18 Mayıs 2016 Çarşamba

Statistika Boýunça Pudagara Geňeşiň Mejlisi

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara Geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Düzümine dürli pudak edaralaryň wekilleri girýän Geňeşiň mejlisiniň gün tertibine birnäçe möhüm meseleler, şol sanda bu ulgamda pudagara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, buhgalterçilik hasabatlylyk ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we özgerdilmegine hem-de maliýe hasabatlylygyň milli ölçeglerini ornaşdyrmaga degişli meseleler girizildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde berilýän maliýe hasabatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, görkezijileriň ulgamyny, garamagyndaky kärhanalaryň we guramalaryň döwlet statistiki hasabatlylygynyň görnüşlerini, maglumatlary gözden geçirmegiň usullaryny işläp düzýär.

Ýaşaýyş jaý hojalygynyň statistikasynyň degişli meseleleri hem-de statistiki maglumatlaryň elektron hasabatlylygyny ýygnamagy guramak boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly anyk çäreler   ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Umumy pikire görä, bu gün maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň depginli ösýän şertlerinde öňdebaryjy tejribäniň öwrenilmegi hem-de elektron enjamlarda ilkinji statistika maglumatlaryň giňden ýygnalmagynyň ýola goýulmagy barha möhüm häsiýete eýe bolýar.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy esasy pudaklaryň depginli ösmegine, diýmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň görkezijileriniň hem ýokarlanmagyna gönüden-göni täsir edýär. Bu bolsa öz gezeginde milli statistikany yzygiderli kämilleşdirmegiň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryny hem-de gyzyklanma bildirýän beýleki peýdalanyjylary zerur statistiki maglumatlar bilen üpjün etmek maksady bilen, ony hereket edýän dünýä ölçeglerine kybap getirmegiň wajypdygyny görkezýär.  

Mejlisiň barşynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada gündelik maglumatlary ýygnamak, bilim ulgamynyň halkara ölçeglerine laýyklykda bilim maksatnamalarynyň milli ulgamyny kämilleşdirmek ýaly meselelere-de garaldy.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Şol çözgütler bu ýere ýygnananlaryň pikirine görä, statistika edaralarynyň statistiki maglumatlary berýän taraplar hem-de statistiki maglumatlary peýdalanyjylar bilen has netijeli özara gatnaşyk etmeginiň hasabyna milli statistikanyň ösmegine ýardam berer.






Hiç yorum yok:

Yorum Gönder