25 Nisan 2016 Pazartesi

Ulag Ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň goldaw bermeginde “Koreýa Respublikasy Merkezi Aziýa” forumynyň çäklerinde guralan ulag, logistika we düzüm boýunça türkmen-koreýa maslahaty geçirildi.

Oňa ýurdumyzyň Ykdysadyýet we ösüş, Awtomobil we Demir ýol ulaglary, Energetika, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Koreýa Respublikasynyň ýer, düzüm we ulag ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýörite topar Aşgabada geldi. Onuň düzüminde Koreýanyň Awtoýollar korporasiýasynyň, Ulag institutynyň we “Hyundai Engineering Сo., Ltd”, “Daewoo International Сorporation”, “Doosan Heavy Industry” ýaly iri kompaniýalaryň wekilleri bar.

Mälim bolşy ýaly, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn Heniň 2014-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabada bolan döwlet saparynyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine kuwwatly itergi berildi. Şonda Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykalgasy bolan “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça ulag we logistik düzümini ösdürmegiň barşynda ulag ulgamynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Koreýa Respublikasynyň Prezident Pak Kyn Heniň “Ýewraziýa başlangyjyna”doly laýyk gelýän taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýany geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar. 

Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň aprelinde Seul şäherine bolan döwlet saparynyň barşynda bu pudakdaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda milli Liderimiz Türkmenistanyň birnäçe goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlykda “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlary boýunça ulag-üstaşyr we logistik düzümi boýunça köpşahaly ulgamy döredýär. Ol Hazar deňziniň, Gara we Baltika deňizleri basseýniniň sebitlerine çykýan ulag geçelgelerini öz içine alar. Munuň özi Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Merkez Aziýanyň çäginiň üstünden geçýän Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna oňaýly ýoly üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýakyn geljekde türkmen-koreýa gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bazarlara ulag gatnawlaryny üpjün etmek üçin ýük daşamak işleri babatdaky hyzmatdaşlygyň şertleri, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag gatnawlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri şu günki geçirilen maslahatyň esasy mowzuklarynyň birine öwrüldi.

Koreýaly bilermenler maslahatda çykyş etmek bilen, biziň ýurdumyzyň yklymyň häzirki döwürde kemala gelýän ulag ulgamyny, ýagny Beýik Ýüpek ýolunyň häzirkizaman görnüşini döretmekde möhüm orun eýeleýändigini aýtmak bilen, bu maslahatyň sebitde ulag gatnaşyklaryny ösdürmekde we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrülmelidigini bellediler. Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda oňa gatnaşyjlar sebitleýin hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar” syýasatynyň sebitleýin we ählumumy möçberde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi yklymyň söwda ýollarynyň möhüm çatrygyna öwrülmeginde ähli mümkinçilikleri üpjün edýär.

Gazagystan-Türkmenistan Eýran we Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýollary Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabatda we welaýatlarda gurulýan döwrebap howa menzilleri, ýokary tizlikli ulag ýollary, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili we häzirki döwürde ulanmaga berlen we gurluşygy dowam edýän desgalar halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm böleklerine öwürlerler.

Ýurdumyz Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy bolup durýar. Onuň esasy wezipesi Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde köp şahaly ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegine, sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, şol bir wagtyň özünde prahatçylygyň, durnukllygyň, howpsuzlygyň, ählumumy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen taslamalara tehniki taýdan goldaw bermekden we olara maýa goýum serişdelerini gönükdirmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, Merkezi Aziýadan günbatarlygyna ulag geçelgeleriniň döredilmegi Ýewraziýanyň ägirt uly dünýä ykdysady gatnaşyklaryny täze ugurlar boýunça baglanyşdyrmakda örän ähmiýetlidir.

Türkmen tarapynyň wekilleri “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” aýratyn ünsi çekdiler. Maksatnama laýyklykda, biziň ýurdumyz yklymüsti ykdysady köpri, Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman we Günorta-Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň merkezi hökmünde kesgitlenildi. Ulag hyzmatlary boýunça ykdysadyýetiň we ilatyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga ukyply ulag-aragatnaşyk toplumynyň çalt depginlerde ösdürilmegi bu uzakmöhletleýin maksatnamanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Maksatnamanyň esasy wezipeleri dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulmagy, milli düzümiň mundan beýläk-de giňeldilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Bu ugurda, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar meselesinde işjeň orun eýelemek bilen, Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary ýokary depginlerde durmuşa geçirmegi, sebitleýin we yklymlaýyn möçberde köpşahaly ulag düzüminiň kemala getirilmegine netijeli goşant goşmagy öňe sürýär.

Şeýle hem çäräniň barşynda ýurdumyzda döwrebap ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegine gönükdirilen iri möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda strategik gatnaşyklary durmuşa geçirmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Geçirilen duşuşygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hünärmenler we bilermenler Ýewraziýa yklymynda ulag gatnaşyklarynyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ulgamdaky özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň ählumumy ykdysady ösüş ýagdaýyna mundan beýläk-de goşulmagyna kuwwatly itergi berer we tutuş yklymyň ýurtlarynyň hem-de halklarynyň bähbidine maýa goýum serişdeleriniň akymyny, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üpjün eder. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder