28 Nisan 2016 Perşembe

Türkmen Hemrasy-Häzirki Zaman Telearagatnaşyk Ulgamynyň Ösüşiniň Alamaty

Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň möhüm wakasy bolan Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 520E” ilkinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň uçurylmagy we işläp başlamagy ýurdumyzda telearagatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berip, ýaýlyma beriş, aragatnaşyk we internet ulgamlarynda häzirki zaman hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň buýurmasy boýunça “Thales Alenia Space” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan enjam 2015-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrynda ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnundan “Falcon 9” hemra göteriji arkaly älem giňişligine çykaryldy. 

Şonda, Aşgabat şäheri bilen ABŞ-nyň “Space X” kompaniýasynyň uçuş meýdançasynyň arasynda geçirilen teleköpriniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow äleme ilkinji türkmen emeli aragatnaşyk hemrasynyň çykarylmagynyň Türkmenistanyň dünýäniň hemra aragatnaşyk ulgamyna girmegini alamatlandyran Garaşsyz Watanymyz üçin taryhy wakadygyny nygtady. 

Geçen ýylyň maý aýynyň ortasynda biziň hemramyz öz orbital orny bolan gündogar uzaklygynyň 52-nji gradusyna bardy. Synag işleri tamamlanandan soň, tutuş hemra enjamyndan maglumatlar we barlag ölçegleri bellenilen tertipde gelip gowşup başlady hem-de Türkmenistanyň hemrany dolandyryş merkezinde hasaba alynýar. Merkeziň hünärmenleri daşary ýurtlaryň degişli merkezlerinde okuw geçip, tejribe topladylar. Taýýarlanylan tehniki işgärler we operatorlar hemra ulgamynyň ýagdaýyna hemişe gözegçilik edýärler. Ol milli telewideniýäniň ýaýlymlaryny ýaýlyma bermekden başga-da, daşary ýurtlaryň teleýaýlymlarynyň birnäçesini hem ýaýlyma bermäge girişdi. 

Türkmen milli aragatnaşyk hemrasynyň hyzmatlaryny ýola goýmak maksady bilen, “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan daşary ýurt kompaniýalarynyň 70-den gowragyna täjirçilik teklipleri iberildi. Mundan başga-da, “TürkmenÄlem 520E” emeli hemrasyna ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän daşary ýurt we ýerli kompaniýalaryň 9-synyň 30 sany aragatnaşyk nokady berkidildi. Olar VSAT hemra aragatnaşygynyň hyzmatlaryny hödürleýär. 

Monako Knýazlygynyň “Space Systems International-Monaco” kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, “TürkmenÄlem 520E” üsti bilen milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň uzakmöhletleýin kärendesine berlen transponderleriň 12-siniň antennasy arkaly arap telewizion ýaýlymlarynyň 8-si ýaýlyma goýberildi. Ýakyn geljekde transponderleriň ýene-de 3-sini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Daşary ýurt teleýaýlymlarynyň ýene-de birnäçesini ýaýlyma bermegiň synag tapgyry alnyp barylýar.

Şonuň bilen birlikde, Ýewraziýa ýurtlarynda täjirçilik işleri bilen meşgullanýan iri operatorlar bilen hemra hyzmatlaryndan peýdalanmak barada gepleşikler dowam edýär.  

Hemra antennalarynyň täsir ediş zolagy Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň onlarça döwletlerini öz içine alýar. Hemranyň ýerleşişi Ýewropanyň we Aziýanyň ýaýlymlaryny ýaýlyma bermekde Türkmenistana üstaşyr ýurt hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, maglumatlar eýýamyna gadam basan dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşi bilen deň gadam urmak üçin ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek, şol sanda maglumat tehnologiýalarynyň ýokary derejesini, telearagatnaşygyň ösen ulgamyny üpjün etmek talap edilýär.

Şoňa görä-de, halkara ölçegleriniň ýokary derejesine laýyk gelýän Türkmenistanyň hemra aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň taryhynda täze eýýamy açýar, ýurdumyzyň dünýäde  abraýynyň pugtalanmagyna ýardam eder hem-de Türkmenstanyň Merkezi Aziýa sebitinde diňe bir möhüm baglanyşdyryjy halka hökmünde has-da ösmeginiň däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasynda möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde-de ösmeginiň kesgitleýji ugurlarynyň birine öwrüler. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň işgärleri Türkmenistanyň tutuş hemra aragatnaşyk ulgamynyň sazlaşykly işlemegini üpjün edýärler hem-de ýurdumyzyň kosmos pudagynyň öňünde geljekki ösüşler üçin açylýan täze mümkinçilikleri yzygiderli özleşdirýärler. 

Bu gün Türkmenistanda köpugurly ykdysadyýet kemala gelýär, senagat diwersifikasiýalaşdyrylýar, öňdebaryjy ylmy tehnologiýalara esaslanan täzeden-täze gaýtadan işleýän kärhanalar hem-de tutuş pudaklar döredilýär, bilim we ylym ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady hil taýdan döwrebaplaşdyrylýar, internet-serişdelerinden peýdalanýanlaryň sany artýar.   

Şular bilen birlikde, halk hojalygynyň dürli edaralarynyň arasynda, içerki korporatiw ulgamlarda maglumatlaryň dürli görnüşlerini ibermegiň möçberleri hem yzygiderli ýokarlanýar, umumy telearagatnaşyk düzüminiň geçirijilik ukybyny giňeltmegiň, aragatnaşygyň ýerüsti serişdeleri bilen birleşdirilmedik, biri-birinden uzak aralykda, ýerlerde ýerleşenleriň arasynda maglumatlary tiz we ýokary hilli ibermegi üpjün etmegiň zerurlygy artýar.

Şu maksatlar bilen Türkmenistan ikinji hemrany uçurmagy meýilleşdirýär. Onuň işlemegi döwleti senagat we ylmy-tehnologiýa taýdan ösdürmäge ýardam berer. Milli telearagatnaşyk ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi hem-de onuň ýeke-täk maglumat giňişligine ýakynlaşmagy maglumatlary ibermek üçin iň täze tehnologiýalary, aragatnaşygyň giňişleýin hem-de multimediýa hyzmatlaryny ornaşdyrmaga, ýurduň üstaşyr telearagatnaşyk kuwwatyny artdyrmaga,  Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlarda uly maglumat akymlaryny üpjün etmek boýunça halkara çatryk hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telearagatnaşyk ulgamynyň depginli ösdürilmegine Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, ähli babatda onuň halkara aragatnaşyklaryny berkitmegiň kesgitleýji strategiki ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berýär. 







Hiç yorum yok:

Yorum Gönder