25 Nisan 2016 Pazartesi

Üns Merkezinde Şaşka we Stol Üstünde Oýnalýan Tennisiň Ussatlary

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly şygar astynda geçýän sport biraýlygy dowam edýär. Bu giň göwrümli çärä bagyşlanan ýaryşlar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde batly depginlerde geçirilýär. Bu çäräniň çäklerinde Balkanabatda iňlis-amerikan şaşkasy boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň, Türkmenabatda bolsa stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýurdumyzyň birinjiliginiň ýeňijileri we baýrakly orny eýelän türgenleri kesgitlenildi.
Sport baradaky döwlet komiteti we Şaşka milli merkezi  tarapyndan guralan paýhas ýaryşlary ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan onlarça türgeni özünde jemledi. Ýaryşa gatnaşyjylar diňe bir medallar ugrunda däl-de, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine girmek üçin hem göreşdiler. Milli ýygyndymyz şu ýylyň tomsunda Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde geçiriljek iňlis-amerikan şaşkasy boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşda meşhur şaşkaçylar maşgalasy bolan balkanabatly doganlar Durdyýewler hormat münberini tutuşlygyna eýelediler. Doganlaryň iň körpesi 20 ýaşly sport ussady Maksat  Durdyýew 38 utuk toplap, birinji orny eýeledi. Halkara grossmeýsteri Bäşim Durdyýew hem şeýle netije görkezdi. Ýaryşyň düzgünine laýyklykda, şunuň ýaly ýagdaýda dalaşgärler biri-biri bilen 4 oýun geçirmek arkaly ýeňijini kesgitleýärler. Bu garşy durmakda Maksat özüniň has tejribeli  uly doganyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Üçünji orny halkara grossmeýsteri Bagtyýar Durdyýew eýeledi.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda hem Balkan welaýatynyň wekilleri medallaryň ähli toplumyny eýelemegi başardylar. Halkara grossmeýsteri Amangül Berdiýewa nobatdaky gezek altyn medala mynasyp boldy. Nusgawy iňlis-amerikan şaşkasy boýunça dünýäniň häzirki çempiony  Amangül 33 utuk toplap, sport ussatlygyna dalaşgär Orazsoltan Amanmyradowadan 5 utuk ozmagy başardy. Bürünç medala Altynaý Öwezowa mynasyp boldy.

Zenanlaryň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijisi A.Berdiýewa indi Rimde geçiriljek dünýä çempionatynda ýaryşyň nusgawy usuly boýunça dünýä çempiony diýen adyny gorar. Milli ýygyndymyzyň erkekler düzümi bolsa iňlis-amerikan şaşkasy boýunça bijeli başlangyç görnüşinde medallar ugrunda göreşer.  Bu görnüşde her oýunçynyň ilkinji üç göçümini kompýuter göçýär. Şeýle hem dünýä çemionatynda nusgawy  hem-de Türkmenistanyň ýygyndysynyň gatnaşmaşynda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda ýaryşlar hem geçiriler.

...Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça milli ýaryşlar Lebap welaýatynyň merkezinde ýerleşýän 7-nji sport mekdebinde geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 100-e golaý türgen gatnaşdy. Paýtagtymyzdan ýaryşa 2 topar gatnaşdy we olaryň ikisi hem umumy toparlaýyn hasapda ähli görnüşlerde diýen ýaly altyn medallary eýeläp, öňdäki üçlüge düşdüler.

Gyzlaryň arasynda aşgabatlylar ýekelikde we jübütleýin  görnüşlerde mümkin bolan alty medalyň altysyny hem eýelemegi başardylar. Wilena Malsewa (ýekelikde), Aýlar Mämmedowa we Meňli Durdyýewa (jübütleýin görnüşde) altyn medallara mynasyp boldular. Kümüş we bürünç baýraklary Mariýa Plotko, Ýekaterina Gromiskaýa we Aýlar Nurgeldiýewa eýelediler.

Garyşyk jübütler görnüşinde M.Durdyýewa  ýene bir altyn medaly gazanmagy başardy. Ol bu ýaryşda Dawut Ýakubow bilen bilelikde çykyş etdi. Dawuda ýekelikdäki bäsleşiklerde hem taý tapylmady. Ol finalda Balkan welaýatyndan Meýlis Kömekowy kynlyk bilen ýeňmegi başardy. Hormat münberiniň üçünji ornuna bolsa, aşgabatly Emir Garýagdyýew çykdy.

Diňe bir görnüşde, erkekleriň arasynda jübütleýin görnüşde paýtagtly kiçi tennisiň ussatlary ýeňiş gazanmagy başarmadylar. Bu görnüşde ýer eýeleri türkmenabatly Arslan Bäşimow  bilen Bagtyýar Şerbaýew final duşuşygynda M.Kömekow (Balkan) we D.Şaýmanow (Lebap) dagyny ýeňip, birinji orny eýelediler. Aşgabatly jübütler (D.Ýakubow, A.Nurgeldiýew) bürünç baýrak bilen kanagatlanmaly boldular.

Bu ýaryşlaryň netijesi boýunça iýul aýynda Russiýanyň Ýakutsk şäherinde geçiriljek “Aziýanyň çagalary” halkara sport oýunlarynda çykyş etmek üçin milli ýygyndymyzyň düzümi kesgitlener. Maý aýynyň ortalarynda bolsa, paýtagtymyzda on ýaşa çenli we ondan-da kiçi ýaşly körpeje türgenleriň stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça gözden geçiriliş ýaryşy bolar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder