24 Mart 2016 Perşembe

Prezidentimiziň Täze Kitabynyň Tanyşdyryş Dabarasy

Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Çaý – melhem hem ylham” diýen täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Halkara Nowruz gününiň öňýanynda çapdan çykan türkmen halkynyň lezzet alyp içýän bejeriş hasiýetli çaýy baradaky owadan bezelen neşir milli Liderimiziň ähli watanaşlarymyza baýramçylyk sowgady boldy.

Dabaranyň başynda Mukamlar köşgüniň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda çeper işler, amaly-haşam sungatynyň önümleri, çaý baradaky neşir önümleri görkezildi.

Türkmenistanda ýerli dermanlyk ösümlikleriniň esasynda çykarylýan  milli Liderimiz tarapyndan köp jiltli ensiklopedik işde beýan edilen çaýlaryň köp görnüşleriniň görkezilmegi serginiň ähmiýetini artdyrdy. Şu ýerde dabara gatnaşyjylara bejeriji häsiýetli täze demlenen çaýlar hödürlenildi, olar mähriban topragymyzyň dermanlyk otlarynyň ýakymly tagamyndan lezzet aldylar.

Soňra maslahatlat zalynda hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda uly maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda ylmyň, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň, şol sanda şypahana işi ýaly ugurly ulgamyň wekilleri bar.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, özboluşly däp-dessurlaryna goýýan çuňňur sarpasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda  jemgyýeti ruhy taýdan ösdürmek, milli gymmatlyklary wagyz etmek, türkmen halkymyzyň adatlaryny we gadymy dessurlaryny gorap saklamak boýunça köp taraply işleriň täze depgine eýe bolandygyny bellediler.

Ylmy we bilimi, medeniýeti hem-de sungaty, ynsanperwer ulgamynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmekdäki goşandy üçin milli Liderimize  tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Ynsanperwerligiň bolsa hiç hili milli serhedi ýokdur, çünki ruhy baýlyk umumadamzat ösüşli düşünjedir. Şunuň bilen baglylykda, ylma we adamlara wepaly hyzmat etmegi köpsanly pikirdeşlere, tarapdarlara we goldawlara eýe eden  hormatly Prezidentimize ägirt uly işi hem-de hakyky alymyň yhlaslylygy üçin çuňňur hoşallyk bildirildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň esasy häsiýetli aýratynlygy onuň synmaz jebisligidir, garaşsyzlyk we bitaraplyk, ruhy däpler, medeni miras baradaky pikirlere akyl ýetirilmegine, umumy düşünilmegine daýanýan öz milli Lideriniň töweregine halkyň ýakynlaşmagydyr. Şol mirasyň aýrylmaz bölegi bolsa Kitaba bolan garaýyşdyr. Şeýle garaýyş biziň elektronikanyň we Internetiň ornaşan asyrymyzda-da öz ähmiýetini ýitirmän, parahatçylygyň, gözelligiň, ýagşylygyň we asylky gymmatlyklaryň ykrar edilmegini dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze işi döwürleriň hem-de nesilleriň, taryhyň we häzirki zaman türkmenleriň medeniýetiniň hem-de çaý içmeklik aýratyn orun tutýan durmuşynyň aýrylmaz arabaglanyşyga eýe bolan duýgusyna beslenendir. Hatda çaýyň halkymyzyň filosofiýasyna hem-de dünýä garaýşyna, türkmenleriň aňynyň we durmuşynyň keşbine medeni taýdan täsir edýändigi barada-da aýtmak bolar.

Tanyşdyryş dabarasynda milli Liderimiz tarapyndan alyma mahsus toplumlaýyn çemeleşmek arkaly ajaýyp çaýyň gelip çykyşy we taryhy, onuň görnüşleri, düzümi, taýýarlanylyşy we demlemegiň usullary, içmegiň tärleri, adamyň bedenine täsiri we ençeme beýlekiler barada umumy maglumatlar jemlenen “Çaý—melhem hem ylham” atly kitapdan bölekler okaldy. Bu maglumatlar çaýy söýýänleriň ählisi üçin gyzykly bolar.

Çaý Ýer ýüzünde diňe bir iň giňden ýaýran bolman, eýsem, köp halklar, şol sanda türkmen halky üçin hem gadymy bolup, ilkinji zerurlyklaryň hatarynda durýan çalşyp bolmajak önümdir. Onuň peýdalanylmagy bolsa milli medeniýet, hojalyk, myhmançylygyň däpleri we şuňa meňzeşler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.  

Milli Liderimiz çaýyň täsin dünýäsine ugur görkeziji diýip atlandyryp boljak kitabynyň başynda bu hakda gadymy rowaýatlary we aňlatmalary getirmek bilen, dünýäniň dürli ýurtlarynda bolup, beýleki halklaryň çaý medeniýetiniň aýratynlyklaryna özüniň üns berendigini hem-de bu özboluşly däpleriň durnuklydygy barada netijä gelendigini belleýär.  

Çaýyň taryhyny beýan edip, kitabyň awtory onuň Hytaýda ýüze çykandygy barada köp çeşmeleriň habar berýänligini ýatlap geçýär. Çaý Hytaýda III-IV asyrlarda ýüze çykypdyr , biraz soňra bolsa Ýaponiýa, onsoň Koreýa, ondan soň bolsa, tutuş Aziýa ýaýrapdyr diýlip hasap edilýär. Diňe XVIII asyryň başlarynda şwesiýaly kapitan Eksberg çaýyň ter şahasyny ilkinji gezek Ýewropa getirýär. Şeýlelik bilen, çaýyň beýleki dünýä böleklerine ajaýyp ýörişi başlanýar...   

Häzir ony Hytaýda, Hindistanda, Ýaponiýa-da, Şri-Lankada we ýene-de birnäçe ýurtda ösdürip ýetişdirýärler. Çaý öndürýän esasy sebit Aziýa hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabyndan geçen asyryň birinji ýarymynda çaýy Türkmenistanda hem ösdürip ýetişdirmek boýunça iş-tejribeleriň geçirilenligini bilmek mümkin. Ýöne bu ösümligiň aýratynlygy, onuň senagat üçin ösdürilip ýetişdirilmegi takyk kesgitlenen howa şertlerinde, çäklendirilen uly bolmadyk meýdanlarda mümkin bolmagyndan ybaratdyr. 

Biziň ýurdumyzda telekeçiler hytaý, seýlon we hindi çaýlarynyň iň oňat sortlaryny çekip gaplamagy ýola goýdular (“Bereketli” fabrigi). Mundan başga-da, ýurdumyzyň sowuk çaý öndürijileriniň goýberýän harytlarynyň görnüşleri ýylsaýyn artýar. Bu täzeçillige ilki bilen ýaşlar baha beren hem bolsalar, ilatyň esasy bölegi, elbetde, gyzgyn, täze demlenen çaýy kem görmeýär. Dag çeşmesiniň suwundan türkmen tüňçesinde gaýnadylan çaýdan tagamly çaýyň ýokdugyny her bir türkmen bilýär. 

Çaýyň iň ajaýyp taraplaryny ýüze çykarmagy başarýan ussadyň elinde çaý tayyarlamak özboluşly sungata öwrülýär. Milli Liderimiziň kitabynda çaý demlemegiň däbe öwrülen usullary, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde onuň häsiýetli aýratynlyklary barada giňden gürrüň berilýär. Şeýle hem neşiriň sahypalarynda dürli kesellere garşy salgy berilýän melhem çaýlary taýýarlamagyň usullary, çaýa degişli halk arasynda aýdylýan atalar sözleri we nakyllar, şeýle hem çaý taýýarlamakda ulanylýan adalgalar getirilýär.   «Gaýtarmak» çaý içilmezden öň, ony çäýnekden käsä we yzyna guýmagy aňladýar.

«Çaý içseň ömür uzar» babynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alym-lukman hökmünde kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak hem-de şähdaçyk bolmak üçin , nädip hemme witaminleri, makro we mikro elementleri, 300 töweregi dürli maddalary özünde saklaýan çaý ýapragynyň efir ýaglaryny  saklamalydygy, bu şypa beriji çaýy nähili dogry demlemelidigi we içmelidigi barada peýdaly maslahatlar berýär. Bu ýerde çaýyň himiki düzümi getirilip, onuň lukmançylyk-biologiki häsiýetleri, adamyň merkezi nerw ulgamyna täsiri beýan edilýär.

Milli Liderimiziň giňişleýin taryhy-medeni barlaglaryny ylmy-populýar äheňde beýan edýän bu kitabynyň umumy medeniýetiň,  çaýy peýdalanmagyň medeniýeti ýaly anyk medeniýetiň derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigi gürrüňsizdir. Türkmenistanyň Prezidenti, TYA-nyň akademigi, Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen neşiri örän ajaýyp bezelipdir. Onda belli türkmen suratkeşleriniň eserleri, taryhy tapyndylaryň, gadymy döwrüň we has soňky eýýamlaryň dürli gaplarynyň nusgalarynyň fotosuratlary we beýleki owadan bezegler ulanylypdyr.

“Çaý—melhem hem ylham” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasynyň barşynda sazly çykyşlara hem orun berildi. Çaý hakynda goşgudyr aýdymlar, şol sanda Kerim Gurbannepesowyň sözlerine we Sahy Jepbarowyň sazyna «Gök çaý» aýdymy, Daňatar Öwezowyň «Aýna» operasyndan we «Görogly dessanyndan parçalar ýerine ýetirildi.

Dabara gatnaşanlar mähriban halkymyzyň saglygy we bagtyýar bolmagy üçin edýän aladalaryna çuňňur hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize   Ýüzlenme kabul etdiler.
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder