29 Mayıs 2016 Pazar

Sambo Boýunça Aziýa Çempionatynda Türkmen Türgenleri Iki Altyn Medal Gazandylar

Ýetginjekleriň arasynda 60 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanly Möminjan Arzykulow altyn medala mynasyp boldy. Ol finalda Gazagystanly Damir Abdekowy ýeňdi.
Ýetginjekleriň arasynda 75 kilograma çenli agram derejeside ýene bir türkmen türgeni Parahat Bäşimow hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Ol final tutluşygynda Täjigistanly Sadam Karimowy ýeňdi. Bu agram derejesinde Gyrgyzstanly Işen Amanow bilen Eýranly Zaman Tagizade bürünç medaly eýelediler.
Ýetginjekleriň arasynda 100 kilogarama çenli agramda, final tutluşygynda Özbegistanly Parwiz Halimow Türkmenistanly Ruslan Esgerowy ýeňdi. Bu ýaş toparynda 87 kilogramdan ýokary agram derejesinde Özbegistanly Ozodbek Bakoýew final tutluşygyndda Eýranly Saboti Hosseýn Toluny ýeňdi.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder