7 Mayıs 2016 Cumartesi

BMG-niň Gender Deňliginiň Meseleleri Boýunça Düzüminiň Wekilleri Bilen Duşuşyk

2016-njy ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen Türkmenistana gelen, BMG-Zenanlar düzüminiň Merkezi Aziýa üçin köpýurtlaýyn edarasynyň direktory hanym Ileýn Konkiýewiçiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

 Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar bütin dünýäde zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek işinde bilelikdäki maksatlara ygrarlylygy, gender deňligini üpjün etmek boýunça bar bolan serişdeleriň netijeli ýokarlandyrmagy bellediler we Türkmenistanyň BMG-Zenanlar düzüminiň Merkezi Aziýa üçin köpýurtlaýyn edarasy bilen hyzmatdaşlygynyň meselelerine seretdiler.  Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we Türkmenistanda hem-de tutuş Merkezi Aziýa sebitinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder