9 Mayıs 2016 Pazartesi

Jürji Meýdançasyndan Tebigy Gazyň Senagat Akymy Alyndy

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda, Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän geljegi uly Jürji täze meýdançasynda «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiň işgärleriniň burawlan ilkinji guýusyndan senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy.

«Mawy ýangyjyň» kuwwatly senagat akymy 4600 metrden gowrak çuňlukdaky oksford ýaşly ýokarky ýuradan galan karbonat galyndylaryndan alyndy. Ilkinji obýektlerde geçirilen barlaglaryň netijesinde guýynyň gündelik debiti 20 mm diametrli ştuserde 600 müň kub metr tebigy gaza deň boldy. Jürji meýdançasynyň dünýä belli ägirt uly «Galkynyş» gaz känine golaý ýerleşmegi bu ýeriň geljeginiň uludygyna şaýatlyk edýär. «Galkynyş» bilen goşup alanyňda, Jürji bu ýeriň gaz gatlagyny has hem giňeldýär. Bu bolsa öňräk geçirilen 3D seýsmiki barlag usuly bilen çaklanylyşy ýaly, bu ýeriň gaz meýdançasynyň has giň bolmak mümkinçiligini tassyklaýar.

Häzirki wagtda Jürji meýdançasynda täze ýerleriň barlag işleri dowam edýär.

Biraz öňräk, «Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiň işgärleriniň Mary welaýatyndaky Bagly meýdançasynda geçiren barlag işleriniň netijesinde gazyň has kuwwatly senagat akymy alyndy. Bu bolsa ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini gözlemek işine barlagçylaryň işjeň gatnaşýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýurduň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary netijesinde «Türkmengeologiýa» DK-nyň bölümleriniň önümçilik-tehniki kuwwaty berkidilýär. Soňky ýyllarda buraw enjamlarynyň aglabasy dünýäniň öňdebaryjy tehnika öndürijileriniň öndüren has kuwwatly we ygtybarly enjamlary bilen çalşyldy. Ýylyň başyndan bäri, «Türkmengeologiýa» DK-nyň önümçilik bölümleriniň ygtyýaryna çöl şertlerinde hereket etmäge ukyply dürli maksatly awtoulaglaryň onlarçasy gelip gowuşdy.

Önümçilige ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnikalary we täze tehnologiýalar çuňlaşdyrylan buraw işlerini geçirmek boýunça aýlyk meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu hem öz gezeginde Türkmenistanyň ýerasty çuňluklarynda alynýan uglewodorodlaryň möçberini artdyrmaklyga düýpli goşant goşýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder