24 Mart 2016 Perşembe

Türkmenistanyň Prezidenti Gagauziýanyň baştutanyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Gagauziýa awtonom çäkli düzümiň (Moldowa Respublikasy) baştutany hanym Irina Wlahy kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, türkmen Liderini ýaňy--ýakynda bellenilen Halkara Nowruz güni—durmuşyň dabaralanmagyny alamatlandyrýan hem-de täzelenişe we döredijilige ruhlandyrýan nurana baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli bahar baýramynyň bellenilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşandygym hem-de bu şatlygy doganlyk türkmen  halky bilen bilelikde paýlaşandygym üçin örän şat boldum. Türkmen halkyna tüýs ýürekden parahatçylyk, bagtyýarlyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin diýip, myhman belledi.

Mälim bolşy ýaly, Gagauziýa Moldowanyň günortasynda ýerleşýän, aýratyn hukuk derejeli özbaşdak çäk bolup durýar.  Onuň ilatynyň agramly bölegini gagauzlar düzüp, olar öz etniki gelip çykyşy we dil aýratynlyklary bilen türki halklaryň oguz toparyna degişlidir.

Döwlet Baştutanymyz we Irina Wlah türkmen hem-de gagauz halklarynyň  ýakynlygynyň ruhy we taryhy umumylygyny, olaryň köpasyrlyk däp-dessurlara ygrarlylygyny we sarpa goýýandygyny nygtap, taraplaryň  däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Gagauziýa özbaşdak çägiň wekilleriniň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy bolup durýandygy hem-de Türkmenistana yzygiderli gelip-gidýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan durmuş-ykdysady reformalarynyň  hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň  ägirt uly özgertmeleriniň şaýatlary bolýarlar. 

Umumy pikire görä, 2013-nji ýylyň iýulynda  Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary däbe öwrülen gatnaşyklary berkitmäge hyzmat etdi. Onuň jemleri boýunça möhüm ikitaraplaýyn ylalaşyklar, şol sanda Gagauziýanyň halky bilen gatnaşyklary giňeltmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Myhman dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine haýran galýandygyny aýdyp, has  ýakyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny  ýola goýmaga hemmetaraplaýyn taýýardygyny belledi. Munuň şeýledigine  onuň ýolbaşçylyk edýän wekilçilikli topary hem aýdyň şaýatlyk edip, onuň düzümine sebitiň öňdebaryjy kärhanalarynyň ýolbaşçylary girdiler.

Habar berlişi ýaly, şu saparyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde, ýurdumyzyň aýry-aýry ministrliklerinde we edaralarynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Umumy pikire görä, bar bolan kuwwaty nazara almak bilen, esasy ugurlaryň käbirinde, şol sanda söwda-ykdysady, bilim, ýangyç-energetika toplumy, saglygy goraýyş, oba we suw hojalygy ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk, şeýle hem  bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Irina Wlah tutuş gagauz halkynyň adyndan türkmen Liderine berýän ünsi we hemmetaraplaýyn goldawy üçin ägirt uly hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, uly sowgat üçin – onuň Watanynda Türkmenistanyň Baştutanynyň howandarlyk etmeginde gurulýan çagalar bagy üçin sag bolsun aýtdy.  

Aşgabatda bolýan wagtymyz biz siziň ýurduňyzyň näderejede çalt özgerýändigine, halk barada uly alada edilýändigine we onuň bähbidi üçin uly işleriň amala aşyrylýandygyna göz ýetirdik diýip, myhman  Garaşsyz Türkmenistanyň  mundan beýläk-de gülläp ösmegini arzuw etdi. 

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  we Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom çäkli düzümiň baştutany Irina Wlah işewür, netijeli ýagdaýda geçirilen şu günki gepleşikleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ygtybarly  binýada öwrüjekdigine ynam bildirdiler.
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder