29 Mayıs 2016 Pazar

Aziýa Çempionatynyň Final Tutluşyklary Türkmen Samboçylaryna Täze Altyn Medallary Getirdi

Aziýa çempionatynyň agşamky final tutluşyklarynda ilkinji bolup zenanlaryň arasynda 56 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän türkmenistanly Mähri Akmyradowa bilen özbegistanly Malikabon Mirzaýewa sport düşekçesine çykdylar. Çekeleşikli geçen tutluşykda 5:2 hasabynda özbek samboçysy ýeňiş gazandy.
Soňra sport sambosy boýunça final tutluşygynda Belek Barakanow (Gyrgyzstan) bilen Berdi Meretgeldiýew (Türkmenistan) güýç synanyşdylar. Bu tutluşykda türkmen türgeni 11:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.
Üçünji final tutluşygy söweş sambosy boýunça 52 kilogram agram derejesinde geçirildi. Onda Baglan Abdrazak (Gazagystan) bilen Rahmatjon Ahmedow (Özbegistan) duşuşdylar. Bu tutluşykda gazak türgeni möhletinden öň ýeňiş gazandy.

Zenanlaryň arasynda 68 kilograma çenli agram derejsinde Dildaş Kuryşbaýewa (Gazagystan) Mariýa Lohowany (Türkmenistan) ýeňdi.

Sport sambosy boýunça 82 kilograma çenli agram derejesinde, final tutluşygynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekili Tejen Tejenow bilen Farruh Jumaýew (Özbegistan) duşuşdylar. Ildeşimiz bu duşuşykda möhletinden öň 9:1 hasabynda owadan ýeňiş gazandy.

Soňra söweş sambosy bilen meşgullanýan türgenler sport düşekçesine çykdylar. 68 kilogram agram derejesinde, final tutluşygynda Zafar Allabergenow (Özbegistan) bilen Abdylla Babaýew güýç synanyşdylar. Gyzykly hem çekeleşikli geçen tutluşykda türkmen türgeni 6:1 hasabynda ýeňiş gazandy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder