11 Nisan 2016 Pazartesi

Kikboksçularyň Täze Medallary

Biziň türgenlerimiz öz janköýerlerini dünýä derejesinde gepçirilýän ýaryşlarda gazanýan netijeleri bilen begendirýärler. Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda türkmen suwda ýüzüjileri Dubaýda (BAE) dürli derejeli medallaryň 14-sine mynasyp boldul. Indi bolsa Türkiýäniň Antaliýa şäherinden hoş habar gelip gowuşdy. Bu ýerde kikboksing boýunça iri halkara ýaryşy boldy. Bu ýaryş Türkmenistanyň sportda gazanan üstünlikleriniň üstüni ýene-de 6 baýrak—iki altyn, bir kümüş we üç bürünç medal bilen ýetirdi.

Ýaryşa 20 töweregi ýurtdan 150-den gowrak kikboksçy gatnaşdy. Olar bu söweş sungatynyň birnäçe görnüşi boýunça bäsleşdiler. Ildeşlerimiz iki görnüşde—«lou-kik» we «ful-kontakt» görnüşlerinde tapawutlandylar.

60 kilograma çenli agram derejesinde Pygy Sylabow we 67 kilograma çenli agram derejesinde Merdan Mämmedow hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy başardylar. 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Şöhrat Ýagmyrow kümüş medala mynasyp boldy. Hudaýguly Kömekow (54 kg. çenli agram derejesinde), Berdi Bekmyradow (75 kg. çenli agram derejesinde) hem-de Allamyrat Annamyradow (86 kg. çenli agram derejesinde) bolsa bürünç medaly eýelediler.

Ýeňijilerimiz hem-de baýrakly orunlary eýelän türgenlerimiz Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň toplumlaýyn sport mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Aleksandr Snagowskiden, Rejep Hojamämmedowdan, Salyh Mamekowdan, Halmyrat Izmaýlowdan tälim alýarlar.

Kikboksçularymyzyň dürli halkara ýaryşlarynda yzygiderli ýokary netijeleri görkezmegi olaryň, geljek ýylyň sentýabrynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem özlerini iň gowy tarapdan görkezjekdiklerine ynam döredýär.

Ýeri gelende aýtsak, soňky birnäçe ýylyň dowamynda biziň kikboksçylarymyz yklym hem-de dünýä derejesinde geçirilýän ähli ýaryşlarda baýraklara eýe blolýarlar. Mundan başga-da, bary-ýogy iki hepde mundan ozal olar Rigada (Latwiýa) gepçirilen halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, Watanymyza alty altyn we bir kümüş medal bilen dolandylar. Bu netije biziň ýygyndy toparymyzyň umumytoparlaýyn bäsleşikde birinji ýere düşmegini üpjün etdi. Türkiýede geçirilen bäsleşikde gazanylan nobatdaky üstünlik türkmen kikboksçylar mekdebiniň dünýä derejesinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini alamatlandyrýar. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy maý aýynyň 12-sinden 15-ne çenli Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek kikboksing boýunça dünýä kubogy ugrundaky ýaryşa ykjam taýýarlyk görýär. Biziň göreşejilerimiziň bu jogapkärli ýaryşda hem ýeňiş gazanmagyna garaşýarys.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder