18 Mayıs 2016 Çarşamba

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy we polipropileni satyn aldylar. Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “B” kysymly karbamid (“Türkmenhimiýa” DK) boyunça geleşik baglaşdylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah matalaryň we ýüplükleriň dürli görnüşleri, pagta süýümi ýerlenildi. Olary Russiýadan, Niderlandlardan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 968 müň dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine russiýaly, türkiýeli, pakistanly telekeçiler jemi bahasy 6 million 232 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi we pagta soapstogynyň çig ýagly kislotasyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 984 müň manatdan gowrak awtoulagy satyn aldylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder