25 Nisan 2016 Pazartesi

Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» Kompaniýasynyň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. 

Myhman türkmen döwletiniň Baştutanyny Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň şanyna türkmen paýtagtynda geçirilýän dabaralara ýokary baha berýändigini aýtdy. Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň batly depginler bilen ösýän, dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilip, uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýandygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmekde we pugtalandyrmakda daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ysnyşykly işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň ileri tutulýan wezipe bolup durýandygyny tassyklady. 

Duşuşygyň barşynda dürli pudaklar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň göwrümli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde, şol sanda Türkmenistanda ösdürilmegine uly üns berilýän nebitgaz we gurluşyk ulgamy boýunça täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. 

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda möhüm ähmiýete eýe bolan sport ulgamy, hususan-da, welosiped sporty söhbetdeşligiň aýratyn ugry boldy. Bu babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze döwrebap welotrekde welosport boýunça iri halkara ýaryşlaryny Türkmenistanda geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Makarow birek-birege mähirli arzuwlary aýdyp, özara bähbitleri we uzak ýyllaryň dowamynda bilelikde işlemegiň oňyn tejribesini nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder