25 Mart 2016 Cuma

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň çäklerine harytlaryň wagtlaýyn getirilmegini düzgünleşdirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijeleri barada aýdyldy. Gümrük kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, degişli Kararyň taslamasy taýýarlanyp, onda Türkmenistanyň çäklerine wagtlaýyn getirilip, gümrük paçlaryndan şertli doly boşadylmaga degişli harytlaryň sanawy kesgitlenilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryny we umumy kabul edilen halkara ölçeglerini nazara almak bilen,  hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny kämilleşdirmegiň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu işiň geçirilmeginiň,Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin has netijeli şertleri döretmäge gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz karara gol çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişi hem-de pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we täze tehnikalar bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň gazulag ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň baý ýangyç gorlaryny netijeli özleşdirmäge hem-de nebitgaz ulgamynda milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak  boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Şol maksatnamalar bolsa ýurdumyzyň senagat we eksport kuwwatyny, ýurdumyzda çykarylýan nebit we gazhimiýa önümleriniň möçberlerini artdyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge ýardam etmelidir. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda alnyp barylýan ýazky meýdan işleri barada hasabat berdi. 23-nji martda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda hormatly ýaşulularyň, tejribeli daýhanlaryň, mehanizatorlaryň hem-de hünärmenleriň gatnaşmagynda gowaça ekişine, Balkan welaýatynda bolsa miwe-gök we bakja ekinleriniň ekişine badalga berildi. Ekiş möwsümini ýokary derejede guramak maksady bilen, sebitlerde ýörite toparlar döredildi hem-de çäreleriň meýilnamasy kesgitlenildi.

Wise-premýer “Suw damjasy--altyn dänesi” baýramçylygyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Aşgabatda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmagyň möhüm ugurlary” atly maslahat geçiriler. Esasy çäreleri Garagum derýasynyň kenarynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde ýurdumyzyň suw hojalygy, obasenagat toplumynyň gazananlarynyň sergisi guralar, halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary, sport ýaryşlary, bag ekmek çäreleri bolar.  

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçanyň, gök we bakja ekinleriniň ekişini takyk we guramaçylykly, bellenen möhletlerde geçirmek üçin hemme çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.  Döwlet Baştutanymyz geljekki hasylyň ykbalynyň ekerançylaryň ussatlygyna, yhlasyna we zähmetine baglydygyny nygtap, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň ilkinji ýekşenbesinde bellenilýän “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Milli Liderimiz bu baýramçylygyň köpmüňýyllyk taryhynyň dowamynda suwy mukaddes gymmatlyk hasaplaýan  halkymyzyň gadymy däpleriniň beýanydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz suwdan netijeli peýdalanmagyň, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyny depginli ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek wezipelerini çözmek bilen bagşlanyşykly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz şu meselelerde ýurdumyz işjeň ýörelgä eýerýär, bu ulgamda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär diýip bellemek bilen, mundan beýläk-de döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmegini, suw serişdelerini tygşytlamaga ýardam edýän innowasion işläp düzmeleriň ulanylmagyny talap etdi. Milli Liderimiz “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow senagat pudagyndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli herekete getirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmenistanda öndürilýän ýüňi hem-de elde dokalan haly we haly önümlerini daşary ýurtlara ýerlemegi kämilleşdirmek hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlendi.

Hasabatyň çäklerinde balyk hojalygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Wise-premýer milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek babatda Döwlet balyk hojalygy komitetiniň ýurdumyzda ilaty ýokary hilli balyk önümleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen, täze suw howdanlaryny özleşdirmek, içerki köllerde we suw howdanlarynda balyk tutmagy köpeltmek, degişli kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri alyp barýandygyny habar berdi. Täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça işler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki hojalyklary hem-de paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň hasabyna amala aşyrylýar.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ýurdumyzyň balyk hojalygyny depginli ösdürmegiň, balyk tutmagyň möçberlerini  köpeltmegiň hem-de balyklary emeli köpeltmegiň, dürli görnüşli önümleri ýokary hilli gaýtadan işlemegiň we öndürmegiň zerurdygyny nygtady. Pudagyň hojalyk edaralaryny täzelemek we enjamlaşdyrmak boýunça uly işler şol maksatlara ýetilmegine gönükdirilendir, innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän täze senagat kärhanalary döredilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we ilaty balyk hem-de ýokary hilli balyk önümleri bilen durnukly üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde duran wezipelere wise-premýeriň ünsüni çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde milli halyçylygy döwrebap derejede ösdürmäge uly serişdeleriň maýa goýulýandygyny nygtap, pudagyň öňünde durýan wajyp wezipelerine ünsi çekdi. Şol wezipeler hojalyk işleriniň we dolandyrmagyň iň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyryp, bu ulgamda dünýäniň makroykdysady ýagdaýlaryny seljerip, daşarky hem-de içerki bazarlarda bäsdeşige ukyplylygyň ýokary derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen karara gol çekip, wise-premýere bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew täze elektrik geçirijileri, hususan-da,   Ýolöten–Tagtabazar elektrik geçirijisini gurmagyň hasabyna elektrik üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda uzynlygy 146 kilometre, güýjenmesi 220 kW barabar bolan Ýöloten-Tagtabazar howa elektrik  geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanandygy habar berildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa täze elektrik geçirijisiniň geçjek ugrunyň çyzgysyny görkezip, bu desganyň işe girizilmegi bilen, diňe ýerli sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga däl-de, eýsem, goňşy Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň güýjenmesini artdyrmaga mümkinçilik döretjekdigini aýtdy. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, hereket edýän energiýa ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň hem-de giňeltmegiň hasabyna ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreleriň netijeliligini belläp, Ýolöten-Tagtabazar aralygynda gurlan täze howa elektrik geçirijisiniň synag işlerini geçirmegi hem-de degişli ýolbaşçylara bu babatda amala aşyrylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny, bahalaryň elýeterli derejede durnukly saklanmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny zerur maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer söwda ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça milli Liderimiziň  beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirişi barada hasabat berdi. Bu syýasat ilatymyzyň dürli önümlere we hyzmatlara bolan islegini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmegiň diňe harytlyk teklipleri artdyrmak hem-de içerki bazary harytlardan doldurmak boýunça wezipeleri däl-de, eýsem, öňdebaryjy guramaçylyk usullarynyň esasynda pudagy dolandyrmagy kämilleşdirmek, bu ulgamda işewür gatnaşyklaryny ösdürmek, içerki bazarda sagdyn bäsdeşligi döretmek meselelerini hem öňdäki hatara çykarýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz durmuş syýasatyny amala aşyrmak maksadynda ilat üçin harytlaryň bahasynyň elýeterli bolmagyny  üpjün etmegiň, söwda ulgamynda maýa goýum we işewürlik işjeňligini artdyrmak, ýurdumyzyň önüm öndürijilerine goldaw bermek, pudaklara bazar şertlerini ornaşdyrmak üçin maksatnamalaýyn işleri geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa  Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli 29-30-njy martda bu ýerde geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Dabaralara hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertine gatnaşmak üçin Türkmenistana daşary ýurtly wekiliýetleriň geljekdigi habar berildi. Daşoguz welaýatynyň Taryhy we  ülkäni öwreniş muzeýinde GDA agza ýurtlaryň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň eserleriniň sergisi guralar. Forumyň maksatnamasyna laýyklykda, Köneürgenjiň döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, welaýat kitaphanasyna hem-de welaýatyň beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görmek göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşogzuň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlary bilen üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar bilen baglylykda geçiriljek dabaralaryň ähmiýetini nygtady. Türkmenistan GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýar hem-de döwrüň talaplaryna laýyk gelýän oňyn gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletara gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidigini belledi. Şol hyzmatdaşlyk bolsa, daşary ýurtlar bilen özara ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmaga hem-de dostlugy berkitmäge ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan ähli çäreleriň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň, giň jemgyýetçiligiň gatnaşmagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.  

Soňra hormatly Prezidentimiz neşirýat – çaphana işiniň meselelerine degip geçip, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze Metbugat öýüniň ulanmaga berlendigine garamazdan, entek onuň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylmaýandygyna,  çap edilýän neşir önümleriniň hiliniň pesdigine nägilelik bildirip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi hem-de görkezilen kemçilikleri çalt aradan aýyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi.   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew  gözegçilik eýdän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, bilim ulgamyny we hünär taýýarlygyny, ylmy ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamynyň  işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, durmuş ulgamynyň pudaklaryny ösdürmegiň jemgyýetiň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, her bir raýatyň abadançylygyny we hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bilim, ylym,  saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň durnukly ösüşiň milli nusgasynyň ileri tutulýan düzüm bölekleri bolup durýan möhüm wezipelerini kesgitledi.

Milli Liderimiz bilim we ylym ulgamynyň usulyýet esasyny ösdürmek, bu ulgamlara öňdebaryjy  netijeli çemeleşmeleri ornaşdyrmak babatda
dünýäniň iri ylmy merkezleri, daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri we halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýşy ösdürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işiň  depginlerini artdyrmagyň  zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu  babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş  ulgamynyň edaralarynyň işiniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigini aýdyp, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine berk käýinç yglan etdi. Milli Liderimiz bu ulgamda öňde durýan, şol sanda “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, ähli düzümleýin edaralaryň işini sazlaşykly guramagyň uly netijeleri gazanmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ministre anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi. 

Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary--Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy  L.Şamyradowanyň alnyp barylýan işler baradaky hasabaty diňlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu düzümde düýpli kemçilikleriň bardygyny aýdyp, wezipe borçlaryny  göwnejaý berjaý etmän, işed goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary--Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygyna berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek hem-de keselleriň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çärelerini öz wagtynda geçirmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň, öňdebaryjy iş usullarynyň, täze ylmy işläp taýýarlamalaryň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny nygtap, ministriň orunbasaryna bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy  G.Mezilow 12-18-nji mart aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. 13-nji martda Ýaponiýanyň ylmy toparlary bilen duşuşygyň geçirilendigi, onuň barşynda açylýan täze mümkinçilikler, hususan-da,  Aşgabatda Tehnologiýalar uniwersitetiniň binasynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen baglylykda, geljekki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol uniwersitetde ýapon okuw maksatnamasyny ulanmak hem-de ýaponiýaly mugallymlary çagyrmak meýilleşdirilýär. Bu ýokary okuw mekdebinde bäş fakulteti – Himiki we nanotehnologiýa, Biotehnologiýa we ekologiýa, Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary, Awtomatika we elektronika, Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetlerini açmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýokary okuw mekdebiň ýanynda türkmen-ýapon orta mekdebini açmak meýilleşdirilýär.

Ýaponiýanyň alymlarynyň teklibi boýunça, okuwyň birinji ýylynda Tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary iňlis we ýapon dillerini öwrenerler. Ikinji okuw ýylyndan başlap, üç ýylyň dowamynda ýaponiýaly professorlar talyplara seçip alan hünärleri boýunça bilim bererler, ylmy-barlag işlerini geçirerler. Okuwyň dördünji ýylynda talyplara Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde, hususan-da, Tsukuba uniwersitetinde okamak teklip edilýär. Şol ýerde diplom işlerini goramak zerur bolup durýar we soňra talyplara degişli şahadatnama hem-de uniwersiteti tamamlandygy baradaky diplom gowşurylar. 

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Tsukuba uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. 

16-njy martda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde birnäçe ýapon ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi, onuň barşynda, ilkinji nobatda, bilim we ylym-tehnologiýa ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Ýapon tarapy täze okuw maksatnamalaryny, hususan-da, robot tehnikasy boýunça maksatnamany taýýarlamak boýunça zerur çäreleriň görülýändigini belledi. 

Ýaponiýanyň Bilim ministrligi türkmen-ýapon   orta mekdebini has netijeli ulanmak üçin 7-nji synpdan ýapon dilini öwrenip başlamagy teklip etdi. 10-njy synpdan başlap, ýene-de iki ýyl belli bir hünär boýunça bilimleri has çuňlaşdyryp öwrenmek teklip edildi. Okuwyň şeýle görnüşi mekdep tamamlanandan soň, inžener we tehnolog bolup işlemäge  ýa-da isleglerine görä, Tehnologiýalar uniwersitetiniň degişli fakultetiniň 3-nji ýylynda okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. 

Şeýle hem duşuşygyň barşynda seýsmologiýa ylmyny ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleriň görülmeginiň wajypdygy nygtaldy. Bu wezipe ýurtlaryň ikisi üçin hem möhüm bolup durýar. Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JISA) bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýer titremelerini öwrenmek maksadynda Aşgabatda seýsmologiki stansiýalaryň birnäçesini ösdürmek mümkinçiliklerine garaldy.  

Şeýle hem  Tokionyň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi bilen duşuşyk geçirildi, şol ýerde hünärmenleri taýýarlamak hem-de Ýaponiýanyň uniwersitetlerine okuwa iberilýän türkmen talyplaryny kabul etmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmen-ýapon bu assosiasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygyň barşynda türkmen alymlarynyň assosiasiýanyň goldaw bermeginde Garagum çägesinden kremniý, fotoelementleriň täze görnüşi bolan perowskitleri öndürmegiň täze tehnologiýasynyň üstünde işleýändikleri barada habar berildi. 

16-njy martda Ýaponiýanyň Gurluşyk ylmy-barlag institutynda duşuşyk geçirildi, onda seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde seýsmologiýa  hünäri boýunça türkmen talyplaryny okatmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

17-nji martda Ýaponiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýanyndaky Ýapon-türkmen parlamentara dostluk ligasynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin ýokary hilli bilim almak hem-de seçip alan hünärini ele almak, şol sanda beýleki ýurtlaryň okuw mekdeplerinde okamak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, raýatlarymyzyň daşary ýurtlarda okap alan biliminiň hem-de hünäriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda iş ýüzünde ulanylmalydygyny belledi. Häzirki wagtda bu pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Ylmylar akademiýasynyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklaryň birnäçesini, şol sanda dürli pudaklaryň ýokary hünärli işgärlere bolan isleglerini öwrenmäge hem-de kanagatlandyrmaga degişli tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda Tehnologiýalar uniwersitetini hem-de türkmen-ýapon mekdebini açmak meselesine ünsi çekip, degişli işgärleri taýýarlamagyň möhümdigini nygtady we şunuň bilen baglylykda, hünärmenlerimizi Ýaponiýa okuwa ibermegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň işi barada aýdyp, düýpli we amaly barlaglaryň ösdürilmegini üpjün etmekde, ylmy we inžener-tehniki kuwwaty artdyrmakda, milli intellektual ulgamyny kemala getirmekde onuň ornuna ünsi çekdi. 

Milli Liderimiz ýurdumyzda ylmy-barlag işlerini esasy utgaşdyryjy hökmünde Ylymlar   akademiýasynyň ornunyň ýokarlandyrylmagyny, ylmy-barlaglaryň döwrebap usulyýet we amaly esaslaryny döretmek üçin onuň jogapkärçiliginiň artdyrylmagyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işini hil taýdan gowulandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleriň hatarynda görkezdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde demir ýol ulagyndan peýdalanýan ýolagçylara  edilýän hyzmatlaryň hilini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde demir ýollar arkaly ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmagy, ilata hyzmat etmegiň derejesini ýokarlandyrmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Milli Liderimiz bu ulgamda häzirki zaman ulag düzümleriniň hem-de ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň bolmagynyň ýurdu durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp, bu pudagy has-da döwrebaplaşdyrmagyň hem-de oňa iň täze tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary çekmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz häzir Türkmenistanda demir ýol düzümini  toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýändigini nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.     

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzda  Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahaty geçirmäge  görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň  esasy ugurlarynyň biriniň häzirki wagtda halkara gün tertibinde duran strategiki taýdan ähmiýetli meseleler boýunça köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyny has hem ösdürmek bilen baglydygy nygtaldy. Olaryň hatarynda ulag ulgamy ýaly möhüm ugurda gatnaşyk etmek meselesi bar. Milli Liderimiziň bu ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli sebit hem-de ählumumy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp boldy. 2014-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli kararnamalaryň kabul edilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan ençeme gezek halkara derejesindäki iri çäreleriň geçirilen ýerine öwrüldi. Olaryň çäklerinde bu ulgamda özara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda 2014-nji ýylda Aşgabatda ulag-üstaşyr ulgamy boýunça ýokary derejedäki halkara maslahaty bar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köp şahaly ulag ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň netijeli çözülýändigini aýratyn  bellemek gerek. Bu babatda Türkmenistany serhetýaka döwletler bilen baglanyşdyrýan hem-de halkara ähmiýetine eýe bolan täze awtoulag we demir ýollaryň, inžener-tehniki düzümiň döwrebap  desgalarynyň, Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunyň gurluşygyny anyk mysal hökmünde görkezmek bolar. 

Halkara ylalaşyklary iş ýüzünde ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda giň möçberli we toplumlaýyn işler alnyp barylýar, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça anyk ädimler ädilýär. Şol ylalaşyklarda döwlet Baştutanymyzyň ulag ulgamyndaky başlangyçlary öz beýanyny tapdy. Şunda abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalaryny  durmuşa geçirmek hem-de hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda degişli meýilnama işlenip taýýarlanyldy, onda ýurdumyzda sebit we halkara ähmiýetli iri çäreleriň ençemesini geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Şu ýyl geçiriljek möhüm çäreleriň sanawynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahat möhüm orun eýeleýär. Bu maslahat Aşgabat şäherinde geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri bu wekilçilikli foruma taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreler, şol sanda maslahatyň konsepsiýasyny, maksatnamasyny we  gün tertibini, jemleýji resminamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär.  Bitarap Türkmenistan bu ugurda, şol sanda BMG-niň çäklerinde halkara gatnaşyklary meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen anyk başlangyçlary öňe sürýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda degişli pudaklar bilen bilelikde ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreleriň görüljekdigini belledi. 

Milli Liderimiz geografiki taýdan amatly ýerleşýän  Türkmenistanyň sebit hem-de yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr we logistiki merkez hökmünde öz ornuny berkidýändigini hem-de dünýäde abadançylygyň bähbidine bu ulgamdaky kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan başlangyçlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Döwlet Baştutanymyz ulag meselesine bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek ilkinji Ählumumy maslahatyň ähmiýetini aýratyn belläp, degişli Karara gol çekip, forumyň guramaçylyk komitetiniň düzümini tassyklady we onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini hem-de şunuň bilen bagly meseleleriň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu maslahat şu möhüm ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşmalydyr. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň işi, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisinde daşary döwletleriň parlamentleri bilen dostluk toparlaryny döretmek babatda alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Mejlisiň 26-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky maslahatynyň gün tertibine parlamentiň birnäçe kanunlarynyň taslamalarynyň girizilendigi bellenildi. Olar milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, milletiň saglygyny berkitmäge, milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmäge we beýleki maksatlara gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady döwlet maksatnamalaryny we taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz umumy kabul edilen halkara hukuk resminamalarynyň düýpli işlenilmeginiň, olaryň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda milli kanunçylyk işinde göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleriniň ähmiýetini aýdyp, mejlisde daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen dostluk toparlarynyň döredilmegini oňlady hem-de  bu ugruň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygyny, ynanyşmagyň ýola goýulmagyna hem-de dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýändigini nygtady.  

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça  degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder