28 Mayıs 2016 Cumartesi

Rumyniýada Türkmen Medeniýetiniň Baýramy

Türkmenistanyň Rumyniýada Medeniýet günleri Ýassy şäherinde jemlendi, bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. 

Bu döredijilik çäresi dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň çäginiň giňelýändigine, olaryň köpdürlüliginiň we köpgörnüşliliginiň artýandygyna şaýatlyk edýär. Gadymy rumyn halkynyň medeniýetinde iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň beýany nesilleriň ruhy arabaglanyşygynyň, türkmen we rumyn halklarynyň medeniýetiniň we sungatynyň kökleriniň üznüksizdigini görkezýär. 

Ýassy şäheri A.I.Kuzynyň adyny göterýän baýry uniwersiteti, köp sanly medeni ýokary okuw mekdepleri we edaralary: opera we drama teatrlary, filarmoniýasy, konserwatoriýasy bilen tanalýar. Ýassy şäherindäki aň-bilim we medeni edaralarynyň köpüsiniň Buharest şäherine garanyňda has ir döredilendigini bellemek gerek. Bu ýerde öz ýurdunyň çäklerinden alyslarda tanalan rumyn ýazyjylary, şahyrlary, medeniýet işgärleri: Mihaý Eminesku, Mihaý Sadowýanu, Mihaý Kodrýanu ýaşadylar we döretdiler. 



Taryhy şäher söwda ýollarynyň kesişýän ýerinde ýerleşýär. Bu ýerde taryhy we medeni maksatly desgalaryň 120-den gowragy bar, bu bolsa Ýassyny “şäher-muzeý” diýip atlandyrmaga esas berýär. Rumynlar üçin Ýassy köpasyrlar bäri ýurduň şäher-nyşany, medeni paýtagty bolmagynda galýar, ady rowaýata öwrülen binagärlik ýadygärlikleri, dini we dünýewi muzeýler, tebigatyň ajaýyplygy, şäheriň ýerleşen ýedi baýrynyň sazlaşygy ony gadymy Rim bilen deňeşdirmäge esas berýär. 

Ýassy şäheriniň Rumyniýada we Ýewropada syýahatçylyk ugurlaryny özüne çekýändigini aýtmak gerek, bu bolsa Türkmenistanyň dynç alyş mümkinçiliklerini nazara almak bilen, biziň ýurdumyzyň bu ugurda hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň biri bolup hyzmat edip biler. 

...Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti Ýassy şäherinde 1896-njy ýylda awstro-wenger binagärleri S.Felneriň hem-de G.Gelmeriň taslamasy boýunça bina edilen hem-de şäheriň ajaýyplyklarynyň biri bolup durýan Wasile Aleksandri adyndaky Milli teatrda guraldy. Bu Rumyniýadaky ilkinji milli teatr bolup, öz gözelligi bilen haýran galdyrýan ýurduň iň baýry teatrlarynyň biri bolup durýar. Ýassy milli teatrynda ilkinji sahnanyň rumyn dilinde goýlandygyny bellemek gerek. 



Indi bu meşhur teatryň taryhyna nobatdaky aýdyň sahypa — türkmen aýdym-saz sungatynyň çykyşlary ýazyldy. Bu gün türkmen artistleri bilen duşuşyga gelen adamlar, şol sanda döredijilik işgärleri, Ýassy şäheriniň prefekti we meri, oblastyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet ulgamy edaralarynyň işgärleri, Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem rumyn talyplary, mekdep okuwçylary, şäheriň myhmanlary olaryň çykyşlaryna haýran galdylar. Türkmen artistleriniň çykyşlary şäheriň ýaşaýjylarynda uly gyzyklanma döretdi, olaryň köpüsi konserte öz maşgalalary bilen geldiler. Teatryň zalynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan sergi guralyp, ol türkmen halkynyň milli däp-dessurlary bilen tanyşdyrdy. Milli mirasa ünsüň berilmegi Ýassyda guralan Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konsertiniň tapawutly aýratynlygy boldy. Tomaşaçylar türkmen halk sazynyň, dutaryň gaýtalanmajak owazynyň, ýerine ýetirijilik ussatlygynyň özboluşlylygy bilen diňleýjileri bendi eden türkmen bagşylarynyň çykyşlaryna aýratyn gyzyklanma bildirdiler. 



“Läle” toparynyň gyzlarynyň ýerine ýetiren Lälesi sungat baýramçylygynyň öwüşgünini artdyrdy. Türkmen zenanlary ýüz ýyllyklaryň dowamynda ynsan kalbyny tolgundyrýan, rubagy görnüşünde ýazylan, halk tarapyndan “läle” diýlip atlandyrylan 7-8 bogunly 4 setirden ybarat bentler döredilipdir we aýawly saklanyp gelipdir. Olarda türkmen zenanlarynyň kalby, umyt-arzuwlary beýan edilýär. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda bu sungata bagyşlanan, onuň köpdürlüligini we täze döwrebap owazyny görkezýän festiwallar geçirilýär. 

“Dokmaçylar” folklor-etnografik toparynyň çykyşlary aýratynlygy we çuň mazmuny bilen tapawutlanyp, toparyň agzalary birnäçe aýdyň öwüşginli çykyşlary, şol sanda milli sungatymyzyň aýnasy bolan “Küştdepdi” tansyny görkezdiler. Bu gadymy tans milli baýramçylyklarymyzyň, türkmen artistleriniň daşary ýurtlarda çykyşlarynyň özenini düzýär. 

Häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler ajaýyp aýdymlary we sahna medeniýeti bilen rumyn tomaşaçylaryny haýrana goýup, häzirki taryhy döwri beýan edýän eserler bilen tanyşdyrdylar. 

Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň hemmesi sahna çykdylar. Olar eziz Watanymyzy – parahatçylyk, dostluk we ylham ýurduny wasp edýän watançylyk aýdymyny ýerine ýetirdiler. Türkmen-rumyn dostlugyny wasp edýän sözler bu baýramçylygyň jemlenmesi hökmünde ýaňlandy we ol tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 



Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň Ýassy şäherinde guralan konserti Türkmenistanyň Rumyniýadaky Medeniýet günleriniň maksatnamasyny jemledi. 

Giň gerimli döredijilik çäresi Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň daşary syýasy ugrunyň — ylalaşdyryjylygyň we döredijiligiň özboluşly beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistan ýokary ruhyýetliligiň we medeniýetiň gadymy merkezleriniň biri hökmünde ynsanperwer gymmatlyklaryň esasynda dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen öz gatnaşyklaryny ösdürýär. Hut şolar syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýy döretmekde, biziň döwletimiziň dünýädäki abraýyny artdyrmakda kesgitleýji ýagdaýlar bolup durýar. 

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Medeniýet günlerini many-mazmuny boýunça gumanitar ulgamda iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda aýdyň waka boldy diýip atlandyrmak bolar. Forumyň üstünlikli geçmegi — bu hem ony guraýjylaryň we oňa gatnaşyjylaryň – sungatyň dürli görnüşleriniň wekilleriniň sazlaşykly işiniň netijesidir. Olar Rumyniýada türkmen medeniýetine wekilçilik etmegiň hormatly wezipesini uly höwes we jogapkärçilik bilen ýerine ýetirdiler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder