21 Mart 2016 Pazartesi

Ylalaşygyň we Ösüşiň Ýoly Bilen

Parahatçylyk we ynsanperwerlik, ösüş we rowaçlyk – şu asylly maksatlaryň bähbidine Türkmenistan öz açyk we dostlukly daşary syýasatyny ýöredýär. Bu syýasat ýurdumyza ýokary halkara abraýyny getirdi. Munuň şeýledigini nobatdaky gezek geçen hepde görkezip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň16-17-nji martda Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň esasy wakalarynyň biri boldy. 

Üstünlikli geçen bu sapar ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda hil taýdan täze tapgyryň başyny başlady. Onuň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif bilen gepleşikler geçirdi. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň ençemesine gol çekildi, olar Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary has-da berkitmäge hyzmat eder. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Paksitanyň Prezidenti Mamnun Huseýn hem-de dostlukly ýurduň Milli Mejlisiniň başlygy Sardar Aýaz Sadik bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda hem döwletara gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri we ony amala aşyrmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň Prezidentine Pakistan Yslam Respublikasynyň “Kayd-e-Azam” uniwersitetiniň “Syýasy ylymlaryň hormatly doktory” diýen alymlyk derejesini gowşurylmagy bu saparyň şanly we çuňňur manyly wakasy boldy. Türkmen lideri bu hormatly ada türkmen we pakistan haklarynyň arasyndaky dostlukly doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan ägirt uly şahsy goşandy, ylym we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin mynasyp boldy. 

Ýokary derejedäki duşuşyk Türkmenistanyň we Päkistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki iri halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde özara gatnaşyklary giňeltmäge tarap berk, oýlanyşykly syýasy ugruny aýdyň görkezdi. 

Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin strategiýasyny işläp taýýarlamaga çemeleşmeler takyklandy. Hususan-da, gepleşikleriň barşynda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şonuň bilen baglylykda «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýeti bellenildi. Ol diňe biziň döwletlerimiz üçin däl-de, eýsem sebitde uly ähmiýete eýe bolup durýar. 

Hormatly Pezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde çykyş edip, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde, bu iri taslamany durmuşa geçirmägebadalga berildi diýip belledi. Döwlet Baştutanymyzbu iri möçberli taslamanyň ýurtlary ýakynlaşdyryp, halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsi bolup hyzmat etjekdigine, bu gaz geçirijiniň ýakyn goňşy we doganlyk ýurtlaryň halklarynyň öýlerine ýylylyk getirjekdigine, ykdysadyýetlerini mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilik döretjekdigine, şol sanda Pakistanyň halkynyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine, täze iş orunlaryny döretjekdigine berk ynanýandygyny aýtdy.Bu iri taslamanyňdurmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem örän uly ähmiýeti bardyr,Milli Liderimiz TOPH-nyň gurluşygynyň taslamasynyň ýakyn geljekde üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine we sebitiň hem-de dünýäniň ösüşine itergi berjekdigine uly ynam bildirdi. 

Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň wajypdygy barada aýdyp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen energetika ulgamynda gatnaşyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de energiýa serişdelerine bolan ýokary isleglerini mälim etdi. Pakistanyň hökümet baştutanynyň belleýşi ýaly, geçen ýylyň dekabrynda Mary welaýatynda geçirilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek onuň üçin uly hormat boldy. Türkmen tebigy gazynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrjakdygyna ynanýaryn diýip, Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif aýtdy. 

Yslamabatda geçirilen gepleşiklerde ulag-üstaşyr ulgam döwletara gatnaşyklarynyň geljegi uly ugry hökmünde görkezildi. Çünki Pakistan Türkmenistan üçin dünýä ummanyna çykmaga iň gysga ugur bolup durýar, Türkmenistan bolsa Pakistan üçin Merkezi Aziýa hem-de GDA döwletlerine derweze hasaplanylýar. Bu baradaky gürrüň saparyň ikinji güni hem dowam etdi, şonda hormatly Prezidentimiz we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri bu ýurduň iň meşhur dag şypahanalarynyň birine – Mari etrabyna baryp gördüler. Bu ýerde, Pakistanyň Premýer-ministriniň kabulhanasynda Pakistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ulag-aragatnaşyk ulgamyny döretmek boýunça taslamalaryň tanyşdyrylyşy boldy. Bu kommunikasiýalaryň gatnaw ýollarynyň beýleki görnüşleri bilen birleşdirilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysady taýdan goşulyşmagyna ýardam eder. 

Mundan başga-da, elektroenergetika, oba hojalygy, dokma, ýeňil we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda bilelkdäki taslamalary durmuşa geçirmek ýurtlaryň ikisi üçin hem bähbitli bolup, bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň Bilelikdäki maglumatynda, şeýle hem ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen beýleki resminamalarda aýdylýar. Iki döwletiň daşary syýasat, maliýe we nebitgaz edaralarynyň derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekden başga-da, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga täze itergi berildi. 

Türkmenistanyň we Pakistanyň döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Yslamabatda geçirilen işewürler maslahatynyňsapara gabatlanmagy oňa aýratyn öwüşgün berdi.Onuň barşynda netijeli döwletara gatnaşyklary üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi hem-de olary giňeltmek boýunça teklipler aýdyldy. Iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek, maýa goýum babatda özara hereket etmek, şol sanda senagat pudagynda gatnaşyklary giňeltmek, dokma pudagynda kiçi we orta telekeçiligiň ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek duşuşykda esasy mesele boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, döwlet hem-de hususy kompaniýalaryň wekilleriniň pakistanly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda täze şertnamalaryň çäklerinde özara hereket etmegiň meseleleri, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkin bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Synymyzy dowam etmek bilen, 14-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirendigini bellemek gerek. Onda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

15-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza, medeniýet we oba hojalygy ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň haýyşy boýunça Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli mirasymyzy gorap saklamak we dikeltmek bilen baglanyşykly, şeýle hempaýtagtymyzda gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän birnäçe taslamalaryna garaldy. 

18-nji martdahormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.Oňa welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Bilelikdäki mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.Mejlisde garalan meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň maliýe-bank edaralaryny, gazy gaýtadan işleýän pudakda birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy, ýurdumyzyň senagat kärhanalary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, energetika pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak, şol sanda ýakyn geljekde türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana ibermek boýunça taslamany durmuşa geçirmegiň hasabyna artdyrmak bilen bagly meseleler boldy. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda ýerlerde alnyp barylýan işler, her welaýatda dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanalaryň gurluşygy hem-de ýylyň ähli paslynda ilaty gök önümler bilen üpjün etmek bilen bagly meseleler barada welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Hormatly Prezidentimiz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ekişe 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 30-njy martda girişmek babatda ak pata bermek bilen, bu işleriň asylly däbe görä, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilmelidigini aýtdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümini, ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibini, şeýle hem oba hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň öwezini dolmakdan boşadylýan taraplaryň sanawyny, Türkmenistanda pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň we gant şugundyrynyň önümçiligini maliýeleşdirmegiň we önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmegiň Tertibinihem-de Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreş boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny tassyklady. 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Olimpiýa şäherjiginde gurlan desgalarda 2016-njy ýylda sportuň alty görnüşi: sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, jiu-jitsu, tennis, ýeňil atletika we basketbol boýunça synag ýaryşlary geçiriler. 

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Permana gol çekdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine Serhetýaka-Akýaýla –Serhetýaka demir ýol ugurlary boýunça Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçirilýän ýükleriň ähli görnüşi üçin halkara nyrhlarynyň 50 göterimine çenli ýeňillikleri ulanmaga ygtyýar berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda” Karara gol çekdi. 

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň arasynda –Aşgabatda 2016-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak ulgamynda hereketleriň milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu wekilçilikli duşuşygy ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň hemaýat bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty guradylar. Oňamilli Parlamentiň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmeistanda işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň, diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, şeýle hem akademiki institutlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. 

Çehiýa Respublikasynyň parlamentiniň deputatlar palatasynyň başlygy jenap Ýan Gamaçegiňýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar sapar bilen türkmen paýtagtynda boldy. Myhmanlar Türkmenistanyň Mejlisinde weDaşary işler ministrliginde kabul edildi.Şonda, hususan-da, ýurtlarymyzyň arasynda goşa salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. 

Türkmen-çeh işewürler maslahatynyň barşynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, gaz pudagynda, ulag we logistika, saglygy goraýyş, bank, ätiýaçlandyryş ulgamlarynda hem-de beýleki ugurlarda işleýän esasy kompaniýalaryň wekillerigatnaşdylar. 

Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi hem-de maslahaty ýurdumyzyň döwlete dahylsyz ulgamynyň gazanan üstünlikleriniň hem-de ösüşiniň geljeginiň giň möçberli gözden geçirilişi boldy. Forum bu iri jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň gününe gabatlanyp, häzirki wagtda bu gurama özüne döwletimiziň oňyn ykdysady özgertmelerine saldamly goşant goşýan hususy telekeçiligiň wekilleriniň 13 müň 500-sini birleşdirýär. 

Sergä eksponentleriň 140-dan gowragy— ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan bolan hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri we aýry-aýry telekeçiler gatnaşdylar. Hususy telekeçileriň işiniň esasy ugurlary – gurluşyk we gurluşyk serişdelerini öndürmek, dokma senagaty, energetika we elektrotehnika, azyk önümlerini we halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek bolup durýar. Hususy telekeçiligiň kuwwaty barada aýdylanda, ýurdymyzyň telekeçileriniň mebel önümçiligi, tikinçilik işi, neşirýat, durmuş himiýasy, bagçylyk we gülçilik ýaly ulgamlarda öz mümkinçiliklerini artdyryp, ulag we aragatnaşyk, söwda, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýärler. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatynyň işiniň barşynda hem telekeçiligi ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy. Meseleleriň ençemesi gozgalyp, olaryň hatarynda telekeçilik işini ösdürmek, täze önümçilik kuwwatlyklaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, maýa goýum işi, bazaryň ýagdaýyny öwrenmek ýaly meseleler boldy. Maslahatyň çäklerinde işewür duşuşyklar geçirilip, olar täze işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary berkitmek üçin mümkinçilikleri döretdi. 

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly maslahat öz işini tamamlady. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara ummanlar instituty (IOI) bilen bilelikde guraldy. 

Türkmen döwlet medeniýet institutynda Halkara Nowruz gününe hem-de Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna bagyşlanan talyplaryň suratlarynyň sergi bäsleşigi guraldy. “Döredijilikde Watany wasp edýäris” diýen şygar astynda geçirilen bäsleşik tele-kino operator hünäri boýunça bilim alýan 1-nji ýylyň talyplarynyň arasynda yglan edildi hem-de talyplaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge, olaryň alan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmäge, saýlap alan hünärlerine gyzyklanmasyny artdyrmaga, ony özleşdirmek işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendir. 

Hytaýyň Demirgazyk – Günbatarynda ýerleşýän Gansu welaýatynda, Lançžou ulag uniwersitetinde “Türkmenistan” Merkezi açyldy. Bu ýerde ylmy neşirler, turkmen nusgawy we çeper edebiýatynyň eserleri, döwürleýin neşirler, häzirki Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler barada gürrüň berýän foto albomlar, milli lybaslaryň hem-de şaý-sepleriň nusgalary, nakgaşlyk eserler we beýleki gymmatlyklar jemlenipdir. Merkeziň açylyşy Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde geçirildi. 

Täze taryhy döwrüň her bir güni ýurdumyzyň ruhy we ykdysady ösüşiň belentliklerine okgunly gadamynyň döwri bolup durýar. Däbe görä, türkmen halkynda asylly işlere hem-de bereketli hasyla sahylygy alamatlandyrýan baharyň ajaýyp çärä -- ählihalk ýowaryna beslenmeginiň aýratyn many-mazmuny bar. Bu çärä adamlaryň müňlerçesi uly höwes bilen gatnaşdylar. Bag ekmek möwsümine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi badalga berip, bu çäre Ahal welaýatynyň çäginde, il arasynda Paryzdepe diýlip tanalýan gadymy taryhy ýadygärligiň ýanynda ýaýbaňlandyryldy. 

Ajaýyp Bahar baýramy bolan Nowruz baýramyna bagyşlanyp, dürli sport ýaryşlary geçirildi. Köpetdagyň eteginden uzalyp gidýän Çandybil şaýoly 21 kilometr aralykda welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Paýtagtymyzyň ýokary sport ussatlygy mekdebinde bolsa ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça saýlama ýaryşlary geçirildi. Gyrgyzystanyň paýtagtynda “Alyş” guşakly göreş boýunça “Gran-pri” tapgyrynyň halkara ýaryşy geçirildi. Oňa Russiýadan, Gollandiýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Eýrandan, Belarusdan we beýleki döwletlerden pälwanlaryň 100-den gowragy gatnaşdylar. Şonda türkmenistanlylar 11 medal gazanmagy başardylar. Şol medallaryň altysy altyn, ikisi kümüş we üçüsi bürünç medallardyr. Bu, elbetde, uly üstünlik bolup, ol biziň watandaşlarymyza umumy toparlaýyn ýaryşda birinji orny üpjün etdi. Mälim bolşy ýaly, dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan türgenleriň müňlerçesiniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna guşakly göreşiň iki görnüşi—nusgawy we türkmen göreşi girizildi. Türkmen pälwanlarynyň nobatdaky üstünlikleri olaryň V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etjekdigine uly ynam döredýär. Aziada-2017-niň açylmagyna bolsa bir ýarym ýyldan hem az wagt galdy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder