27 Mart 2016 Pazar

Taekwondoçylaryň Aziýa Çempionatynda Üstünlikli Badalga Almaklary

Gazagystanyň Almaty şäzherinde taekwondo boýunça (ITF ugry) ýetginjekleriň we ulularyň arasynda Aziýanyň VIII çempionaty badalga aldy. Bu ýaryşa 17 ýurtdan binäçe ýüz türgen gatnaşýar. Ýaryşyň birinji güni Türkmenistana ýedi medal  bir altyn, iki kümüş we dört bürünç medallary getirdi.

Toparymyzyň düzüminde Orazmyrat Çaryýew hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Mary şäheriniň umumy bilim berýän 14-nji mekdebiniň 11-nji synpynyň okuwçysyna şahsy tuli (toplumlaýyn maşklar) boýunça ýetginjekler toparynda taý gelen bolmady. Bu görgüşde aşgabatly Serdar Gurtgeldiýew bürünç medala mynasyp boldy. Türkmenistanly ýetginjek türgenler tuli boýunça toparlaýyn çykyşlarda ýene bir baýraga  kümüş medala mynasyp boldular. 

Ulularyň toparynda şahsy toplumlaýyn maşklarda Mary welaýatyndan bolan ildeşlerimiz tapawutlanmagy başardylar. Harby gullukçy Annamyrat Goşanyýazow kümüş medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gaýgysyz Atabaýew, taekwondo Milli federasiýasynyň (ITF) tälimçisi Mähri Agaýewa we Mary şäheriniň umumy bilim berýän 24-nji mekdebiniň okuwçysy Goşanyýaz Durdyýew ýurdumyza bürünç medallaryň üçüsini getirdiler. 

Taekwondo (ITF) boýunça Aziýanyň çempionaty 29-njy marta çenli dowam eder. Türkmen türgenlerine şahsy we toparlaýyn tutluşyklarda şeýle hem özüňi goramak boýunça görkezme ýaryşlarynda medal üçin göreş garaşýar. Şeýlelikde, esasy baýraklar  öňde garaşýar.  


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder