24 Mart 2016 Perşembe

Türkmenistanda Gowaça Ekişi Başlandy

23-nji martda ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi—gowaça ekişi başlandy. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 18-nji martda bolan mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ekişiň başlanmagyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, gowaça ekişine Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary girişdiler. Biraz soň, 30-njy martda olara Daşoguz welaýatynyň ekerançylary hem goşular.

Halkymyzyň asylly däbine görä, ekişiň başlanmagyna hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar ata Watanymyzyň, türkmen halkynyň abadançylygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli işleriniň rowaçlygyny gudraty güýçli Allatagaladan dileg edip, topraga gowaçanyň ilkinji tohumlaryny atdylar, soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Mälim bolşy ýaly, bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň  işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýylda “ak altyn” ussatlary Watan harmanyna 1 million 100 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň bu üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen obasenagat toplumynda giňden ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň, hususan-da, oba hojalyk ylmynyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagyň, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikasyny peýdalanmagyň, agrotehnikanyň kadalarynyň doly berjaý edilmeginiň netijesidir. 

“Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde, pagtaçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze döwrebap zawodlary gurmaga ilkinji nobatda üns berilýär. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Mary welaýatynyň Sakarçäge, Ahal welaýatynyň Altyn asyr hem-de Lebap welaýatynyň Garabekewül etraplarynda gurlan pagta arassalaýjy kärhanalar pudagyň düzüminiň üstüni ýetirdi.  Olaryň her birinde ýylda 40 müň tonna pagta gaýtadan işlenilip, geljekki hasyl üçin ýokary hilli tohum taýýarlanylýar.   

Şu ýyl Türkmenistanda 545 müň gektara gowaça ekiler.  “Ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonnasyny, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonnasyny, Lebap welaýatynda 300 müň tonnasyny, Mary welaýatynda 313 müň tonnasyny öndürmek bellenildi. 

Ekişe gowaçanyň orta süýümli we inçe süýümli sortlarynyň  saýlama tohumlarynyň 65 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Pagtanyň orta süýümli sortlary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ösdürip ýetişdirilýär. Olaryň hatarynda “149F”, “133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Ýolöten-39” sortlary has köp ekilýär. Pagtanyň inçe süýümli “Ýolöten-14” we beýleki sortlary ýurdumyzyň iki welaýatynda—Mary we Ahal welaýatlarynda ekiler. 

Şu ekiş möwsüminde dürli kysymdaky traktorlaryň  6,5 müňüsi, ekijileriň 2 müňden gowragy, gowaça kultiwatorlarynyň 5 müňe golaýy we ekişi bökdençsiz geçirmegi üpjün etmek, beýleki agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan oba hojalyk gurallary işlediler. 

Ekişiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Bugdaýly”,  Lebap welaýatynyň Serdarabat  etrabynyň “Parahat” we Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň J.Atajanow adyndaky  daýhan birleşiklerinde obany mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhüm meselelerine bagyşlanylan, obasenagat toplumynyň depginli ösüşini, ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini durnukly artdyrmagy üpjün etmek  boýunça okuw maslahatlary geçirildi. 

“Ak altynyň” we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler şol okuw maslahatlaryna gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.  Okuw maslahatlaryna gatnaşanlaryň hatarynda welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmenstandartlarynyň”, “Daýhanbankyň”, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýaşulular, agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi pagtaçylar bar. Hususan-da, gowaça ekişini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek, gowaça ösdürip ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini hem-de mineral dökünleri rejeli peýdalanmak, ösümlikleri zyýan beriji mör-möjeklerden we haşal otlardan goramak barada gürrüň edildi. 

Bu ýere ýygnananlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen obasyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi, ýurdumyzyň ekerançylarynyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak barada işjeň alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, milli Liderimiz tarapyndan obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalaryny, bilimlerini we tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

Şeýle hem şu gün Balkan welaýatynda gök bakja önümleriniň ekişine badalga berildi. 

Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikasynyň we Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň önümleri gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň sergileri guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we tans-halk döredijiligi toparlary pagtaçylar üçin aýdym-saz sowgatlaryny taýýarladylar.
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder