22 Nisan 2016 Cuma

Atçylyk Boýunça Halkara Sergi-Ýarmarkasy we Maslahaty Tamamlandy

Paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilen Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýsçilik sungaty” atly VIII Halkara ylmy maslahaty tamamlandy.

Ýewropanyň we Aziýanyň, Demirgazyk hem-de Günorta Amerikanyň dünýä belli atçylyk ulgamynyň wekilleri, ýüzlerçe myhmanlar ajaýyp ahalteke bedewleriniň şanyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler. Sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar dünýäde iň ýyndam, çydamly we örän owadan hem-de gelşikli atlary ösdürip ýetişdirmek boýunça türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan tejribesine halkara bileleşiginiň ägirt uly gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan gözden geçiriliş ýurdumyzyň arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak,  atçylyk sporty ýaly sazlaşykly ösýän ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli  hyzmatdaşlygy giňeltmegiň dürli ugurlaryny açyp görkezdi.  

Sergi we ylmy maslahat atçylyk assosiasiýalarynyň, iri tohumçylyk zawodlarynyň, aýlawlaryň, weterinar bölümleriň, enjamlary, at esbaplaryny, bedew iýmlerini öndürijileriň hünärmenlerini hem-de bilermenlerini, gurluşyk we  kompaniýalaryň wekillerini, belli alymlary, suratkeşleri, atçylyk ulgamynyň dürli ugurlarynda iş alyp barýan işewürleri bir ýere jemledi. Bularyň hatarynda  ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklara we atçylyk sport toplumlaryny, aýlawlary öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmäge, pudak üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna gatnaşýan hyzmatdaşlar bar. Olar Germaniýanyň “Röwer & Rüb”, Beýik Britaniýanyň “Martin Collins”, Fransiýanyň “Fornells Horse Rasing”, Italiýanyň “Berninzo”, Türkiýäniň “Berda Inşaat”, “Bekpinar Rasel Eguipments” we beýlekiler ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarydyr. 

Bölümlerde   atlar üçin esbaplaryň giň toplumy, bedewlere ideg etmek boýunça dürli görnüşdäki enjamlar, çapyksuwarlar üçin lybaslar we pudakda giňden ulanylýan beýleki serişdeler görkezilýär.

Polşanyň “Partynice”, Fransiýanyň “Studio Delarogue”, Çehiýanyň “Mikyfarm”, Uragwaýyň “Mikrosules”, Wengriýanyň “Cavalliera international”, Germaniýanyň “Alicento”, Hytaýyň “Zifa”, Mongoliýanyň “Union of Mongolian artists” ýaly kompaniýalary we beýlekiler bedewleri köpeltmegiň we seýislemegiň milli ýörelgeleri boýunça tejribe alyşmak, medeni däpleri özara baýlaşdyrmak, şol sanda atçylyga degişli gözden geçirilişleri, ýaryşlary guramak hem-de olaryň çeperçilik bezegi, auksionlary geçirmäge, terapiýa we weterinariýa babatdaky hyzmatlary ýerine ýetirmek, dürli iýmleriň önümçiligi ýaly meseleler babatda öz işlerini görkezdiler. 

Türkmen bölümleri özboluşly bezegi we özüne çekijiligi bilen myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň zehinli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, küýzegärleriniň, zergärleriniň, halyçylarynyň işlerini bellemeli. Olar öz ajaýyp sungatynyň üsti bilen halkymyzyň ahalteke bedewlerine bolan söýgüsini we sarpasyny beýan etdi. 

Serginiň we maslahatyň baş maksady diňe bir atşynaslyk ulgamyndaky milli tejribelere ünsi çekmekden, ahalteke tohumyndaky atlary giňden wagyz etmekden ybarat bolman, eýsem, ýurdumyzyň atçylyk pudagyna täze tehnologiýalry işjeň çekmegi-de nazarlaýar.

Halkara ylmy maslahatynda atçylygyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek,  tohumçylyk-seçgi işini alyp barmakda täze çemeleşmeleri girizmek we arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara bäsleşiklerini guramak  ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Zootehnika, weterinariýa, dünýä atçylyk ulgamynyň geljegi, pudak üçin hünärmenleri taýýarlamak ýaly meseleler hem ünsden düşürilmedi. 

Forumyň barşynda oňa gatnaşyjylar we sergä gelen myhmanlar türkmen halkynyň ahalteke bedewleri aýratyn orun eýeleýän medeniýeti, taryhy we däp-dessurlary, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanan ykdysady görkezijileri we durmuş ulgamynyň ösüşi  bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. 

Halkara sergi-ýarmarkasynyň hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Çärelere gatnaşyjylar  atçylyk pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ähmiýeti bolan,  türkmen atşynaslarynyň  daşary ýurtly kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn meýdança öwrülen şeýle forumlara gatnaşmaga,  türkmen halkynyň we tutuş dünýä medeniýetiniň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerine gadyr goýýan hünärmenler bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilik tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

  




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder