20 Mart 2016 Pazar

Hytaýda “Türkmenistan” Medeni Maglumat Merkezi Açyldy

17-nji martda Hytaýyň Demirgazyk – Günbatarynda ýerleşýän Gansu welaýatynda, Lançžou ulag uniwersitetinde “Türkmenistan” Merkezi açyldy. Bu ýerde ylmy neşirler, turkmen nusgawy we çeper edebiýatynyň eserleri, döwürleýin neşirler, häzirki Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler barada gürrüň berýän albomlary suratlar, milli lybaslaryň hem-de şaý-sepleriň nusgalary, nakgaşlyk eserler we beýleki gymmatlyklar jemlenipdir. Merkeziň açylyşy Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna hem-de Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çsäklerinde geçirildi.

Dabaraly çärä Ulag uniwersitetiniň ýolbaşçylary we mugallymlary, Gansu welaýatynyň daşary aragatnaşyklar kanselýariýasynyň, Lançžou şäheriniň we Gansu welaýatynyň bilim edarasynyň, şeýle hem ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Çärede türkmen tarapyna ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň HHR-däki söwda wekili, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Pekindäki wekilhanasynyň işgäri,  şeýle hem Lançžou şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. 

Gutlagy sözi bilen çykyş edip, professor Wan Pin “Türkmenistan” merkeziniň açylmagyny iki ýurduň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynda möhüm waka hökmünde hjsiýetlendirdi we Hytaý bilen Türkmenistanyň – dostlukly ýurtlaryň asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýoly bilen berk baglaşandygyny hem-de häzirki döwürde ony hil taýdan täze derejede dikeldýändigini nygtady. Şeýlelikde, gadym döwürlerde başlanan gatnaşyklar häzirki nesiller tarapyndan dowam etdirilýär. Merkez şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň, Hytaýyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşyklarynyň ösmegine täze itergi berer. 
  
Lançžou Ulag uniwersitetiniň ýanyndaky Halkara bilim institutynyň direktory Çžan Goszin täze “Türkmenistan” Merkeziniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de bilim, medeniýet we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlywgy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigini belledi.  

Ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, sebit hem-de dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, özara gatnaşyklaryň oňyn usullaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň örän wajypdygyny nygtadylar. 

Türkmenistanyň HHR-däki diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Hytaýyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birinde “Türkmepnistan” Merkeziniň açylmagynyň ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan, dünýä bileleligi tarapyndan ykrar edilen äzgirt uly ustünliklerini görkezmegi üçin meýdança bolup hyzmat etjekdigini belledi. Merkez Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşi bilen tanyşdyrar, Hytaýda türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny, Garaşsyz hem Bitarap Türkmepnistanyň dürli ulgamlarda gazananýan üstünliklerini wagyz etmek üçin binýat bolup hyzmat eder. Bu ýere gelýänler ýurdumyzyň häzirki güni, onuň zähmet ýeňişleri hem-de milli baýramçylyklary, halk däp-dessurlary,ülkämiziň tebigaty we beýlekiler bilen has ýakyndan tanşyp bilerler.     

Soňra dabara gatnaşyjylar Merkezde görkezilen çeper we ylmy edebiýat,  döwürleýin neşirler, SD we DVD diskler,  türkmen suratkeşleriniň eserleri, zergärlik şaý-sepleri we milli lybaslar, türkmen amaly-haşam sungatynyň beýleki nusgalary bilen tanyşdylar.  Şeýle hem dabara gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi, Landžouwyň Ulag uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary bolsa bu şanly waka mynasybetli döredijilik çykyşlaryny taýýarladylar.

Häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan iki müňe golaý talyp bilim alýar, olar şol sanda Gansu welaýatynyň ýokary okuw mekdeplerinde, hususan-da, Landžouwyň ulag uniwersitetinde biziň ildeşlerimiziň kyrka golaýy  bilim derejesini  artdyrýarlar. 

50 ýyldan gowrak taryhy bolan bu uniwersitet awtoulag we demir ýollarynda işleýän ýokary hünärli inženerleri we menejerleri taýýarlaýar. Geçen ýylyň ýaz paslynda bu ýokary okuw mekdebinde “Türkmen-hytaý gatnaşyklary: durnukly ösüşiň bähbidine ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda ulag-üstaşyr  gatnaşygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan wekilçilikli forum geçirildi. 

Bu forum Merkezi Aziýanyň, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň arhitekturasynyň binýadyny döretmegiň tarapdary bolup çykyş edýän  döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ilkinji ädimleriň biri boldy.

“Türkmenistan” merkeziniň döredilmegi türkmen-hytaý gatnaşyklaryny, şol sanda geljegi uly ulag kommunikasiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmäge we baýlaşdyrmaga ýardam berer. 

Merkeziň maglumat-mazmun bölegi garaşsyz ösüşiň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlarynyň we mümkinçilikleriniň giňişleýin keşbini beýan edýär. 

Merkezde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp dillere terjime edilmegi netijesinde daşary ýurtlarda hem giň meşhurlyga eýe bolan kitaplary aýratyn orny eýeleýär. Oňat bezegli döwürleýin neşirler hem-de çeper edebiýat, Türkmenistan hakyndaky, onuň gadymy taryhy we özboluşly medeniýeti barada söhbet açýan  ylmy – aňyýet  neşirleri Merkeziň   çeper-maglumat binýadyny düzýär. 

Häzirki zaman Türkmenistanynyň özüne çekijiligi diňe bir medeni mirasynyň täsinligi hem-de tebigy baýlyklary bilen baglanyşykly bolman, onuň häzirki döwürde oňyn özgertmeleri, ýurdumyzy dünýä bileleşigine işjeň goşulyşýan ýurt hökmünde, belent ynsanperwer taglymlary hem-de gymmatlyklary ugur edinýän okgunly ösýän döwlet hökmünde, iň batyrgaý meýilnamalaryň we görlüp-eşidilmedik taslamalaryň amala aşyrylýan mekany hökmündäki keşbi bilen hem baglanyşykylydyr.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, olar Merkezde goýlan gymmatlyklar hakynda özlerinde galan täsirler barada pikir alyşmak bilen, Türkmenistan ägirt uly çig mal serişdelerine eýe bolup hem-de ählumumy energetika bazarynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezen döwlet hökmünde müňýyllyklara uzaýan medeni, ruhy, zähmet ýörelgelerini özünde jemleýän ýurduň keşbini kemala getirýär. Gadymy türkmen nakylynda aýdylyşy ýaly, “Azapsyz ýeriň ady ýok”. Türkmenistanlylaryň gaýduwsyz zähmeti netijesinde biziň ýurdumyzyň belent ady dünýä derejesinde has ýygy-ýygydan we has dabaraly ýaňlanýar.











Hiç yorum yok:

Yorum Gönder