28 Nisan 2016 Perşembe

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahal Welaýaty Boýunça Iş Sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy, onuň barşynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şu etrapda ýerleşýän Mebel toplumynyň açylyşyna gatnaşdy, şeýle hem Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjigindäki desgalarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak, şäherlerde hem-de obalarda raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin oňaýly şertleri döretmek   milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan  giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistanda kuwwatly ösüşe eýe bolan ýaşaýyş jaý gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde  gurlan we bina edilýän has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, tutuş ýaşaýyş jaý toplumlary munuň aýdyň subutnamasydyr.  Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň alamatyna öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn gol çeken Änew şäherinde 5 sany 4 gatly 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmäge we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmaga degişli Karary hem bu ulgamdaky wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligi desgalaryň buýrujysy,  “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşigi  bolsa potratçysy bolup çykyş edýär. Ine, şu gün döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda jemi 160 hojalyga niýetlenen  täze  ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna badalga berildi. 

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna, täze desgalaryň düýbüniň tutulýan ýerine gelýär. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, sebitiň giň jemgyýetçiliginiň wekilleri mähirli garşylaýarlar.

Milli  lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýar.  Däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň hormatly ýaşululary  milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy  duz-çörek bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyz olar bilen bolan söhbetdeşlikde ýaşulularyň jan saglygy, iş- aladalary bilen gyzyklandy. 

Milli Liderimiz döwletimiziň durmuş ugurly, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, şol sanda ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga  gönükdirilen syýasatynyň wajypdygyny nygtady. Şu gün Änewde birnäçe köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasydyr. 

Söhbetdeşligiň barşynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şol sanda obalary mundan beýläk-de özgertmek, halk hojalygynyň strategiki pudagy bolan obasenagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmak maksady bilen, bu pudagy döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmak ýaly meselelere, şeýle hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna degişli öňümizdäki möhüm wakalaryň käbirine deglip geçildi.     

Il sylagly ýaşulular hormatly Prezidentimize halkymyzyň abadançylygy, türkmenistanlylaryň  ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy  barada edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.

Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde mähriban Watanymyzy hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazly  çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. 

Bu ýerde  hödürlenen taslamalara laýyklykda, Änew şäherinde düýbi tutuljak her biri 4 gatly 32 öýli 5 sany ýaşaýyş jaýlarynyň her birinde ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutuldy. Binalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga öwrüler. Bu ýerde awtoduralga, köpçülik çärelerini, şol sanda däp bolan sadakalary hem-de maşgala dabaralaryny geçirmek üçin niýetlenen ýerler hem göz öňünde tutuldy. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle desgalaryň taslamalary düzülende hem-de gurlanda öňdebaryjy gazananlary, ýurdumyzyň we dünýäniň bu ulgamdaky iň gowy tejribesini giňden ornaşdyrmaga  aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagyny üpjün etmek üçin ähli zatlar göz öňünde tutulmalydyr. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary gurlanda, zerur bolan durmuş düzümini, ýaşaýjylaryň işjeň we peýdaly dynç almagy üçin ähli şertleri göz öňünde tutmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we jaýlaryň ýanaşyk ýerlerinde ýaşyl zolaklary döretmegiň, sport we çagalaryň oýun meýdançalaryny gurmagyň  wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň we desgalary ulanmaga bermegiň bellenen möhletlerini berjaý etmegiň möhümdigini nygtap, degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Dabaraly pursat gelip ýetýär: döwlet Baştutanymyz Änew şäheriniň körpe ýaşaýjylarynyň goşgy setirleri arkaly beýan eden haýyşyny ýerine ýetirip, şanly waka  mynasybetli ýadygärlik ýazgysyny galdyrýar we ony ýörite gutujyga ýerleşdirip, täze jaýyň düýbüniň tutulýan ýerine ugraýar. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz  gutujygy geljekki jaýyň binýadyna ýerleşdirip, betonyň ilkinji pillerini taşlaýar we binanyň gurluşygyna badalga berýär. Hormatly ýaşulular hem-de dabara gatnaşýan beýleki adamlar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerýärler. 

Soňra milli Liderimiz  ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere abadançylyk hem-de işlerinde üstünlik arzuw edýär we bu ýerden ugraýar.  

Soňra döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna ugrady. Milli Liderimiz ýol ugrunda oba hojalyk ekinlerini, şol sanda bugdaý meýdanlaryny synlady. Hormatly Prezidentimiz güýzlük bugdaýyň ýagdaýyna, galla oragyna taýýarlyk görmegiň barşynda agrotehniki çäreleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilişine üns berdi. 

Milli Liderimiz iş saparyny dowam edip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlan Mebel toplumyna tarap ugraýar. Bu ýerde, 50 gektar meýdanda şu ugur boýunça  önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşdirilen hususy kärhanalaryň 18-si ýerleşýär.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň işini höweslendirmegiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän   durmuş-ykdysady strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellemelidiris. Bu ugurda “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky”, “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky” Kanunlaryň kabul edilmegi möhüm ädim boldy. Hususy kärhanalar, telekeçiler, oba hojalyk önümlerini öndürijiler tarapyndan amala aşyrylýan taslamalar babatda ýeňillikli karzlaryň girizilmegi hem-de salgyt ulgamynda has amatly ýagdaýyň  üpjün edilmegi we eksport-import amallarynyň ýeňilleşdirilmegi hem möhüm orun eýeledi.

Häzirki döwürde ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmak, ýurdumyzda haryt hem-de azyk bolçulygyny döretmek boýunça wezipeleri  çözmekde telekeçilige möhüm orun degişlidir. Täze taryhy eýýamda hususy ulgamyň wekilleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşup, dürli pudaklarda--senagat, gurluşyk, oba hojalygy, syýahatçylyk, söwda, durmuş hyzmaty ulgamlarynda üstünlikli işleýärler we şunda iň gowy işewürlik häsiýetlerini görkezýärler.

Türkmen telekeçileri we hususy kärhanalar içerki alyjylaryň isleglerini kanagatlandyryp, eksport ugurly önümleri öndürmek babatda uly tejribe topladylar. Häzir Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara derejesindäki çärelere işjeň gatnaşýarlar, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňelmegine ýardam edýär. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýtagtymyzda her ýyl  guralýan sergisi milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň gazanan üstünlikleriniň, kuwwatynyň hem-de mümkinçilikleriniň gözden geçirilişi bolup durýar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty hem guralýar. Mundan başga-da, türkmen işewürleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän dürli pudaklaýyn we işewürler forumlaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Mysal üçin, olaryň önümleri Aşgabatda geçirilen Halkara mebel we hojalyk harytlarynyň sergisinde hem-de Halkara gurluşyk sergisinde görkezildi.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça hem-de Ahal welaýatynyň  senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakyndaky Kararyna laýyklykda, Ak bugdaý etrabynda uly Mebel toplumynyň gurluşygy üçin  ýer bölünip berildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň tagallalary bilen gysga wagtyň içinde  bu ýerde ýokary hilli mebelleri we beýleki degişli önümleriň köp görnüşini öndürýän  köp ugurly, importuň ornuny tutýan, eksport ugurly döwrebap önümçilik döredildi.  Onuň düzümine “Türkmen mebel”, “Çigildem”, “Şahym-şa”, “Alp Arslan”, “Tehnika we mebel”, “Bahar mebel”, “Türkmen şöhle”, “Ak penjire”, “Daş”, “Iňňe” hususy kärhanalary, “Bäş çynar”, “Kümüş käriz”, “Ak ýaýla” hojalyk jemgyýetleri hem-de ýurdumyzyň telekeçileri A.Ataýewiň, B.Döwletgylyjowyň, M.Gurtmämmedowyň, S.Aşyralyýewiň, M.Amannazarowanyň  kärhanalary girýär. Olaryň ählisi Ýewropa ýurtlarynda öndürilen öňdebaryjy tehnologiki enjamlar bilen üpjün edildi. Bu toplumyň işe girizilmegi bilen täze iş orunlarynyň 800-e golaýy döredilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  awtoulagy Mebel toplumynyň golaýynda saklanýar, bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döwlet Baştutanymyzy  bu ýerde dabara gatnaşyjylar, şol sanda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de agzalary mähirli garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. 

Medeniýet we sungat ussatlarynyň  çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew bilen söhbetdeş boldy. Ol hormatly Prezidentimize hususy ulgamy ýakyndan goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze Mebel toplumy, onuň kuwwaty, işiniň  esasy ugurlary we aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Önümçilik binalary gurlanda, bu ýerde gymmat bolmadyk, ýeňil we berk gurnawlaryň ulanylandygy bellärliklidir. Munuň özi kärhananyň gurluşygynyň ep-esli arzan bolmagyny üpjün edip, çykarylýan önümleriň nyrh babatda bäsdeşlige ukyplylygyny şertlendirdi. 

Şu babatdaky gürrüň maliýe-ykdysady ulgama gözegçilik edýän wise-premýer B.Hojamämmedowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň mebel önümçiliginiň ösdürilmegi bu önüme bolan islegiň 60 göterimine golaýyny kanagatlandyrýar. Munuň özi bu önümlere bolan umumybazar nyrhlarynyň peselmegine ýardam edýär. Çaklanylyşy ýaly, toplumyň taslamada göz öňünde tutulan kuwwatlylygyna çykmagy bilen, özümizde öndürilýän önümler daşary ýurtlardan getirilýän mebelleriň 90 göteriminiň ornuny tutar. Türkmen telekeçileri geljekde gymmat bahaly agaçlardan naýbaşy mebelleri çykarmagy göz öňünde tutýarlar. Hormatly Prezidentimiz beýan edilen maglumaty kanagatlanma bilen kabul edip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine içerki bazary dürli mebel önümleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda başlanan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

Şunuň bilen birlikde, milli halyçylyk pudagynda hem öňegidişlikler  duýulýar. Bu barada hormatly Prezidentimize wise-premýer B.Ereşow habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň   tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bazardaky ýagdaýy, içerki we daşarky bazarlarda bu önümlere bolan islegler nazara alnyp, degişli çäreler görüldi. Munuň özi bolsa anyk netijeleri berdi. 
 
Milli Liderimiz “Türkmen mebel” kärhanasynyň önümçilik binasyna barýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, täze desgany açýar. 

Milli Liderimiz önümçilik bölümine baryp, onuň  enjamlaşdyrylyşy, kärhananyň işiniň guralyşy hem-de bu ýerde öndürilýän önümler bilen tanyşýar. “Türkmen mebel” öý üçin mebelleri-diwarlyk, ýatakhana we aşhana garniturlaryny,  şifonýerleri hem-de edara mebellerini, hususan-da, şkaflary we dürli görnüşli stollary öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Önümleri taýýarlamak üçin mebel işinde giňden ulanylýan döwrebap serişdelerden peýdalanylýar. Önümleriň bezegini bolsa kärhananyň hünärmenleri işläp taýýarlaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz tanyşlygyň barşynda bu ýerde ornaşdyrylan enjamlar, önümçiligiň tehnologiýalary we aýratynlyklary, çykarylýan mebelleriň görnüşleri bilen gyzyklanyp, olaryň hiline aýratyn üns berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda türkmen telekeçileri bu pudakda uly üstünliklere eýe boldular we olaryň öndürýän mebelleri ýurdumyzyň alyjylarynda uly islegden peýdalanýar. Raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has  ýokarlanmagy olaryň ýokary hilli mebellere islegleriniň artmagyny şertlendirdi. 

Şeýlelikde, hususy ugurdaş önümçilikleriň özboluşly topluma birleşdirilmegi ýurdumyzyň halkara ölçeglerine laýyk  gelýän hem-de daşary ýurtlarda öndürilýän şeýle önümlerden birjik-de pes durmaýan mebel önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, täze önümçilik toplumynyň döredilmegi geljekde onuň eksport ugrunda ösmegini üpjün eder. Munuň özi bolsa milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de diwersifikasiýa ugry bilen ösdürilmegine ýardam eder. 

Şol pursat bölümde sazlaşykly iş dowam edýärdi. Bu ýerde oňat taýýarlykly hünärmenler-öz işiniň hakyky ussatlary zähmet çekýärler. Döwlet Baştutanymyz önümçilik işi bilen tanyşlygyň barşynda durmuşda ulanylýan taýýar mebelleriň ilkinji nusgalaryny, şol sanda ýatakhanalar üçin niýetlenen mebelleri, hususan-da, çagalar krowatlaryny hem-de edara mebellerini gözden geçirýär. Soňra hormatly Prezidentimiz gerek bolan serişdeleri kesmek hem-de ýüzüni örtmek üçin enjamlaryň işi bilen gyzyklanýar. Şol serişdelerden bolsa taýýar önümler ýygnalýar. Milli Liderimize ýörite kompýuter tehnologiýasynyň mümkinçilikleri hem görkezildi. Onuň kömegi bilen mebeliň ýüzüne islendik suraty, mysal üçin, atyň şekilini çekmek bolýar. 

Bölümiň çäginde ýurdumyzyň mebel ulgamynyň iri wekilleriniň biri bolan “Aýbölek” hususy kärhanasynyň sergisi hem guraldy. Bu kärhananyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, bu önümçiligiň işi, çykarýan önümleri we geljekki meýilnamalary barada gürrüň berdi. “Aýbölegiň” ýokary hilli önümleri ýurdumyzda uly islegden peýdalanýar, şeýle hem daşary ýurtlarda olara ýokary baha berildi. Kärhana degişli baýraklaryň hem-de diplomlaryň, şol sanda halkara baýraklarynyň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Kärhananyň hünärmenleri öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň özleşdirip, olary iş ýüzünde üstünlikli ulanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň,  şol sanda “Gadamy batly bedew” atly täze kitabynyň bu ýerde görkezilen uly nusgasy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

“Aýbölegiň” işiniň ugurlarynyň hatarynda aýnany senagat taýdan işlemek, onuň howpsuz görnüşlerini (taplanan we köp gatlakly aýnany) öndürmek, dürli öwüşginli gurnawlary ornaşdyrmak, aýna mebellerini çykarmak işlerini görkezmek bolar. Ýörite wideorolikde has berk aýnanyň artykmaçlyklary  görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimine Aziada-2017-ä bagyşlanan mahabat plakatlary üçin şeýle aýnany ulanmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Olary köçeleriň ugrunda, ýaryşlary alyp görkezmek üçin niýetlenen monitorlaryň golaýynda ornaşdyrmak maksadalaýyk bolar. 

Döwlet Baştutanymyz ýatakhana mebeliniň nusgalaryny gözden geçirip we ýassyklaryň bezegi hökmünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlarynyň ulanylandygyna üns berip, şeýle mebelleriň Olimpiýa şäherjiginiň ýaşaýyş otaglarynda goýlup bilinjekdigini belledi. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, degişli wise-premýere Oýunlaryň alawy bilen amala aşyryljak atly ýörişe badalga bermäge taýýarlyk görmäge degişli, hususan-da, bu deňi-taýy bolmadyk çäräniň ugrunyň başlanjak ýerinde Aziada-2017-niň nyşanlary ýerleşdirilen bannerleri ornaşdyrmaga degişli anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmen mebel” kärhanasynyň önümçilik binasyndan çykyp, Mebel toplumynyň kärhanalarynda we beýleki hususy önümçiliklerde çykarylýan önümleriň sergisini synlady. Bu ýerde öý we edaralar, saglygy goraýyş hem-de bilim edaralary, mekdepler we çagalar baglary üçin mebelleriň nusgalary görkezildi. Mundan başga-da, hödürlenen önümleriň sanawynda aýnalar we gapylar, bezeg önümleri, metaldan hem-de plastmassadan ýasalan dürli önümler bar. 

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen “Abraýly önüm” hususy kärhanasynyň  önümleri bilen tanyşdy. Kärhananyň ýolbaşçysy onuň enjamlaşdyrylyşy we bu ýerde öndürilýän önümler barada gürrüň berdi. Milli Liderimiz bu önümler bilen tanşyp, häzirki döwürde uly islegden peýdalanýan mebelleriň bezeg işlerinde milli ýörelgeleri ulanmagy we olary häzirki zamanyň  ösen isleglerine laýyk getirmegi tabşyrdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Teka tehnik-Türkmen mebel” hojalyk jemgyýetiniň önümleri hem-de olary  öndürmekde ulanylýan serişdeler bilen tanyşdyryldy. Habar berlişi ýaly, alyjylaryň isleglerini öwrenmäge aýratyn üns berilýän kärhanada buýrujynyň islegi boýunça mebelleriň dürli görnüşlerini çykarmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Döwlet Baştutanymyz  mebel önümçiliginde ýerli şertlerden, halkyň isleginden we ýurdumyzyň tebigy – howa aýratynlyklaryndan ugur alynmalydygyny belläp, bu babatda kärhananyň adyna birnäçe maslahatlary aýtdy we degişli tabşyryklary berdi. 

Telekeçi A.Ataýew özüniň äpişge-gapylary ýasamakda, aýna öndürmekde iş alyp barýandygyny aýdyp, mundan başga-da, edaralar üçin zerur bolan mebelleri öndürýändigi barada habar berdi we taýýarlan önümleri, olaryň hil derejesi bilen hormatly Prezidentimizi tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, ýüz görülýän aýnalar, mebelleriň aýna-gapylary öndürilýär, olara dürli nagyşlar çekilýär. Bu işleriň hemmesi kompýuter arkaly amala aşyrylýar.  

Milli Liderimiz bu önümleriň aýratynlygy, olaryň hil derejesi bilen içgin gyzyklanyp, olaryň önümçiliginde ulanylýan tehnologiýalary yzygiderli täzeläp durmagyň, şunlukda, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän mebelleri öndürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Sergi bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu günki çärä gatnaşýan harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ünsüni gözegçilik edýän düzümleri üçin bu ýerde zerur mebelleriň bardygyna çekdi we geljekde mebel önümçiliginde işleýän telekeçiler bilen düzümleriň mebel üpjünçiligi babatda sazlaşykly işlemeginiň maksada laýyk boljakdygyny belledi. 

“Söwütli mebel” hususy kärhanasynyň öndüren mebellerinde ulanylýan çig mal serişdeleri, olaryň hil derejesi hem-de mebelleriň bezeg aýratynlyklary barada kärhananyň ýolbaşçysy gürrüň berdi.  Milli Liderimiz bu ýerde öndürilýän mebelleriň aýratynlyklary bilen  gyzyklanyp, işewüre mebel önümçiliginde täzeçil usullary ornaşdyrmak, olaryň görnüşlerini artdyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz “Rysgal mebel” hususy kärhanasynyň önümleriniň görnüşleri we häsiýetnamalary bilen tanyşdy. Kärhananyň ýolbaşçysy mebelleriň bezeg işlerinde ulanylýan tehnologik enjamlar, olaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagy ugrunda işlenip taýýarlanylan iş tertipnamasy barada gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyz mebel önümçiliginde çig mal serişdelerine möhüm ornuň degişlidigini belläp, olaryň ýokary hilli bolmagy, çig mal serişdeleriniň seçilip alynmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmegi babatda işewüre birnäçe tabşyryklary berdi. 

Telekeçi B.Döwletgylyjow öz kärhanasynyň önümleri bilen tanyşdyryp, döwrebap tehnologiýalary hem-de işläp taýýarlamalary ulanmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Mysal hökmünde işewür islendik agajyň ýüzüne oýup çekilýän şekiller,  olaryň aýratynlyklary we öndürilýän mebeliň görnüşine, reňkine laýyk görnüşde şekillendirilýän bezegler barada gürrüň berdi. Şeýle hem telekeçi özüniň binalaryň içki we daşky bezeginde ulanylýan serişdeler, dürli örtükler hem-de demir önümleri we olaryň hil derejesi hakynda habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz bu usulyň hem-de döwrebap serişdeleriň paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk we bezeg işlerinde ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowa ýurdumyzyň telekeçileri bilen bilelikde bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. 

“Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän plastmassa önümleri, gündelik durmuşda ulanylýan harytlar, şeýle hem plastik çaga oýnawaçlary ykjamlygy hem-de bezeg aýratynlygy bilen bada-bat ünsüňi çekýär. Milli Liderimiz bu önümler, olaryň hili hem-de häsiýetnamalary bilen içgin gyzyklanyp, hususan-da, häzirki wagtda daşary ýurtlarda öndürilýän önümlerden birjik-de  pes durmaýan şeýle önümlere bolan islegleri doly kanagatlandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän ekologiýa taýdan howpsuz oýnawaçlaryň körpe türkmenistanlylaryň göwnünden turjakdygyny we olaryň sazlaşykly ösmegine ýardam etjekdigini belledi. 

“Daş” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza öndürilýän köp görnüşli mebeller, şol sanda aşhana mebelleri barada gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen önümleriň aýratynlyklary bilen tanşyp, bu önümleri bezemekde milli bezegleri, hususan-da, haly gölleriniň şekillerini  ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy. 

Soňra milli Liderimiz “Iňňe” hususy kärhanasynyň öndürýän önümlerini synlady. Bu kärhananyň işgärleri halkyň sarp edýän harytlaryny, äpişge-gapylary öndürmek bilen meşgullanýarlar. Bellenilişi ýaly, kärhananyň işgärleri gelip gowuşýan buýurmalara laýyklykda, dürli görnüşdäki we dürli ölçegdäki äpişge-gapylary, diwarlyk serişdeleri öndürýärler. Döwlet Baştutanymyz bu önümleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň döwrüň baş talabydygyny aýdyp, önümleriň halkyň ösen islegine laýyk gelmelidigini aýratyn belledi.  

Soňra hormatly Prezidentimiz “Alp Arslan” hususy kärhanasynyň öndüren mebelleri we mebel önümleri bilen tanyşdy. Bu kärhananyň işgärleri birnäçe çig mal serişdelerini ulanmak arkaly edara binalary, ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenen gapylaryň örän köp görnüşlerini taýýarlaýarlar. Döwlet Baştutanymyz dürli serişdelerden öndürilýän bu önümleri synlap, olaryň görnüşlerini artdyrmak, bezeg işlerinde milli ýörelgelere üns bermek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

“Ak ýaýla” hojalyk jemgyýeti aşhanada ulanylýan mebelleri we halkymyzyň gündelik durmuşda sarp edýän harytlaryny öndürýär. Bu ýerde görkezilen önümler ykjamlygy, göze gelüwliligi bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiz bu ýerde görkezilen önümleri içgin synlap, halkyň sarp edýän harytlarynyň ýokary hilli bolmagy, olary adamlaryň uzak wagtlap ulanyp bilmekleri üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak we önümçilikde  ösen tehnologiýalary ulanmak wezipelerini netijeli çözmegiň wajypdygyny nygtady.  

“Çigildem” hususy kärhanasy bolsa, edara binalary, iş otaglary we ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenen mebelleri öndürýär. Onuň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, kärhananyň işgärleri Türkmenistanda ilkinji gezek tebigy gaz hem-de elektrik energiýasy bilen işleýän aşhana plitalaryny öndürip başlady. Hormatly Prezidentimiz görkezilen plitany synlap, onuň  hil derejesine ýokary baha berdi. Milli Liderimiz gündelik durmuşda ulanylýan bu tehnikalaryň ulanmak üçin örän amatly, ygtybarly hem-de howpsuz bolmagy häzirki döwrüň möhüm talabydygyny aýratyn belledi we bu babatda işewüre birnäçe tabşyryklary, hususan-da, täze plitalaryň nusgalaryny işläp taýýarlamakda milli tagamlary taýýarlamagyň aýratynlyklaryny nazara almak babatda görkezmeleri berdi. 

Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň wekilleri hemmetaraplaýyn goldaw üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň  özlerine bildiren ynamyny ödemek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mebel toplumynyň açylyşyna gatnaşmagy hem milli Liderimiziň hususy telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz binanyň daşyna çykyp, “Şahym-şa” hususy kärhanasynyň öndüren önümleri bilen tanyşdy. Şol önümleriň arasynda metal önümler we metal gurnamalar, turbalar,  üçek örtüginde ulanylýan serişdeler, hususan-da, çerepisalar we beýlekiler bar. Kärhananyň ýolbaşçysy özleriniň öndürýän önümleri, olaryň görnüşleri we ulanylyşy barada gürrüň berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda möhüm orun eýeleýän telekeçileriň öndürýän önümleriniň halkyň ösen islegine laýyk gelmegi, olaryň ýokary hilli bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu babatda öňde durýan wezipelere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz  ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan desgalary, binalary  enjamlaşdyrmakda ýurdumyzyň telekeçileriniň öndüren mebelleriniň we beýleki harytlarynyň ulanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ýurdumyzda durmuş-medeni maksatly desgalaryň, edara binalarynyň we beýleki maksatly desgalaryň, täze döwrebap obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynyň giň gerimde ýaýbaňlandyrylandygyny nazara almak bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň mebel önümçiligini işjeňleşdirmek, öýleriň hem-de edara binalarynyň we beýleki desgalaryň bezegleri üçin çykarylýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin hem giň mümkinçilikler açylýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri bu geljegi uly pudagy okgunly özleşdirmek bilen alyjylara ýumşak we beýleki mebelleriň dürli görnüşlerini, şol sanda şahsy buýurmalar boýunça taýýarlanan “lýuks” derejeli mebelleri, çagalar üçin niýetlenen hem-de ýöriteleşdirilen mebel önümlerini hem-de ugurdaş önümleri  hödürleýärler. 

Mahlasy, Türkmenistanyň hususy telekeçiliginiň wekilleriniň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda täze önümçilikleri guramak bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri çözüp biljekdigini ynam bilen aýtmak bolar. Mebel pudagynda işleýän türkmen telekeçileri ýörite sergilere hem-de işewürler maslahatlaryna yzygiderli gatnaşmak üçin alyjylar bazaryny we onuň aýratynlyklaryny içgin öwrenýärler,  öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini özleşdirýärler hem-de täze işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrýarlar. Munuň özi bolsa olaryň önümlerine islegleriň barha artmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda  öndürilen, öý üçin niýetlenen mebeller we harytlar daşary ýurtlarda öndürilen önümler bilen üstünlikli bäsleşýär. Olaryň baha babatda bäsdeşlige ukyplylygy, şahsy buýurmalar boýunça mebelleri we beýleki ugurdaş önümleri gysga möhletde taýýarlamak mümkinçiligi hem möhüm şertleriň biri bolup durýar.  

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan hem-de milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň okgunly ösüşiniň ýene-de bir aýdyň nyşanyna öwrülen döwrebap kärhanalar toplumy mebel hem-de halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini hil taýdan täze sepgitlere çykarmakda möhüm orun eýelemelidir.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, ýurdumyzyň telekeçilerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady. 

Şu iş saparynyň barşynda milli Liderimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy we beýlekiler garşyladylar.   

Wise-premýer S.Toýlyýew we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýew bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Aziada-2017-niň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli guralmagy meýilleşdirilen dabaraly atly ýörişe taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdiler. 

Bellenilişi ýaly, ýokary derejeli hem-de giň möçberli yklym ýaryşlarynyň barşynda talabalaýyk hyzmaty üpjün etmek babatda degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Taýýarlyk  işleriniň  häzirki tapgyry hem-de geçirilýän çäreleriň anyk tertibi meýilleşdirilen işleriň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň anyk ugurlary kesgitlendi.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew ýörite taýýarlanylan çyzgylaryň, taslamalaryň üsti bilen Olimpiýa şäherjiginde gurluşygy alnyp barylýan desgalar, olaryň bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy, binalaryň gurluşygynyň hiliniň üpjün edilişi barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we görkezilen çyzgylar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz  Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejesindäki ýaryşlaryň guralýan merkezine öwrülmeginde Olimpiýa şäherjiginiň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şäherjikde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde bezeg we abadanlaşdyryş işleriniň bellenilen tertipden yza galýandygyna ünsi çekip, bu ugurda ýerine ýetirilýän işlere nägilelik bildirdi hem-de işleriň depginini güýçlendirmek boýunça degişli ýolbaşçylardan zerur tagallalary görmegi talap etdi. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hem hemişe gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyny belläp, wise-premýerden bu babatda ýerine ýetirilýän işler bilen baglanyşykly meselelere ünsi güýçlendirmegi berk talap etdi. 

Wise-premýer G.Mämmedowa Aziada-2017-niň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli guraljak dabaraly çäreleriň medeni maksatnamasy barada aýdyp, dabaraly atly ýörişiň geçirilýän ugrunda guralmagy meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler, olaryň geçiriljek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda geçirilýän dabaralaryň häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işleri üpjün edilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  türkmen sportunyň dünýä derejesine çykarylmagy ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini belläp, V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyzda döwrebap sport düzüminiň ösdürilmeginde, türgenlerimiziň ussatlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagynda has-da ähmiýetlidigini aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, Aziada-2017-niň çäklerinde we oňa taýýarlyk görmegiň barşynda guralýan çäreleriň örän täsirli hem-de ýatda galyjy bolmagy ugrunda ähli zerur tagallalar görülmelidir, bu babatda öňde durýan wezipelere hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz  V Aziýa oýunlarynyň taýýarlyk derejesi bilen bir hatarda, onuň mahabat işine hem aýratyn üns berilmelidigini, teleýaýlymlarda we paýtagtymyzyň köçelerinde oturdylan monitorlarda Aziada-2017-niň mahabatlandyrylyşyna degişli  wideoşekilleriň taýýarlanylmalydygyna aýratyn ünsi çekdi. 

Soňra Olimpiýa şäherjiginde gurulýan we gurluşygy tamamlanan desgalar bilen tanyşlygyň barşynda meýilleşdirilen desgalaryň köpüsinde gurluşyk işleriniň doly tamamlanandygy bellenildi, monorels boýunça gatnawy amala aşyrýan otlular, şäherjigiň birnäçe suw çüwdürimleri herekete girizilipdir.  Döwlet Baştutanymyz bu desgalaryň gurluşygynyň hil derejesinde, olaryň bezeg işlerinde käbir kemçilikleriň bardygyny aýdyp, olary gyssagly düzetmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz ýaş türgenleriň höweslendirilmegi hem-de goldanylmagy, öz işine ussat ýokary hünärli tälimçileriň taýýarlanylmagy babatda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, türkmen sportunyň dünýä derejesindäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagy ugrunda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallasynyň zerurdygyny nygtady. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň möçberli Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna az wagtyň galandygyny belläp, bu ýerde guraljak halkara sport çäreleriniň, bu ýaryşlarda türkmen türgenleriniň uly üstünliklere eýe bolmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy we degişli ýolbaşçylara bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder