28 Mayıs 2016 Cumartesi

Aziýanyň Çempionatynyň Ilkinji Gününde Türkmen Samboçylary 23 Medal Gazandy

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň başa-baş söweş sungatlary toplumynda sambo boýunça Aziýanyň çempionatyna badalga berildi. Çempionat 17 ýurtdan 400 töweregi türgeni özünde jemleýär. Ýaryşyň ilkinji güni Türkmenistanly türgenler 23 medala— dokuz altyn, ýedi kümüş we ýedi bürünç medala eýe boldular. Bu bolsa ildeşlerimiziň umumy toparlaýyn hasapda birinji orna ynamly çykmagyny üpjün etdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Muhammet Kössekow, Sapa Sapaýew, Ahmet Taňryberdiýew, Çarymyrat Annagurbanow, Margarita Filippowa, Zöhre Mätreýimowa, Gülbahar Mätreýimowa, Dinara Jumadurdyýewa, hem-de Nilufar Muhiddinowa hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar. Maksatjan Öwlüýägulyýew, Mergen Joraýew, Göwher Atdaýewa, Dinara Hallyýewa, Ogulgerek Nurmedowa, Farida Mämmedowa hem-de Mähriban Gurbanowa kümüş medala mynasyp boldular. Alty Altyýew, Kuwwat Gurbanow, Nyýazmyrat Şahmyradow, Arslan Hojamämmedow, Begenç Annaýew, Kadyr Rejepgulyýew, Arslan Hojanyýazow bürünç medala eýe boldular.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder