27 Nisan 2016 Çarşamba

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde 5 sany 4 gatly 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşigi bilen şertnamany tölegleri Gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitlemegiň tertibine laýyklykda hakyky çykdajylar boýunça tölemek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2016-njy ýylyň maý aýynda başlamak we ýaşaýyş jaýlaryny 2018-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder