22 Nisan 2016 Cuma

Behişdi Bedewler Uzak Aralyga Bäsleşýärler

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýanynda-- Köpetdagyň eteginde Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan däp bolan marafon çapyşygy geçirildi. Ony “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Milli atçylyk sporty merkezi bilelikde gurady.

Marafon ýaryşynyň öň ýanynda türgenlere we tomaşaçylara, bu ýere ýygnanan daşary ýurtly myhmanlara belli türkmen aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar görkezildi. Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, ýaryşyň Estoniýadan gelen baş emini Kaýdo Rusett 25 çapyksuwary meýdança çagyrdy we ýaryşlara badalga berdi.

Marafon çapyşygynyň umumy uzynlygy 60 kilometr bolup, olarda aralyk pellehanalar goýuldy. Çapyşyk mahalynda bedewlere lukmançylyk gözegçiligi geçirildi. Onuň netijeleri boýunça alnan görkezijileriň halkara kadalaryna laýyk gelmegi zerur bolup durýar. Bedewler diňe bir ýokary tizligini görkezmek bilen çäklenmän, çydamlylygyny hem subut etdiler. Munuň özi ahalteke bedewlerine bu aralygy ýokary görkezijiler bilen jemlemäge mümkinçilik berdi.

Marafonyň ýeňijileri Türkmen bedewiniň baýramçylyk gününde, ýagny 24-nji aprelde yglan ediler. Ýurdumyzda bedew baýramçylygynyň giňden bellenilýän gününde Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda 21-nji aprelde geçiriljek konkur bäsleşikleriniň hem jemleri jemleniler we baýrak eýeleri yglan ediler.

Mälim bolşy ýaly, sportuň bu görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Şol sebäpli hem päsgelçiliklerden geçmek boýunça şu gezekki bäsleşikler badalga berilmegine br ýarym ýyla golaý wagt galan Aziada-2017-ä taýýarlygyň möhüm tapgyryny alamatlandyrýar.

2014-nji ýylyň ýazynda Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda ýapyk maneži bolan Okuw merkeziniň açylandygyny bellemeli. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan we milli atşynaslyk däpleriniň dikeldilmegine, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, ussat çapyksuwarlaryň taýýarlygyna, konkuryň we atçylyk sportunyň beýleki görnüşleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. 

Konkur boýunça bäsleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar dürli beýiklikdäki we çylşyrymly päsgelçilikleriň onusyndan geçmeli bolarlar. Onuň kadasyna laýyklykda kesgitlenen wagtda bir päsgelçilikden iki gezekde hem geçip bilmedik çapyksuwar medallar ugrundaky ýaryşlary dowam etdirmekden çykarylýar. Biziň çapyksuwarlarymyzyň öz ussatlygyny görkezip, üstünlikli çykyş etjekdigine ynanýarys. 

23-nji aprelde, Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk sport toplumynda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi geçiriler. Onda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bolan we dürli eýeçilikdäki bedewleriň onlarçasy öz gözelliklerini, nepsiligini görkezerler. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder