24 Mart 2016 Perşembe

Sofiýada Ykdysady Hyzmatdaşlyk

2016-njy ýylyň 17-nji martynda Sofiýa şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-bolgar hökümetara toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň öňdenbaryjy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda taraplar, 2014-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabatda geçirilen toparyň ikinji mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň gidişini ara alyp maslahatlaşlaşdylar.

Mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri baradaky maglumatlary beýan etdiler. Şeýle hem, taraplar söwda-ykdysady, şol sanda dokma, himiýa senagatlary we haly önümleri, energetika sektory, gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we kommunikasiýalar pudaklarynda, oba hojalygy ýaly ugurlaryň giň çygry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar gumanitar ugry, ýagny medeniýet, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň tarapdarydyklaryny aýtdylar. Hususan hem, bilelikdäki çäreleri geçirilmeginiň, şeýle hem Türkmenistanda we Bolgariýada geçirilýän halkara maslahatlaryna we beýleki döredijilik forumlaryna iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagyny maksadalaýyklygyna üns çekildi.

 

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-bolgar hökümetara toparynyň üçünji mejlisiniň jemleri boýunça Ähtnama gol çekildi.
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder