24 Mart 2016 Perşembe

Türkmenistan Bilen BMG-niň Geljek Üçin Özara Hereketleriniň Meýilnamalary Tassyklanyldy

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirilip, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Olar gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlygy artdyrmaga gönükdirilendir.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasyndaky Hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasynyň Hereketler Meýilnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) arasyndaky Hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasynyň Hereketler Meýilnamasyna gol çekildi. Bu resminamalar adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça Pudagara topary bilen BMG-niň ýokarda agzalan düzümleri bilen bilelikde taýýarlanyldy. Mundan başga-da, Bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnama gol çekildi.

Taraplaryň belleýşi ýaly, bu resminamalara gol çekilmegi soňky ýyllarda has netijeli häsiýete eýe bolan hem-de hil taýdan täze derejä çykan Birleşen Milletler Guramasy bilen üstünlikli özara hereketleri has-da ösdürmäge ýardam berer.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder