3 Nisan 2016 Pazar

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen  awtobenzini,  garylan parafin galyndysyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” DK-inde öndürilen tehniki ýody satyn aldylar. Bulardan başga-da,  daşary ýurt puluna  arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük ýerlenildi. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi  bahasy ABŞ-nyň 8 million 829 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Hytaýyň,  Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 2 million 121 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi we sarja goýunlarynyň ýüňüni satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 321 müň manatdan gowrak bolan awtoulagy satyn aldylar.
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder