymyza bolsa, ajaýyp haly eserlerini döredip, uly zähmet üstünliklerini gazanmaklaryny arzuw edýärin! 

Goý, çeper elli, uz barmakly halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlansyn! 

Türkmenistanyň Prezidenti


Gurbanguly Berdimuhamedow




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder