4 Mayıs 2016 Çarşamba

Paýhas Oýunlarynyň, Gujur-Gaýratyň we Tizligiň Bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlygyň jemleýji günlerinde Aşgabatda küşt we ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň çempionatlary, şeýle hem awtomobil ýaryşlary boýunça Içeri işler ministrliginiň Kubogy ugrunda bäsleşikler geçirildi. 

Aşgabatda ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleriniň 16-sy ýygnandy. Medallaryň ählisine Atabaýewleriň belli küştçüler maşgalasynyň wekilleri mynasyp boldular. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, halkara ussady Ýusup Atabaýew mümkin bolan 15 utukdan 12 utuk toplap, birinji orny eýeledi. Bäsleşikleriň barşynda ol bir gezek hem utulmady, dokuz döwde ýeňiş gazandy we alty duşuşykda deňme-deň oýnady. 



Atabaýewleriň iň meşhury, ýokary küşt derejesi — halkara grossmeýsteri adyna eýe bolan Maksat üçünji orun bilen oňmaly boldy. Türkmenistanyň üç gezek çempiony, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby ýeňijiden bary-ýogy 0,5 utuk yza galdy. Altyn medalyň ykbaly doganlaryň ýüzbe-ýüz duşuşygynda çözüldi, şonda Ýusup deňme-deň oýnanda hem birinjiligi eýeleýärdi, duşuşyk şeýle netije bilen hem tamamlandy we ol ilkinji gezek ýurdumyzyň iň güýçli küştçüsi diýlip yglan edildi. 

Doganlaryň iň kiçisi, sport ussady, Aşgabadyň 117-nji umumybilim berýän mekdebiň okuwçysy Saparmyrat Atabaýew 10 utuk bilen bürünç medala eýe boldy. 

Şeýle hem küştçüler milli ýygyndy toparyň düzümine girmäge we 2016-njy ýylyň Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk berýän dördünji we bäşinji orunlar ugrunda güýç synanyşdylar. Atabaýewlerden başga-da, Türkmenistanyň toparyna halkara grossmeýsteri Hanjar Ödäýew we Mergen Kakabaýew girýärler. 



7—17-nji maý aralygynda ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleriniň bäşisi Wengriýanyň paýtagty Budapeştde her ýyl geçirilýän “First Saturday” halkara ýaryşyna gatnaşar. Emma türkmen küştçülerine esasy synag indiki ýyl garaşýar, sebäbi küşt Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Şeýlelikde, Wengriýada geçiriljek ýaryş we Bütindünýä olimpiada Aziada taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlary bolar. 

Aziada — 2017-ä ýeňil atletikaçylarymyz hem ykjam taýýarlanýarlar. Muňa ähli welaýatlardan we paýtagtymyzdan 200-e golaý türgeni ýygnan Türkmenistanyň çempionaty hem şaýatlyk edýär.Ýaryşlar Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk manežinde, “Köpetdag” sport toplumynda we “Dagdan” stadionynda geçirildi. 

Şu gezekki bäsleşikler has ýiti häsiýete eýe boldy. Çünki onuň netijeleri boýunça Rio-de-Žaneýro—2016 ýaryşlaryna olimpiýa ýollamalaryna mynasyplar saýlanylar. 



Ýeňijileriň hatarynda sport ussady Amanmyrat Hommadowyň (Ahal welaýaty) ýekedaban zyňmak boýunça görkezen netijesi has-da ýokary boldy. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby ýekedabany 65 metr 78 santimetr aralyga zyňmagy başardy. Onuň dogany Tejen Hommadow ýadro zyňmak boýunça ýokary netije (16,0 metr) görkezdi, Maksat Mämmedow bolsa disk zyňmakda (64,18 metr) tapawutlandy. 

Iki ýyllyk arakesmeden soň ýurdumyzyň belli ýeňil atletikaçysy, sport ussady Ýelena Rýabowa sport bäsleşiklerine gaýdyp geldi we 200 metr aralyga ylgamakda (24,7 sekunt) ýeňiş gazandy. Walentina Meredowa 100 metr aralykda (11,6 sekunt) we Akmyrat Orazgeldiýew (10,3 sekunt) 200 metr aralykda Guwanç Mataganow (21,2 sekunt) tapawutlandylar. Olaryň hemmesi aşgabatly türgenlerdir. 

400 metr aralykda zenanlar toparynda Anastasiýa Nowoselsewa (58,7 sekunt) üstünlik gazandy. Ol ýetginjekler toparyna girýän hem bolsa, has tejribeli türgenleriň arasynda-da ýokary netije görkezmegi başarýar. Erkekler toparynda 400 metr aralygy maryly türgen Begmyrat Makgaýew hemmelerden öň (49,0 sekunt) geçdi. 



Ýokarylygyna bökmek boýunça hem oňat netije görkezildi. Onda ýeňiji bolan Alena Hudaýbergenowa 163 santimetr belentlige bökmegi başardy. 

Indi türkmen ýeňil atletikaçylary iri halkara ýaryşyna — Kosanowyň ýadygärligine bagyşlanyp, iýun aýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek iri halkara ýaryşyna taýýarlyk görýärler. Şol ýaryşda iň gowy netijeleri görkezen türgenlerimiziň ikisi Braziliýada geçiriljek Olimpiada gatnaşmaga hukuk gazanar. 

...IIM-niň Kubogy ugrunda bu ministrligiň Awtomobil sporty merkezinde bäsleşikler iki ugur –hereketlendirijisiniň göwrümi 125 kub santimetr bolan “Patriot” kartlarynda we “Volkiсar” ýaryş awtoulaglarynda geçirildi. 



Karting boýunça bäsleşiklere 11 awtoulag gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşda Awtomobil ulaglary ministrliginiň toparyndan Ýuriý Žulin ýeňiş gazandy. Ikinji orny Wýaçeslaw Şkunow (IIM-niň awtosport merkezi) eýeledi, üçünji orna bolsa Karen Awagýan (“Aşgabat” awtomobil merkezi) mynasyp boldy. 

“Volkiсar” ýaryş awtoulaglarynda geçirilen bäsleşiklerde baýrakly orunlaryň ählisini Awtomobil sporty merkeziniň türgenleri eýelediler. Birinji orna Guwanç Hommadow, ikinji ýere Begenç Annaýew we üçünji orna Parahat Garlyýew mynasyp boldular. 

Şu aýyň soňky ongünlüginde bu ýerde IIM-niň Kubogy ugrunda ýene bir ýaryş geçiriler, ol her ýyl 29-njy maýda bellenilýän Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň gününe bagyşlanýar. Bäsleşiklerde karting, “Volkiсar”, “Alfa Romeo” we kwadrosikl ýaryş ulaglarynda medallaryň dört toplumy ugrunda geçiriler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder