11 Nisan 2016 Pazartesi

Türkmen Suwda Ýüzüjileriniň Üstünlikleri

Golaýda Birleşem Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýetginjekleriň we ulularyň arasynda geçen halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly üstünlik gazandylar. Ildeşlerimiz ol ýaryşda 14 medala -5 altyn, 7 kümüş we 2 bürünç medala mynasyp boldular.

Ýaryşa dünýäniň 37 ýurdundan 1000 töweregi suwda ýüzüji gatnaşdy. Ýygyndymyzyň düzüminde 2003-2004-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda üç gezek hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykan Musa Jalaýewiň gazanan üstünligini aýratyn bellemek gerek. Oňa 50, 100 we 200 metr aralyklara arkanlygyna ýüzmek boýunça taý gelen bolmady. 

16-ýaşa çenli toparda çykyş eden Dariýa Semenowa Türkmenistanyň sport üstünligine iki altyn medal gazanmak bilen uly goşant goşdy. Ol bras usulynda ýüzmek boýunça 100 we 200 metr aralyklarda pellehana birinji bolup geldi. D. Semenowa 50 metr aralyga ýüzmek boýunça bürünç medala hem mynasyp boldy.

Şol ýaş toparynda Berdi Saparow bras usulynda 50, 100 we 200 metr aralyklara ýüzmekde  kümüş medallaryň üçüsine mynasyp boldy. 50 we 200 metr aralyklara erkin usulda ýüzmek boýunça ýaryşlarda çykyş eden Ilýa Klýubçenko ýene iki sany kümüş medaly eýeledi. 50 metr aralyga batterflýaý  usulynda ýüzmekde bolsa ol hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Merdan Ataýew ýene iki kümüş medaly gazandy. Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII tomusky Aziýa oýunlarynyň final ýüzüşlerine gatnaşan bu türgen özüniň "gowy görýän" görnüşlerinde 50 we 100 metr aralyklara arkanlygyna ýüzmekde tapawutlandy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder