30 Nisan 2016 Cumartesi

Türkmenistan Suratlary 161

Türkmenistan Suratlary 161










http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=3201

Türkmenistan we Hytaý Gelejekde Hyzmatdaşlygy Ösdürmegiň Meselelerine Seretdiler

2016-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň Daşary howpsuzlyk meseleleri boýunça Departamentiniň başlygy j-p Lýu Guanýuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Dürli derejelerdäki işjeň köpmeýilli we ulgamlaýyn syýasy gepleşikleri aýratyn häsiýeti bolup durýanTürkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi barada aýdyp, taraplar ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli çygyrlardaky strategiki häsiýetini bellediler.

Duşuşygyň çarçuwasynda ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça pikirler alyşylyp, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny geljekde işjeňleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi. Taraplaryň howpsuzlyk meseleleri boýunça hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige gyzyklanmalary bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hytaý tarapy Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi, howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek ugrundaky halkara başlangyçlaryna ygrarlylygyny beýan etdi.

Bu meseläni dowam edip, taraplar ýurdumyzyň halkara gurşawyndaky, hususan hem, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çarçuwasyndaky işjeňligini aýratyn bellediler.



Duşuşygyň ahyrynda taraplar tejribeleri alyşmaga, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen özarabähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny beýan etdiler. 
 


Ýyldyz Myhmanhanasy

Ýyldyz Myhmanhanasy
Türkmen paýtagtynda nobatdaky kaşaň myhmanhana - “Ýyldyz” peýda boldy. Onuň daşky keşbi myhmanhananyň aýratynlygy bolup, belent bina öz görnüşi bilen asmana uçmakçy bolýan ägirt uly älem gämisini ýadyňa salýar.


http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=4122

Türkmenistan Suratlary 160

Türkmenistan Suratlary 160










http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=3190

Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystana Resmi Sapary Başlanar

1-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary başlanýar. 

Geçiriljek ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Liderleri özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň ençemesini hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar. 

Milli Liderimiz hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde Saud Arabystany Patyşalygy bilen döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň bu döwlet bilen mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny belledi. Şol hyzmatdaşlygyň öňünde bolsa giň mümkinçilikler açylýar. 

Döwlet Baştutanymyz ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, olaryň okgunly ösýän döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyr boljakdygyna, däp bolan özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklara kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly düzümleriniň ugry boýunça türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşýän ýagdaýynda pugtalandyrylýandygy bellärliklidir. Şol ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň daşary syýasat doktrinasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklaryň soňky ýyllarda işjeňleşmegi Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky häzirki gatnaşyklaryň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde ilkinji daşary ýurt saparyny 2007-nji ýylyň aprel aýynda hut şu ýurda amala aşyrmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Bu dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistanda geçirilýän bilelikdäki işewürler maslahatlaryna, halkara sergilere we söwda ýarmarkalaryna gatnaşmagy saud işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanmasynyň artýandygyny tassyklaýar. Milli Liderimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin amatly ýagdaýlar döredildi. 

Taraplaryň bellemegine görä, işewür gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmekde hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemekde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Bu toparyň dördünji mejlisi şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirildi. 

Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge-de möhüm ähmiýet berýärler, munuň özi iki doganlyk halkyň arasyndaky dostluk köprülerini pugtalandyrmaga ýardam edýär. 

Nobatdaky ýokary derejedäki duşuşyga ykjam taýýarlyk görlendigini bellemek gerek. Saparyň öňüsyrasynda, 17—19-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda boldy, şol ýerde möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Olarda iki doganlyk ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň agzalary Saud Arabystany Patyşalygynyň Saud ösüş gaznasynyň ýolbaşçylary hem-de Yslam ösüş banky bilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, “Arabian Pipes” we “Amiantit” kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdylar hem-de olaryň kärhanalaryna baryp gördüler. 

Er-Riadda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berer hem-de ýola goýlan netijeli syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen has netijeli çäreleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer. 

Garaşylyşy ýaly, geljegi uly ugurlara, hususan-da, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag ulgamlaryna aýratyn üns berler. Durnukly ulag we energetika düzümini döretmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ikisi hem bu pudaklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. 

Mälim bolşy ýaly, Saud Arabystany şu geçen ýyllaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyny hem-de milli Liderimiziň möhüm halkara başlangyçlaryny, şol sanda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky başlangyçlaryny goldap gelýär. Türkmen tarapynyň başyny başlan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslama hem şu wezipäni çözmäge gönükdirilendir. 

Şunuň bilen baglylykda, saud hyzmatdaşlaryny — iri kompaniýalaryny we abraýly maliýe düzümlerini nebit we gaz himiýa senagatyndaky täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, gazy we nebiti gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmaga gurluşyk serişdeleri senagatynda hem-de “Demirgazyk — Günorta” we “Günbatar — Gündogar” halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegini nazara almak bilen, ulag ulgamynda amala aşyrylýan taslamalara çekmek mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi bolar. 

Gol çekmäge taýýarlanylýan resminamalaryň toplumy hem iki ýurduň özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugruna eýerýändiklerine şaýatlyk edýär. Şol resminamalar bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ep-esli giňelder we ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ählisini yzygiderli durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döreder. Şeýlelikde, iki dostlukly döwletiň geljekki gatnaşyklarynyň esasy ugurlary kesgitlener we berkidiler. Ýurtlaryň ikisi hem ähli ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem-de häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäge çalyşýar.
 


Aşgabat Sambo Boýunça Aziýa Çempionatyny Kabul Etmäge Taýýarlyk Görýär

Şu hepde ýurdumyzyň durmuşy sport wakalaryna baý boldy. Olaryň hatarynda Derweze – Yzgant ugry boýunça awtoralli, şaýbaly hokkeý boýunça 2015-2016-njy ýyllaryň Türkmenistanyň çempionatynyň final duşuşyklary, şeýle hem nusgawy we söweş sambosy boýunça Aziýanyň çempionatynyň öňüsyrasynda iş toparynyň mejlisi aýratyn orun eýeleýär. Bu çempionat maý aýynyň ahyrynda Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungaty sport toplumynda geçiriler.

Sambo boýunça şeýle giň möçberli ýaryşlar türkmen paýtagtynda ilkinji gezek guralar. Halkara synag ýaryşynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi wajypdyr, çünki geljek ýyl Aşgabatda Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy samboçylary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde medallar ugrunda göreşerler.

Iş toparynyň mejlisine Sport baradaky döwlet komitetiniň, Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň, Milli olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekilleri hem-de esasy türgenler we tälimçiler, žurnalistler gatnaşdylar. 

Söweş sungaty federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi  Ata Adaýew häzirki güne çenli Aziýanyň çempionatyna eýýäm 13 ýurduň gatnaşmaga isleg bildirýändigini hem-de ýurdumyzyň sport guramasynyň adyna degişli resminamalary iberendigini habar berdi. Ýöne ýakyn günlerde olaryň sany ep-esli artar, çünki döwletleriň birnäçesi bu ýaryşlara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler. 

Halkara ýaryşlarynyň netijeleriniň görkezişi ýaly, türkmen samboçylarynyň  taýýarlyk derejesi örän ýokarydyr. Mysal üçin, geçen aýda Russiýanyň Moskwa şäherinde dünýäniň Kubogynyň tapgyry geçirildi. Şol ýaryşlarda ildeşlerimiz bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular. Netijede, olar söweş ugry boýunça ýaryşlarda umumytopar hasapda ikinji ýeri eýelediler. 

Ýaryş tamamlanandan soň, şol iş toparynyň wekilleri ýene-de bir synag ýaryşyny guramaga taýýarlyk görerler – iýun aýynyň üçünji ongünlüginde guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionaty geçiriler. Sportuň bu görnüşi hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Onuň netijeleri ýygyndy toparymyzyň  Aziada-2017-ä taýýarlygynyň derejesini aýdyňlyk bilen görkezer. 

... Garaşylyşy ýaly, “Galkan” topary şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň III çempionatynyň ýeňijisi boldy. Allaýar Baýramowyň şägirtleri oýunlaryň jemleýji tapgyrynda (üç ýeňşe çenli) “Şir” toparyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňmegi başaryp, bassyr üçünji gezek sportuň şu görnüşi boýunça ýurdumyzda iň gowy ussatlardygyny subut etdiler. Bürünç medal ugrundaky duşuşyklaryň tapgyrynda “Nesil” topary şeýle hasap bilen “Oguzhan” toparyndan üstün çykdy. 

Geçen ýylyň dekabrynda badalga alan ýurdumyzyň çempionatyna alty topar gatnaşdy. Olar ýarym final tapgyryna çykmak ugrunda göreşdiler. Final oýunlaryň tapgyrynyň tertibiniň milli ýaryşlaryň düzgünnamasyna ilkinji gezek girizilendigini bellemek gerek. 

Çempionatyň  oýun böleginden başga-da, ýeňijilere baýrakly orunlara mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasyna hem üýtgetmeler girizildi – oňa täze ugurlar goşuldy. Mysal üçin, “Galkanyň” hüjümçisi Baýram Hydyrow “Iň sypaýy oýunçy” baýragyna mynasyp boldy, “Şir” toparynyň derwezebany Yhlas Yslamow “Ýylyň açyşy” diýlip yglan edildi, ýaryşyň guramaçylary “Nesil” toparynyň derwezebany Bahadur Bazarowy “Iň peýdaly oýunçy” hökmünde ykrar etdiler. 

Nusgawy ugurlarda ýörite baýraklar şu hokkeýçilere: “Iň gowy hüjümçiniň” baýragy Pirmämmet Gylyçmämmedowa (“Nesil”) gowşuryldy. Ol garşydaşlarynyň derwezesine 40-dan gowrak şaýba geçirip, “Iň köp şaýba geçiren” oýunçy boldy. Ewald Gaýer (“Nesil”) “Iň gowy goragçy”, Kerimli Çaryýew bolsa (“Galkan”) “Iň gowy derwezeban” diýlip yglan edildi. 

Häzirki wagtda ýeňijiler 26-28-nji maý aralygynda Latwiýanyň paýtagty Riga şäherinde geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga taýýarlyk görýärler.  Türkmenistanlylar Russiýanyň, Şwesiýanyň, Finlýandiýanyň, Çehiýanyň, Norwegiýanyň, Belarusuň we beýleki ýurtlaryň meşhur toparlary bilen bäsleşmäge oňat mümkinçilik alarlar. 

Türkmenistanyň şu çempionatynyň netijeleri boýunça milli ýygyndy topary  dörediler. Bu topar ýakyn wagtda halkara sport giňişligine çykar. 

... Däbe öwrülen Derweze – Yzgant awtorallisine meşhur “Mitsubisi” we “Nissan” awtoulaglarynyň sekiz ekipažy gatnaşdy. Ýaryşa gatnaşyjylar Garagum çölüniň çägeli ýollaryndan ýüzlerçe kilometri geçdiler.

Awtomobil sport federasiýasy hem-de Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan ýaryşlaryň barşynda ekipažlaryň hemmesi pellehana üstünlikli geldiler. Birinji ýere Muhammetmyrat Gurbanowyň (sürüji) hem-de Şamyrat Gurbanowyň (şturman) ekipažy mynasyp boldy. Kümüş medallary Gurban Daňatarow we Rafail Gaýnulin eýelediler. Üçünji ýere Begnazar Nurýagdyýew hem-de Hoşgeldi Döwletow mynasyp boldular. Türgenleriň ählisi Awtomobil sport federasiýasynyň wekilleridir. 

Birinji maýda Içeri işler ministrliginiň Awtosport merkezinde awto we motosport boýunça IIM-niň Kubogy ugrunda ýaryşlar geçiriler. Oňa gatnaşyjylar üç görnüşde – dwigateliniň göwrümi 125 kub santimetre barabar bolan “Halkara” derejeli kartlarda hem-de “Volkicar” sport maşynlarynda we kwadrosikllerde medallar ugrunda bäsleşerler. 
 


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Esenmyrat Orazgeldiýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Rejep Bazarow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edilip bellenildi.     

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bäşimow Kerim Yslamowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri  üçin, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, etrapda işleri talabalaýyk guramakda ýol beren kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi Gurbanow Ýazmuhammede berk käýinç yglan edildi. 

*** 

“Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 33-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar kabul etdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Mary welaýatynyň 99-njy “Kemine” saýlaw okrugy boýunça deputaty Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýewiň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi wezipesine bellenilmegi bilen baglanyşykly, onuň deputatlyk ygtyýarlyklary möhletinden öň, 2016-njy ýylyň 29-njy aprelinden ýatyrylan diýlip hasap edildi.

***

“Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 33-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar kabul etdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Mary welaýatynyň 103-nji “Zarpçy” saýlaw okrugy boýunça deputaty Rejep Bazarowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilmegi bilen baglanyşykly, onuň deputatlyk ygtyýarlyklary möhletinden öň, 2016-njy ýylyň 29-njy aprelinden ýatyrylan diýlip hasap edildi.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Göçme Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda Ahal welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, onuň barşynda Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmäge, halkymyzyň, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine garaljakdygyny habar berdi. Şeýle hem ýurdumyzda kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda, welaýaty ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna seredildi, welaýatyň we onuň şäherleriniň, etraplarynyň ýerine ýetiren we alyp barýan işleri baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de olaryň işine baha berildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, pederlerimiziň gadymy däplerine eýerilip, sebitiň ilaty bilen bu möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak çözgüdine gelindi. Şunuň bilen baglylykda, göçme mejlise Ahal welaýatynyň ähli şäherleriniň we etraplarynyň wekilleri çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşýanlara ýüzlenip, indi 25 ýyl bäri garaşsyz döwletimiziň öz saýlap alan ýoly bilen barýandygyny nygtady. Şu döwürde ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilendigi, uly üstünlikleriň gazanylandygy bellenildi. Ilatymyzyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Güneşli Diýarymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, döwrebap obalar we şäherçeler döreýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäheri barha gözelleşýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere beslenýändigini we onuň halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny alamatlandyrdy. Özygtyýarly Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň üç sany komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy onuň aýdyň subutnamasydyr. Bir söz bilen aýdylanda, Garaşsyz,  Bitarap Türkmenistan ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. 

Mejlisiň gün tertibiniň esasy bölümine geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk ýyllarynda Ahal welaýatynda hem uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Welaýatyň ykdysadyýeti ösdi, ilatyň hal-ýagdaýy gowulandy. Diňe 2008–2015-nji ýyllarda welaýatda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň 40-sy, orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 90-sy guruldy. Medeniýet öýleriniň 18-si, sport mekdepleriniň we desgalarynyň 29-sy, umumy meýdany 1 million 34 müň inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.

Uzynlygy 2050 kilometr bolan suw geçirijiler, 1176 kilometr bolan awtomobil ýollary, 2175 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgamlar işe girizildi. Häzirki döwürde welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, medeni-durmuş maksatly 20 desga gurulýar. Ak bugdaý etrabynyň “Gäwers” geňeşliginde ähli amatlyklary bolan döwrebap şäherçäniň, Derweze etrabynda täze obanyň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. 

Oba ilatynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýaş maşgalalary goldamak maksady bilen, ýörite karar esasynda welaýatlarda mellek ýer gaznasy döredildi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şol gaznadan häzire çenli Ahal welaýatynda 29 müň 260 maşgala mellek ýerleri berildi. 

Emma, gazanylan üstünliklere garamazdan, entek welaýatda alnyp barylýan işlerde köp sanly kemçilikler hem bar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Ahal welaýatyny ösdürmäge biz uly üns berýäris. Welaýat paýtagtymyza golaý ýerleşýär. Şoňa görä-de, welaýatyň we onuň etraplarynyň ýolbaşçylaryna bildirilýän talap hem ýokary bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewe söz berdi. Ol Ahal welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda ýyladyşhana hojalygyny ösdürmek, täze ýyladyşhanalary gurmak we ozal bar bolanlarynda netijeli işleri amala aşyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde birnäçe kemçilikleriň bardygy ýüze çykaryldy. 

Soňra Ahal welaýatynyň ähli künjeklerinde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada ýurdumyzyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjow hasabat berdi. Ol etraplarda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde, ekerançylyk meýdanlarynda we beýleki düzümlerde alnyp barylýan işleriň birnäçesinde köpsanly kemçilikleriň ýüze çykarylandygy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol  sanda Ahal welaýatynda hem halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda alnyp barylýan işler boýunça seljermeleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Baş prokuroryna we Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna ýerlerde alnyp barylýan işlerde barlaglary geçirmek, emele gelen ýagdaýy jikme-jik seljermek hem-de durmuşa geçirilýän çäreleri yzygiderli gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi H.Aşyrowa söz berildi. Ol häzirki döwürde etrapda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginleriniň pesdigini, ýollaryň ýagdaýyna seredilmeýändigini, obalara awtobuslaryň kadaly gatnamaýandygyny aýdyp, etrapda alnyp barylýan işleriň netijelerine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ak bugdaý etrabynyň häkimi H.Aşyrowy etrapda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy we degişli resminama gol çekdi.

Altyn asyr etrabynyň häkimi G.Orazmämmedow öz gezeginde etrabyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri boýunça hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz etrapda maýa goýumlaryň ýaramaz özleşdirilýändigini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, arassa agyz suwy, aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjünçiliginiň ýaramazdygyny aýdyp, häkimiň bu babatda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça hiç hili çäre görmändigini belledi. Hormatly Pezidentimiz G.Orazmämmedowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Altyn asyr etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. 

Soňra Babadaýhan etrabynyň häkimi G.Baýgeldiýew etrabyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz  G.Baýgeldiýewi başga işe geçýändigi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyp degişli resminama gol çekdi.

Soňra Baharly etrabynyň häkimi M.Porhanowa söz berildi. Ol  etrapda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz bu etrapda işleriň ýagdaýyna tankydy belligini aýdyp, M.Porhanowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Baharly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Gökdepe etrabynyň häkimi Ý.Gurbanow öz gezeginde etrapda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, dürli maksatly binalary gurmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işleri guramakda ýol beren kemçilikleri üçin, Gökdepe etrabynyň häkimi Ý.Gurbanowa berk käýinç yglan etdi.

Soňra Kaka etrabynyň häkimi D.Hezretgulyýew häzirki döwürde etrapda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Kaka etrabynyň ilatynyň köpüsiniň elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün edilmeýändigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu babatda we beýleki köpsanly kemçilikleri üçin häkimiň işine nägilelik bildirip,  ýol berlen kemçilikleri düzetmek barada tagalla etmändigi hem-de işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, D.Hezretgulyýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Sarahs etrabynyň häkimi O.Nurlyýew öz gezeginde häzirki döwürde etrapda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy  barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz etrapda ýyladyşhana gurmak barada alada edilmeýändigini, oba ýollarynyň köpüsine aswalt düşelmändigini  belledi. Hormatly Prezidentimiz bular we beýleki köpsanly kemçiliklere ýol berendigi, olary düzetmek boýunça zerur tagallalary etmändigi hem-de işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, O.Nurlyýewi Sarahs etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. 

Tejen etrabynyň häkimi K.Rejebow etrapda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, etrapda ekin dolanyşygynyň talabalaýyk ýola goýulmaýandygyny, zeýkeşleriň arassalanmaýandygyny, şorlan ýerlere ýuwuş suwunyň berilmeýändigi üçin häkime nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz etrabyň dürli ulgamlarynda birnäçe kemçilikleriň ýüze çykarylandygy hem-de işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, K.Rejebowy Tejen etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. 

Soňra Tejen şäheriniň häkimi K.Orazberdiýew şäheri abadanlaşdyrmak, köçeleri abatlamak we olaryň arasssaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Pezidentimiz binalary düýpli abatlamak we abadanlaşdyrmak üçin goýberilen serişdeleriň özleşdirilmeýändigini, gurluşyk işlerinde haýal-ýagallyga ýol berilýändigini, şäherde köçeleriň arassaçylygyna gözegçiligiň gowşadylandygyny aýdyp, häkimiň bu işleri guramakda guramaçylyksyz işleýändigini aýdyp, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, ony Tejen şäheriniň häkimi wezipesinden boşatdy.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli  durmuşa geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreleriň berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz A.Ýazmyradowa ýüzlenip, onuň uzak ýyllaryň dowamynda ýolbaşçy wezipelerde zähmet çekip, tejribe toplandygyny, suw hojalyk ministri wezipesinde işländigini, soňky birnäçe ýylyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde oba hojalyk toplumynyň işine ýolbaşçylyk edendigini belledi.

Ahal welaýatynyň paýtagtymyza golaý ýerleşmegi bilen bu ýerde potratçy gurluşykçy guramalar hem, ýokary hünärli işgärler hem näçe diýseň bar, döwletimiz welaýaty ösdürmäge köp möçberde serişde-de goýberýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Emma, muňa garamazdan, welaýatda Oba milli maksatnamasynyň, kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi kanagatlanarly däl. 

Hormatly Prezidentimiz A.Ýazmyradowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde yzda barýan Baharly etrabynyň häkimi wezipesine belledi. 

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, A.Ýazmyradow etrap häkimi wezipesinde işleri talabalaýyk ýola goýup, bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, Baharly etrabyny göreldeli etraba öwürmegi başarar. Eger-de, ol bu wezipeleri ýerine ýetirip bilmese, onda başga çäreleriň görüljekdigi oňa duýduryldy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasaty durmuşa geçirmek bilen, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagy, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy baş maksat edinýäris. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda ägirt uly serişdeleriň goýberilýändigini belläp, milli Liderimiz olaryň käbir ýolbaşçylaryň günäsi bilen doly özleşdirilmeýändigini aýtdy. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýollaryň, köprüleriň gurluşygy haýal alnyp barylýar.

Bu ugurda kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin welaýat, şäher we etrap ýolbaşçylarynyň gönüden-göni jogapkärçilik çekýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada olaryň kanun esasynda jogap bermelidiklerini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Ahal welaýatynyň täze ýolbaşçylary işlere çalt girişip, bu meselelere aýratyn üns bermelidirler we  bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmelidirler. Önümçiligiň netijeli bolmagyny, ýer-suw gorlarynyň tygşytly ulanylmagyny gazanmalydyr, suw tygşytlaýjy täze tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmalydyr. 

Welaýatyň täze ýolbaşçylarynyň öňünde goýlan wezipeleriň hatarynda ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, hasylyny artdyrmak, zeýkeşleri talabalaýyk saklamak, ýerleriň şorlamagynyň öňüni almak üçin ekerançylyk meýdanlarynda, ýaplaryň, ýollaryň gyralarynda tokaý zolaklaryny döretmek ýaly möhüm wezipeler bar diýip, milli Liderimiz belledi.

Welaýatda zerur bolan hassahanalary, mekdepleri, çagalar baglaryny, ýollary giň gerim bilen gurmak üçin ähli çäreleriň görülmegi zerurdyr. Şäherdir oba ilatyny arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen doly üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Adamlara şahsy kömekçi hojalygy ýöretmek üçin mellek ýerlerini, ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin bank karzlary berilmelidir, olara beýleki möhüm ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmekde ýardam edilmelidir. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyna hem tankydy bellikleri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli ýolbaşçylara öňde durýan wezipeleriň çözgüdi boýunça berk talap ediljekdigini duýdurdy.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam ediljekdigini  aýdyp, milli Liderimiz wise-premýerlere bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň  Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary G.Baýramowanyň Ahal welaýatynda dolandyryş-çäk gurluşyny tertipleşdirmek boýunça Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasy esasynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan işlenip taýýarlanylan degişli resminamanyň taslamasy baradaky habary diňlenildi.

Bellenilişi ýaly, taýýarlanylan taslama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň “Owadandepe” geňeşliginiň Täze zaman we Gülzada obalarynyň, şeýle hem Aşgabat şäherine degişli täze gurulýan döwrebap obanyň ýerlerini paýtagtymyza geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Hasabatyň barşynda  Ahal welaýatynyň Derweze etrabyny dolandyrmagyň ykdysady taýdan amatsyzdygyny göz öňünde tutup, ony ýatyryp, onuň çäklerini Ak bugdaý hem-de Gökdepe etraplaryna geçirmek, ýagny Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoluny araçäk hökmünde belläp, bu ýoluň demirgazyk-günbatar tarapyndaky, şeýle hem Aşgabat şäheriniň günorta tarapyndaky ýerleri Gökdepe etrabyna, bu ýoluň gündogar tarapyndaky ýerleri bolsa Ak bugdaý etrabyna geçirmek bellenilýär. Şunda, degişli çäklerde ýerleşýän obalar, geňeşlikler, şäherçeler Gökdepe hem-de Ak bugdaý etraplaryna geçirilýändigi habar berildi. 

Mundan başga-da, welaýatyň Kaka etrabynyň Kaka şäherçesine etrap hukukly şäher derejesini bermek, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyny ýatyryp, onuň dolandyryş çägini we ilatly ýerlerini Tejen etrabyna birikdirmek bellenilýär.  Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesiniň häzirki wagtda Kaka etrabynyň dolandyryş çäginde ýerleşýändigi üçin şäherçäniň degişli ýerlerini Ak bugdaý etrabyna geçirmek, şeýle hem Altyn asyr etrabynyň ýerlerinden, ýagny Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň birnäçe obasynyň ýerleşýän ýerlerini Sarahs etrabynyň çägine geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Şeýle hem çykyşyň dowamynda Daşoguz we Mary welaýatlarynyň birnäçe obalaryny Ahal welaýatynyň tabynlygyna geçirmegiň meýilleşdirilendigi habar berildi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hödürlenen taslamany makullap, degişli resminamany kabul etmek hakyndaky meseläni Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna girizmäge ygtyýar berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe Türkmenistanyň Mejlisi, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri bilen bilelikde düzüminde birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri bolan topary döretmek barada tabşyryk berildi. Bellenilişi ýaly, bu topar ýatyrylan etraplara degişli binalaryň we desgalaryň hasapdan hasaba geçirilişine  gözegçilik eder. Şeýle hem häkimlikleriň işgär wezipe sanawyny üýtgedip täze wezipeleri girizmek bilen baglanyşykly meselelere garamagy tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalaryň taslamasyny taýýarlap, olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tassyklamagyna bermegi tabşyrdy.  

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam etmek bilen guramaçylyk meselelerine geçdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz  E.Orazgeldiýewi Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy. 

Milli Liderimiz H.Aşyrmyradowy Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine, N.Nazarmyradowy Altyn asyr etrabynyň häkimi, 
Ş. Amangeldiýewi Kaka etrabynyň häkimi,  M.Baýramdurdyýewi Sarahs etrabynyň häkimi,  G.Baýgeldiýewi Tejen etrabynyň häkimi,  
D. Muhammedowy bolsa Tejen şäheriniň häkimi wezipelerine belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine R.Bazarowy bellemek baradaky Permana gol çekdi.  

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýene-de  biraz wagtdan  Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Balkan welaýatynda Oba Milli maksatnamasynyň we kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine serediljekdigini aýtdy. Şol mejlisiň barşynda welaýatyň we onuň etraplarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňleniler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek boýunça öňümizde möhüm wezipeleriň durandygyny belledi. Şu belent maksatdan ugur alyp,  ýurdumyzyň her bir raýaty yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmelidir. Öňde duran wezipeleri üstünlikli amala aşyryp, Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny ýokary netijeleri gazanmak bilen garşylamalydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Men Ahal welaýatynyň zähmetsöýer adamlarynyň bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban  halkymyzyň  abadan  we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan tutumly işlere Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.


29 Nisan 2016 Cuma

Türkmenistan Suratlary 159

Türkmenistan Suratlary 159









Täze Halkara Airport Gurluşygy

Täze Halkara Airport Gurluşygy






http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=3173

Gutlug Timuryň Minarasy

Bu minara Soltan Tekeşiň ýadygärliginiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Dünýäde Delidäki Kutub minaradan soňra ikinji ýerde durýan bu minaranyň uzynlygy 60 metre barabardyr. 7 metr belentlikden girelgesi bolup, 145 sany töwerekleýin basgançak bilen ýokary gupbanyň aşagyna çykylýar.
Minarada kerpiç örüminden edilen ýazgy bu desgany Altyn Ordanyň Horezm welaýatynyň hökümdary Gutluk Timuryň we Altyn Ordanyň soltany Özbek hanyň atlary bilen baglanyşdyrýar. Minaranyň 1930-njy ýylda prof. A.Ý. Ýakubowskiý tarapyndan okalan kufa stilinde ýazylan ýazgysynda şeýle diýilýär: “Iki dünýäniň şalaryndan iň bagtly patyşa, Allah onuň rehimdarlygyna keremdarlyk etdi we oňa hakykatyň işigini açdy hem-de ol kuwwatly patyşa araplaryň we arap dälleriň penakäri, älem-jahanyň we diniň şöhlesi, yslamyň we musulmanlaryň beýigi Gutlug Temur, Nejim-ed-deul-un-diniň ogly, Allah yslamyň ýeňşini, arasynda... we kuwwatly soltan Özbek hanyň häkimiýeti günlerinde bu jaýyň gurluşygyny uzaltsyn, Allah onuň patyşalygyny uzaltsyn”.
Ýazgynyň teksti minaranyň bina edilen wagtynyň takyk çäklerini 1320-1330-njy ýyllar diýip bellemäge mümkinçilik berýär. 60 metr töweregi beýiklikdäki minara köpçilikleýin ybadathana metjidiniňki bolupdyr. Muny arap syýahatçysy ibn Batuta hökümrdar Gutlug Temuryň - Törebeg hanymyň ady bilen baglanyşypdyr.
Ýylmanak, oňat kerpiçlerden (30x30x5sm) nagyşly örülen aýlawlar belent desganyň bütin gabarasyny gelşikli edip bölüşdiripdir. Minaranyň depesinde agaç pürsleriň öýjükleri saklanypdyr, onuň üstünde bir wagtlar hemme taraplary açyk bassyrmajyk bolan eken, ol bolsa dekoratiw karniz bilen tamamlanypdyr. Şol bassyrmajykda durup, azançy adamlary namaza gelmäge çagyrmak bilen azan aýdýar eken. Minaranyň üstüne çykmak üçin, içerki aýlawly merdiwan bolup, onuň 145 basgançagy bolupdyr. Onuň basgançaklary işigiň ýanyndan ýeriň derejesinden 7 metr töweregi belentlikden başlanýar.
Minaranyň göwresinde kerpiçlere nagyş salnan 18 sany dürli inlilikdäki bogun-bogun halkalary bolupdyr. Halkalaryň üçüsi birwagtlar zaýalanypdyr.Ýerden 7 metr belentlikde ýene-de bir hatar kufi hatly ýazgy bar. Olarda Kuranyň ikinji süresiniň 252-nji aýatynyň, ýagny “Aýatu-l-kürsiniň” sözleri bar.
Halk arasyndaky rowaýatlarda, galyberse-de “Ýusup-Ahmet” dessanynda minaranyň gümmeziniň altyn gupbasynyň bolandygy barada aýdylýar.
Orta Aziýada iň belent bolan bu minara diňe bir weýran ediji uruşlary başdan geçirmän, eýsem ýer titremegi bilen bagly tebigy betbagtçylyklary hem başdan geçiripdir. Hürärmenleriň aýtmagyna görä minaranyň ozalky beýikligi 65 metre golaý bolupdyr. Ol XIV asyryň gurluşykçylarynyň we migmarlarynyň Ürgenç mekdebiniň adaty bolmadyk ýokary ussatlygynyň ajaýyp şaýadydyr.
 
Soltan Tekeşiň ýadygärligi
Köneürgenç etrabynda, Kyrkmolla depesiniň günorta-günbatarynda ýerleşen. Gözelligi babatda oňa Merkezi Aziýada ýeke-täk, gaýtalanmaýan (unikal) ymarat diýmek bolar. Ylmy edebiýatlarda oňa Tekeşiň mawzoleýi, halk arasynda bolsa Gökgümmez hem-de din wekili Şyh Şeripbabanyň aramgähi diýilýär. Soltan Tekeş 1172-1200-nji ýyllarda hökümdarlyk eden Horezmşasydyr.
Bu desgada portalyň arkalaryny doldurýan stalaktidler we bütünleý adaty bolmadyk, 24 tagça bölünen, belent gofrirlenen barabanyň üstünde beýgelip gidýär. Mawy, konus şekilli çadyr görnüşindäki gümmez aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Her bir tagça stalaktid bilen tamamlanypdyr. Tagçalar biri-birine ýiti ikigyraňly gapyrgalara aýyrýar. Baraban mawy syrça kerpiçden “bantikler” tipinde goşundysy bilen sary ýylmanan kerpiçden nagyşly örülipdir.
Desganyň daşarky ýüzüniň özboluşly arhitektura çözülişi saýasynda konus astyndaky barabanyň planynda sekiz burçly içerki gümmezasty kontur bilen dogry çekilen 24 burçly ýyldyz görnüşi bar. Konus şekilli çadyr görnüşli gümmeziň karniziniň aşagynda silindriň aýlawy boýunça güberdilip ýazylan arap dilindäki Gurhanyň bölekleri bilen tutuş mawy zolak gidýär. Çadyr görnüşli gümmeziň ýokarky üçden ikisi “ýolka” şekilinde örülen mawy syrçaly kerpiç bilen ýüzlenipdir. Mawzoleý 29x29x6 (6,5) sm ölçegli kerpiçden örülipdir. Öň mawzoleýiň demirgazyk ýüzüne nähilidir bir uly jaý birigýär eken.


Türkmenistan

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde, demirgazyk ýarym şarda ýerleşýär. Onyň çägi günbatardan gündogara tarap 1100 kilometre, günortadan demirgazyga bolsa 650 kilometre çenli uzalyp gidýär. Ol demirgazyk ýarym şaryň aram guşaklygynyň çöller zonasynda ýerleşýär.
Türkmenistanyň tutýan meýdany 488,1 müň inedördül kilometre barabardyr. Onyň ýeriniň 80 göterime golaýyny Aziýanyň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum, galan bölegini bolsa baýyrlyklar, daglar, derýalar, köller, suw howdanlary, medeni oturymly ýerler tutýar.
Türkmenistan günortada Eýran, günorta-gündogarda Owganystan, demirgazykda Gazagystan, demirgazyk-gündogarda Özbegistan, demirgazyk-günbatarda bolsa Hazar deňzi boýunça Azerbaýjan we Russiýa bilen araçäkleşýär.
Garagum çöli ýurdyň esasy bölegini eýeleýär. Elbetde, günortada Köpetdagyň, günorta-gündogarda Köýtendagyň belent gerişleri hem köp ýerlere uzap gidýär. Köpetdagyň iň beýik nokady bolan Çopanata 2942 metr belentlikde ýerleşýär. Soňra dag gerişleri Uly Balkan we Kiçi Balkan ady bilen Hazaryň kenarlaryna barýar. Köpetdag demirgazyk tarapda düzlüge sapylyp, soňra bol hasylly, elmydama gök öwsüp otyran oazisi emele getirýär.
Administratiw bölünişi
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir. Ýurt 5 welaýatdan: Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan durýar. 2016-nji ýylyň 20-nji ýanwar ýagdaýyna görä 50 etrap, 24 şäher, 8 sany şäherlerdäki etraplar, 76 sany şäherçe, 553 sany oba geňeşlikleri, 1903 sany ilatly ýerler ýurdyň düzümindedir.


Döwlet gurluşy
Türkmenistan - demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwleti dolandyrmak Prezident Respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr, ol Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, ýurt bitewiligini, Konstitusiýany berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi netijesinde Türkmenistan hemişelik Bitarap ýurt diýlip ykrar edildi. Bu babatda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde öz borçlaryna ygrarlydyr. Häzir Türkmenistan Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy döwlet hökmünde öz abraýyny barha beýgeldýär.