18 Mart 2016 Cuma

Prezidentimiziň we Muhammad Nawaz Şarifiň BILELIKDÄKI MAGLUMATY

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Onuň Alyhezreti jenap Muhammad Nawaz Şarifiň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň 16-17-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Türkmenistanyň Hökümetiniň ýokary wezipeli işgärlerinden, ministrlerden we öňdebaryjy işewürlerden ybarat wekiliýet boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidenti Onuň Alyhezreti jenap Mamnun Hussain bilen duşuşdy. Şeýle hem ol Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif bilen ýokary wekiliýetleriň derejesinde gepleşikleri geçirdi. 

Türkmenistanyň we Pakistanyň ýolbaşçylary iki ýurdy taryhy, medeni we dini meňzeşligiň, özara hormat goýmak ýörelgeleri bilen häsiýetlenýän ysnyşykly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny bellediler. Bu gatnaşyklar halklaryň ýüreklerinde çuňňur orun aldy. Şoňa görä-de, iki tarap hem öz halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.

Iki ýurduň baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna itergi berýän ýokary derejedäki özara syýasy gatnaşyklaryň ähmiýetlidigini tassykladylar.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn, sebit we halkara meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we ýokary derejedäki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça soňky ýyllarda ýokary sepgitlere ýetilendigini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar hyzmatdaşlygyň ylalaşylan ugurlaryny ösdürmek üçin döredilen ikitaraplaýyn usullar bolan duşuşyklary öz wagtynda geçirmegiň ähmiýetini bellediler. Olar ikitaraplaýyn aragatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna itergi bermäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Türkmenistan we Pakistan Yslam Respublikasy özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy we Birleşen Milletler Guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi, 77-Topary, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagy ylalaşdylar. Iki döwletiň ýolbaşçylary sebitde parahatçylyga, ösüşe we abadançylyga ýardam bermek maksady bilen, bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. 

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň gülläp ösmegine we durmuş-ykdysady taýdan öňe gitmegine gönükdirilen öňden görüjilikli syýasatyna ýokary baha berdi. Ol hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň 20 ýyllyk şanly baýramy bilen Türkmenistany ýene-de bir gezek gutlady hem-de sebitde parahatçylyga we durnuklylyga ýardam berýän Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Pakistanyň goldaýandygyny tassyklady. 

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda uly mümkinçilikleriň bardygy bilen ylalaşdylar. Olar üpjünçilik ulgamlaryny, oba hojalygyny, multimediýa tehnologiýalaryny ösdürmegi, bank işini, daşky gurşawy goramagy we energetikany höweslendirmek üçin söwda, ykdysady, maliýe we beýleki ugurlarda amatly şertleri döretmegi hem-de möhüm taslamalary amala aşyrmagy ylalaşdylar. Türkmenistan energiýa serişdelerine baý ýurt bolmak bilen, Pakistanyň energiýa serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin ony bu serişdeler bilen üpjin edip biler. Şeýle hem, Pakistan Türkmenistanyň sebitüsti geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlaryny goldaýar.

Prezident we Premýer-ministr «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýetini bellediler we 2015-nji ýylyň dekabrynda bu taslamanyň düýbüniň tutulandygyna kanagatlanma bildirdiler. Pakistanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňe süren başlangyjyna ýokary baha berdi. Şeýle hem iki ýurduň ýolbaşçylary bu möhüm sebit energiýa taslamasyny gysga döwrüň içinde amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegi ylalaşdylar. 

Türkmenistan we Pakistan 2015-nji ýylyň dekabrynda gol çekilen, Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama boýunça gysga wagtyň içinde netijeleri gazanmak üçin degişli işlere başlamak barada karara geldiler. Bu möhüm energetiki taslama Pakistanyň Hökümetiniň ýurtda energetika ýetmezçiligini azaltmak boýunça edýän tagallalaryna ýardam berer. Iki ýurduň baştutanlary bu taslamanyň ýakyn wagtda durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýärler.

Taraplar ikitaraplaýyn ykdysady we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça ylalaşyga geldiler. Özara söwda görkezijileriniň häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklara laýyk gelmeýändigini bellediler. Olar ikitaraplaýyn söwdany ösdürmegiň we onuň möçberini artdyrmagyň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça degişli çäreleri görmegi ylalaşdylar. 

Baştutanlar Pakistana bolan resmi saparyň çäklerinde Türkmen-pakistan işewürler maslahatynyň geçirilmegini makulladylar. Taraplar iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn söwdanyň we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif Türkmenistanyň Prezidentiniň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça dürli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Türkmenistanyň 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça Bütindünýä maslahatyny geçirmek baradaky teklibine pakistan tarapy ýokary baha berdi.

Taraplar özara gatnaşyklaryň hilini aragatnaşyk geçelgelerini döretmek arkaly gowulandyrmak barada karara geldiler. Bu söwda-ykdysady ulgamda, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda we syýahatçylykda bar bolan mümkinçilikleri giňden ulanmaga ýardam berer. Iki döwletiň geosyýasy we geoykdysady taýdan ähmiýetini nazara almak bilen, Türkmenistan we Pakistan howa, awtomobil we demir ýollary boýunça hyzmatdaşlygy ileri tutmak esasynda ýola goýmaga aýratyn üns bermegi karar etdiler.

Pakistanyň Premýer-ministri sebit üçin örän möhüm bolan Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birleşdirýän demir ýol geçelgesiniň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylandygy hem-de häzirki wagtda gurulýan «Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan» demir ýol taslamasy bilen Türkmenistanyň Prezidentini gutlady. 

Pakistan tarapy Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi üçin deňze çykmagyň gysga ýoly bolup durýan Päkistanyň deňiz portlaryny söwda maksatlary üçin beýleki döwletler bilen bilelikde ulanmagy Türkmenistana teklip etdi. 

Iki ýurduň Baştutanlary 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar.

Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň howplaryny ýok etmek boýunça Pakistanyň edýän tagallalaryna ýokary baha berýär. Taraplar howpsuzlyk, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy, şeýle hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we beýleki howplara garşy göreşde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi karar etdiler. 

Iki döwletiň ýolbaşçylary medeniýet, sungat, ylym, syýahatçylyk we sport boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada karara geldiler. 


Saparyň dowamynda şu aşakdaky resminamalara, ýagny:

- Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2016-2017-nji ýyllarda Hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna;

- Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Maliýe gözegçiligi gullugynyň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi boýunça maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; 

- Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Nebitgaz we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda ýangyç-energetika pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;

- Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Häzirki zaman dilleri Milli uniwersitetiniň (Pakistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;

- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen COMSATS Maglumat tehnologiýalary institutynyň Syýasaty öwreniş merkeziniň (Pakistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; 

- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Parahatçylyk we diplomatik bilimleri institutynyň (Pakistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;

- Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Parahatçylyk we diplomatik bilimleri institutynyň (Pakistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;

- Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty (Türkmenistan) bilen COMSATS Maglumat tehnologiýalary institutynyň (Pakistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendikleri we myhmansöýerligi üçin, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife we Pakistanyň halkyna minnetdarlyk bildirdi hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministrini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk Pakistanyň Premýer-ministri tarapyndan minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň                           Pakistan Yslam Respublikasynyň 
Prezidenti                                     Premýer-ministri

Gurbanguly                                  Muhammad Nawaz
BERDIMUHAMEDOW                  ŞARIF

Yslamabat şäheri, 2016-njy ýylyň «_16__» marty 
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder