20 Mart 2016 Pazar

Türkmenistan-Çehiýa Respublikasy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-çeh işewürler maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Çehiýa Respublikasynyň Parlamentiniň Deputatlar palatasynyň başlygy jenap Ýan Gamaçek tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýetiň düzümine gaz pudagynda, ulag we logistika, saglygy goraýyş, bank, ätiýaçlandyryş ulgamlarynda hem-de beýleki ugurlarda işleýän esasy kompaniýalaryň wekilleri girdiler.

Forumyň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, iki döwletiň ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara düzümleriniň çäklerinde, şol sanda Türkmenistan –Ýewropa Bileleşigi görnüşinde gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirmegi netijesinde  häzirki döwürde türkmen-çeh gatnaşyklary täze ösüşe eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen ugry bilen birlikde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ägirt uly gyzyklanmasyny kesgitleýän esasy şertler bolup durýar. 

Çehiýa Respublikasynyň Parlamentiniň Deputatlar palatasynyň başlygy jenap Ýan Gamaçekiň çykyşynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Myhman özara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýdyp, Çehiýanyň işewür toparlarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýandygyny tassyklady. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanylmagy bolsa iki ýurduň abadançylygyna hyzmat eder. Nygtalyşy ýaly, forum söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin anyk ädimleri kesgitlemäge mümkinçilik berer, göz öňünde tutulan taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ep-esli baýlaşdyrar. 

Duşuşygyň barşynda myhmanlara anyk mysallar arkaly Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty görkezildi. Häzirki wagtda ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, ilkinji nobatda, önümçilik serişdelerini artdyrmagyň,  hilini ýokarlandyrmagyň hem-de  ulanmagyň gurallaryny kämilleşdirmegiň hasabyna  ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny amala aşyrýar.  Şunda çeýe, özboluşly hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, hususan-da, kadalaşdyryjy –hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de netijeli taslamalaryň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň esasynda  ýurdumyzyň hususy hem-de daşary ýurtlaryň maýasyny çekmek üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylara ýörite taýýarlanylan wideofilm görkezildi. 

Ähli babatda häzirki zaman tehnologiýalaryna aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistan dürli pudaklarda, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary we halkara ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ibermekde çehiýaly hyzmatdaşlaryň tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär. Myhmanlaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Çehiýanyň kompaniýalary maşyngurluşygynda, energetikada, ulag düzüminde, daşky gurşawy goramak ulgamynda hem-de saglygy goraýyşda we beýleki ugurlarda uly tejribä hem-de nou-haulara eýedir. Öz tarapyndan, türkmen önüm öndürijileri ýurdumyzda çykarylýan bäsdeşlige ukyply harytlaryň eksportuny ýola goýup bilerler. 

Türkmenistanyň ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak babatda durmuşa geçirýän syýasaty, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagy esasy ugurlary hökmünde hususy ulgamyň ösdürilmegini, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda önümleriň öndürilişinde we hyzmatlaryň edilişinde onuň paýynyň artdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, hususy telekeçiligiň derejesinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. 

Forumyň ahyrynda ýygnananlar şu duşuşygyň netijeleriniň ýurtlarymyzyň arasynda birek-birege ynanyşmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdiler. 

Çehiýaly myhmanlaryň Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

*** 

Şu gün Çehiýa Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şol ýerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Duşuşygyň çäklerinde  ýurtlarymyzyň arasynda goşa salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi dostlukly ýurtlaryň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam eder.
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder