22 Nisan 2016 Cuma

Prezidentimiz Permana Gol Çekdi

1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 71 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasy 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 71 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi. 



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder