2 Mayıs 2016 Pazartesi

Er-Riýadda Ýokary Derejede Ikitaraplaýyn Gepleşikler Geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. 

Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe sagatdan soň, Er-Riýad şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Patyşa Halid” adyndaky Halkara howa menziline gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Uçaryň ýanynda milli Liderimizi Er-Riýad şäheriniň gubernatory, şazada Faýsal bin Bandar bin Abdulaziz Al Saud, Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministri Tawfik ben Fewzan Al-Rabia, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halid bin Faýsal Al-Sahli, şeýle hem beýleki resmi adamlar we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Saud Arabystanynyň Patyşasynyň “Al Ýamama” köşgüne tarap ugrady. 

Türkmen Lideriniň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparyna döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda uly ädim hökmünde aýratyn ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Häzir Türkmenistanyň arap dünýäsiniň esasy ýurtlarynyň biri bilen gatnaşyklaryny iki dostlukly halklaryň taryhy, ruhy we medeni däpleriniň umumylygyna esaslanýan, netijeli we sazlaşykly ösýän gatnaşyklaryň nusgasy diýip atlandyrmak bolar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji daşary ýurt saparyny Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrmagy türkmen-saud hyzmatdaşlygyny berkitmegiň ileri tutulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Baştutanynyň 2007-nji ýylda amala aşyran şol sapary döwletara hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynyň başyny başlady. Munuň şeýledigini ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklar ähli aýdyňlygy bilen tassyklady. Bu gepleşikler ähli möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga giňişleýin öwüşgin berdi. 

Diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlan gününden bäri biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelidigini we ägirt uly kuwwata eýe bolup durýandygyny görkezdiler. Nebitgaz pudagy döwletleriň ikisi üçin hem ileri tutulýan ugur bolup durýar. Iki dostlukly halklaryň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerinden ugur almak bilen, Türkmenistan hem-de Saud Arabystany Patyşalygy deňlik, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge özara ymtylýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Er-Riýadda geçirilen ýokary derejedäki nobatdaky duşuşyk döwletara görnüşinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde türkmen-saud gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. 

...Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Patyşa köşgüniň öňündäki meýdança gelip durýar. 

Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Onuň Alyjenaby, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdulaziz Al Saud mähirli garşylady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň baştutany bilen bilelikde ýörite bellenilen ýere geçýärler. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Iki döwletiň Baştutanlaryna Hormat garawulynyň rota serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Liderleri Hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçýärler. 

Resmi taýdan garşylamak dabarasynyň barşynda Saud Arabystanynyň Patyşasy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi saud wekiliýetiniň agzalary we Türkmenistanyň wekiliýetiniň wekilleri bilen tanyşýarlar. 

Soňra iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Patyşa Köşgüniň duşuşyklar zalyna barýarlar, bu ýerde iki döwletiň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi. 

Patyşa Salman ben Abdulaziz Al Saud hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübäreklemek bilen, Saud Arabystanyna resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi. Patyşanyň belleýşi ýaly, dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan türkmen-saud gatnaşyklary bu gün täze derejä çykýar we ähli ugurlarda giňeldilýär. 

Öz gezeginde Türkmenistanyň Baştutany Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapar bilen gelmäge çakylygy üçin hem-de bu mukaddes gadymy toprakda ýokary myhmansöýerlik bilen mähirli garşylandygy üçin dostlukly döwletiň Liderine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň 15-nji aprelinde bu dostlukly ýurda amala aşyran resmi saparyny we geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek meseleleri boýunça pikir alşylandygyny belläp, şol saparyň türkmen-saud gatnaşyklarynyň barha berkeýän ösüşiniň başyny başlandygyny nygtady. 

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygyna ýokary derejedäki şu saparyna biz gatnaşyklarymyzy täze derejä çykarmaga we bu gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýän möhüm tapgyr hökmünde garaýarys diýip, türkmen Lideri aýtdy. 

Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden arap ýurtlarynyň ilkinjileriniň hatarynda bolup, 1992-nji ýylyň 22-nji fewralynda biz bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygyny kanagatlanma bilen nygtap, Türkmenistanyň Baştutany bu ýurt bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge örän uly ähmiýet berýäris diýip belledi. Türkmen-saud dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýän ýörelgeler esasynda depginli ösdürilýär. 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Sebitde we dünýäde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen tagallalar has işjeňleşýär. Dürli ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we berkitmek üçin oňat mümkinçilikler bar. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna goýýan hormaty hem-de ýurdumyzyň öňe sürýän ähli halkara başlangyçlaryna berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin Saud Arabystanynyň Patyşasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistan hem öz gezeginde Saud Arabystanynyň öňe sürýän, ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ähli başlangyçlaryna we tekliplerine hormat goýýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, dostlukly döwletiň Baştutanyny şu ýylyň ahyrynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmaga çagyrdy. 

Iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar baradaky meselä degip geçip, taraplar şu gün iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň täze ugrunyň howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, saparyň dowamynda bu ugurda ikitaraplaýyn resminama gol çekiler. Bu resminama Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň degişli döwlet edaralarynyň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Iki tarapyň hem pikirine görä, bu resminamanyň möhüm ähmiýeti bar. 

Sebäbi biziň ýurtlarymyz terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de häzirki döwrüň beýleki wehimlerine we howplaryna garşy işjeň göreş alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň harby we hukuk goraýjy hem-de beýleki edaralarynyň howpsuzlyk ugrunda bilelikde iş alyp barmaklary üçin, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini gysga wagtyň içinde ara alyp maslahatlaşmagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. 

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýän ugurlaryň biri hökmünde agzaldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud topary döredildi. Bu toparyň soňky mejlisi şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçirildi. 

Ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda bilelikdäki işleri güýçlendirmäge gönükdirilen tagallalary we teklipleri üçin saud hyzmatdaşlaryna minnetdarlyk bildirip, türkmen Lideri hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Hususan-da, energetika pudagy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda agzaldy. Bu ugurda Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň aýratyn ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň kompaniýalaryny we maliýe institutlaryny bu taslamany amala aşyrmaga gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistanyň Baştutany şeýle hem Saud Arabystany Patyşasynyň goldaw bermegi esasynda, iki ýurduň Hökümetleriniň Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň bilelikde iş alyp barmagy bilen bagly gepleşikleri we zerur bolan geňeşmeleri geçirip başlamagynyň maksadalaýykdygyny nygtady. 

Saud hyzmatdaşlarynyň we türkmen tarapynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda esasy üç ugur  söwda, maliýe we maýa goýum ugurlary kesgitlenildi. Ýurdumyz nebithimiýa we gazhimiýa senagaty pudaklarynda dürli taslamalary durmuşa geçirýär. 

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda amala aşyrylýan taslamalara dostlukly ýurduň kompaniýalarynyň gatnaşmagyna gyzyklanma bildirilýändigi aýdyldy. Bu ýerde gürrüň nebiti we gazy gaýtadan işlemek, taýýar önümleriň önümçiligi we olary dünýä bazarlarynda ýerlemek boýunça täze kärhanalaryň gurluşygy barada barýar. 

Taraplar şeýle hem senagat we gurluşyk harytlarynyň önümçiliginde hyzmatdaşlyk etmek üçin ähli şertleriň bardygyny bellediler. Saud Arabystany Patyşalygynda sement önümçiliginde örän baý tejribe toplandy. Bu ýurtda her ýylda onlarça million tonna sement öndürilýär. 

Türkmenistanda soňky döwürde gurlan kärhanalarda ýylda 3,5 million tonna sement öndürilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokary depginini nazara alyp hem-de eksport mümkinçiligini göz öňünde tutup, ýakyn ýyllarda sement önümçiliginiň möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär. Şu babatda, Saud Arabystany Patyşalygynyň bu ugurda iri kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemegi üçin giň mümkinçilikler açylýar. 

Ýurdumyzda üstünlikli ösýän dokma senagaty hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde agzaldy. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda dürli dokma önümlerini öndürýän täze tehnologiýaly kärhanalar gurlup, ulanmaga berildi. Ýurdumyzda ýylda bir million tonnadan gowrak pagta öndürilýär. Bu bolsa dokma önümçiliginiň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň öndürýän energiýa serişdeleri hem-de ulag üpjünçiligi elýeterli bahadan ýokary hilli dokma önümlerini öndürmek üçin ähli zerur şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň kärhanalarynyň bilelikde iş alyp barmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. 

Ulag babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri aýratyn bellenip geçildi. Häzirki döwürde ulag pudagy ykdysady ösüşde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu pudak dünýä hojalyk hyzmatdaşlygynyň berkemegine uly goşant goşýar. 

Şu saparyň çäklerinde Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda howa gatnawlary hakyndaky Ylalaşyga gol çekiljekdigini kanagatlanma bilen nygtap, taraplar munuň ulag babatda türkmen-saud hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda ilkinji möhüm ädimdigi barada bir pikir aýtdylar. Şeýle hem ýurtlaryň ikisinde Demirgazyk Günorta we Gündogar Günbatar ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde netijeli aragatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenildi. 

Eksport-import mümkinçiliklerini artdyrmak, söwda-haryt dolanyşygyny ösdürmek we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeleri yzygiderli esasda geçirmegiň zerurdygy barada pikir aýdyldy. Bu bolsa iki tarapa hem bähbitli bolar. Şu nukdaýnazardan, işewürler maslahatlaryny, milli sergileri, söwda ýarmarkalaryny geçirmegiň möhümdigi bellenildi. 

Taraplar netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda medeniýet, ylym, sungat ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin hem giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şeýle hem halklarymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek işinde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça iki dostlukly döwletiň mundan beýläk-de tagalla etmäge ymtylýandygy tassyklanyldy. 

Şu nukdaýnazardan, gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekiljek Ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmegine uly itergi berjekdigine berk ynam bildirildi. 

Hormatly Prezidentimiz türkmen-saud hyzmatdaşlygyny ösdürmäge berýän uly ünsi we şahsy goşandy üçin Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdulaziz Al Sauda aýratyn minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyny özi üçin amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. 

Çakylyk Saud Arabystanynyň Patyşasy tarapyndan hoşallyk bilen kabul edildi. 

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň Baştutanlary häzir täze ýokary göterilişe eýe bolan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler. 

Soňra Patyşa Köşgüniň kiçi mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasynyň ikiçäk görnüşdäki duşuşygy geçirildi. 

Saud Arabystanynyň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübäreklemek bilen, türkmen Liderini Er-Riýadda kabul edýändigine şatdygyny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu saparyna biz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka, däbe öwrülen döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde garaýarys diýip, Patyşa Salman ben Abdulaziz Al Saud belledi. Şunuň bilen baglylykda, Saud Arabystanynyň Baştutany öz ýurdunyň Türkmenistan bilen umumy bähbitlere gabat gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge ygrarly bolup galýandygyny belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzir täze many-mazmuna eýe bolýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly şahsy goşandy aýratyn bellenildi. 

Döwlet Baştutanymyz Onuň Alyjenaby Patyşa Saud Arabystanyna resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzyň bu sapara iki döwletiň gatnaşyklarynyň täze derejä çykmagyny hem-de onuň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny alamatlandyrýan möhüm waka hökmünde garaýandygyny aýtdy. 

Türkmenistan iki halkyň bähbitlerine gabat gelýän deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň esasynda sazlaşykly ösýän döwletara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýär. Häzir türkmen-saud gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde özara düşünişmegiň ýokary derejesi hem-de ýakyn hyzmatdaşlyk bilen tapawutlanýar diýip, milli Liderimiz sebitde we dünýäde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanmak bilen belledi. 

Özara düşünişmek we ynanyşmak, işewür, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň Patyşasy döwletara hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdiler, uzakmöhletleýin geljegi nazarlap, türkmen-saud özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. 

Hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, söhbetdeşler dürli ugurlar boýunça iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek üçin netijeli mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdiler. Taraplar, şeýle hem ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösüşiniň durnukly häsiýetini bellediler. Muňa hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli geçirilýän özara saparlary hem-de dostlukly döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeler aýdyň subutnamadyr. 

Ikitaraplaýyn aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud bilelikdäki toparynyň işine möhüm orun berilýändigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň Patyşasy eksport-import mümkinçiligini artdyrmak, haryt dolanyşygyny köpeltmek we ykdysady aragatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, iki ýurduň degişli düzümleriniň wekilleriniň arasynda yzygiderli esasda duşuşyklary geçirmegiň maksadalaýykdygyny bellediler. 

Türkmenistan we Saud Arabystany Patyşalygy tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan dünýä döwletleriniň hataryna girmek bilen, ýangyç-energetika toplumynda döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, önümçilik, nebiti we gazy gaýtadan işlemek hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak ýaly ugurlarda özara gatnaşyk etmek üçin uly mümkinçiligiň açylýandygy nygtaldy. 

Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan pudaklarynyň hatarynda, şeýle hem himiýa senagaty we gurluşyk serişdeleri senagaty kesgitlenildi. Bu pudaklary ösdürmäge ýurtlaryň ikisi hem uly üns berýär. 

Taraplar ulag pudagyny döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde agzadylar. Iki dostlukly döwlet üçin halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri strategik ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, taraplar multimodal ulag düzümini döretmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda pikirlerini aýtdylar. 

Ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugry bolup durýar. Söhbetdeşler medeniýet, ylym, sungat ugurlary boýunça iki ýurduň we halkyň arasynda özara gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtap, iki halkyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek işinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň bähbidine tagalla etmegiň wajypdygyny bellediler. 

Duşuşygyň barşynda şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmäge we pugtalandyrmaga berýän uly ünsi üçin Saud Arabystanynyň Patyşasyna çuňňur minnetdarlyk bildirip, Onuň Alyjenaby, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdulaziz Al Saudy özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. 

Patyşa köşgünde ýokary derejedäki gepleşikler tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

Howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda sport babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Girdejiler üçin we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgyt tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa; Türkmenistandaky taslamalary maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Saud Ösüş Gaznasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Söwda we senagat babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Söwda we senagat ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Syýasy geňeşmelere degişli Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Bilim ministrliginiň arasynda ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Howa gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Emir Saud Al Faýsal adyndaky Diplomatiýany öwreniş institutynyň arasynda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekilýär. Şeýle hem Medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň arasynda Ýerine ýetiriş maksatnamasyna gol çekildi. Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Baştutany we Saud Arabystanynyň Patyşasy birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň we halkyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň öz mazmuny boýunça ýyl-ýyldan barha berkejekdigine we baýlaşjakdygyna ynam bildirdiler. 

Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni sapar wagtynda özi üçin bellenilen kabulhana  “Patyşa Saud” diýen Myhmanlar köşgüne tarap ugrady. 

Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň “Er-Riýad” gündelik neşiriniň wekiline interwýu berdi. Munuň özi dostlukly ýurduň ägirt uly okyjylar köpçüliginiň häzirki zaman Türkmenistana, onuň amala aşyrýan içeri we daşary syýasatyna we elbetde, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýetine örän uly gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. 

Soňra resmi däl ýagdaýda söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet Baştutanymyz saud köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň wekiline Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň halklarynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy-medeni umumylygy barada gürrüň berdi. Hususan-da, milli Liderimiz medeniýetleriň özara täsirine şaýatlyk edýän anyk mysallary getirdi, olar biziň ýurtlarymyzyň baý milli mirasynda öz beýanyny tapdy. 

Duşuşyk tamamlanandan soň, Saud Arabystany Patyşalygynyň “Er-Riýad” gazetiniň habarçysy Türkmenistanyň Prezidentine wagt tapyp, söhbetdeş bolandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ol diňe Türkmenistanyň däl-de, eýsem, Saud Arabystany Patyşalygynyň taryhy barada türkmen Lideriniň bilimine haýran galandygyny aýtdy. Žurnalist söhbetdeşligiň barşynda Merkezi Aziýa sebitinde häzir esasy orny eýeleýän döwletiň Lideri bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Baştutanynyň  milli, sebit we dünýä ösüşiniň möhüm meselelerini çözmäge täze, hemmetaraplaýyn çemeleşmäni teklip edýän täze döwrüň syýasatçysy bolup durýandygyna göz ýetirdi. Saud Arabystany Patyşalygynyň habar beriş serişdesiniň wekili pursatdan peýdalanyp, türkmen Liderine Türkmenistana gelip görmek hem-de häzir doganlyk ýurtda bolup geçýän oňyn özgerişlikleri öz gözleri bilen görmek üçin çakylygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Şeýle hem şu gün türkmen Lideri Saud Arabystany Patyşalygynyň goranmak, saglygy goraýyş, daşary işler, söwda we senagat, maliýe ministrleri, şeýle hem “SABIC” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyklary geçirdi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň birinji gününiň netijeleri boýunça Saud Arabystany Patyşalygynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki sapar taryhy bolup durýar, çünki ol döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açýar. 

Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň Patyşasy dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýakyn geljek üçin ikitaraplaýyn özara hereketleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary gepleşikleriň esasy meselesi boldy. 

Gepleşikleriň çäklerinde türkmen-saud hyzmatdaşlygyny onuň ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge, özara bähbitlere laýyk gelýän gatnaşyklaryň uly mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 

Dostlukly döwletiň DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistana ýakyn ýurt hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Ýurtlaryň ikisini-de özara hormat goýmagyň ýörelgeleri bilen häsiýetlenýän, diňe bir taryhyň we medeniýetiň umumylygy, ýygjam gatnaşyklar däl, eýsem, ägirt uly tebigy baýlyklarynyň bolmagy hem baglanyşdyrýar. 

Iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary türkmen Lideriniň resmi saparynyň birinji gününe ýokary baha berip, saparyň ikinji gününiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň iri kompaniýalaryň, abraýly maliýe guramalarynyň, şeýle hem ylmy-tehnologiýa pudagynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilendigini bellediler. Şol duşuşyklarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyrylar. 

Türkmen Lideriniň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary dowam edýär.





Hiç yorum yok:

Yorum Gönder