21 Mart 2016 Pazartesi

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! 

Sizi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň ajaýyp günlerinde giňden bellenýän Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu ajaýyp halkara baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralaryň berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna berk ynanýaryn. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (YUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramy täzelenişe we döredijilige, parahatçylykly durmuşa ruhlandyrýar, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerini pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, bu baýram halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär. 

Bu gadymy baýram birek-birege hormat goýmak, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýar. Medeni mirasymyzyň we köpasyrlyk däplerimiziň bitewüligini özünde jemleýän Nowruz baýramynyň halallyga, päklige, dogruçyllyga aýratyn orun berýän halkymyz üçin ähmiýeti örän uludyr. 

Milli bahar baýramynyň - Halkara Nowruz güniiniň ägirt uly ähmiýeti biziň günlerimizde hem aýdyň duýulýar, onuň many-mazmuny baýlaşdyrylýar. Bu baýram halkymyzy döredijilikli maksatlara we täze beýik işlere ruhlandyrýar, nesillerde beýik buýsanjy, ynsanperwer häsiýetleri terbiýeleýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyzyň ruhy durmuşynda aýratyn möhüm orny eýeleýän Milli bahar baýramynyň şanyna gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly täze desgalar ajaýyp toy sowgady hökmünde dabaraly açylýar. Bereketli saçaklarymyz giňden ýazylyp, dürli nygmatlar taýýarlanylýar. Halkymyzy jebisleşdirýän, nesillerde ynsanperwerlik we watansöýüjilik duýgularyny ösdürýän, bay mazmunly, köp öwüşginli dabaralar geçirilýär. Bu baýramçylyk çäreleri jemgyýetimiziň agzybirligini we bitewüligini üpjün edýän gadymy däplere ygrarlydygymyza hem-de milli ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyza aýdyň şaýatlyk edýär. 

Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda dabaralaryň geçirilýän ýerini «Nowruz ýaýlasy» diýip atlandyrdyk. Bu ýerde geçirilýän dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň batly depginler bilen ösýändigini görkezýär hem-de halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. 

Eziz watandaşlar! 

Milli bahar baýramy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýaly asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten asylly däplerimiziň aýdyň nyşanydyr. Bu baýram täze durmuşyň başlanýandygyny, tebigatyň janlanýandygyny alamatlandyrýar. Mähriban halkymyz Nowruz bilen baglanyşykly ençeme pähimleri we nakyllary, rowaýatlary döredipdir. Bu bolsa merdana halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän beýik ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýändigini, medeni-ruhy gymmatlyklarymyza belent hormat goýýandygyny aýdyň görkezýär. 

Tebigatyň ynsan kalbyna uly rahubelentlik, jümle-jahana direliş hem-de täzeleniş bagyş edýän çagynda - Milli bahar baýramy günlerinde oba hojalygynda daýhançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan watandaşlarymyz üçin örän jogapkärli we gyzgalaňly döwür başlanýar. Bereketli saçaklarymyzyň mele-myssyk nandan, datlylygy hem-de hümmetliligi bilen tapawutlanýan ir-iýmişlerden, gök-bakja we maldarçylyk önümlerinden - datly naz-nygmatlardan dolup durmagy, sahawatly topragymyzdan önýän hasylyň berekediniň egsilmezligi dileg edilip, täze hasylyň düýbi tutulýar. 

Milli bahar baýramy dine bir daýhanlarymyzy we maldarlarymyzy däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda tutanýerli, döredijilikli we joşgunly zähmet çekýän halkymyzy täze, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem, nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge, şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrmaga, geljegimize beýik ynam döretmäge, jemgyýetimiziň kämilleşmegine ýardam edýän baýramlarymyza hormatymyz örän uludyr. 

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! 

Sizi ýurdumyzda uly dabaralara beslenip giňden bellenip geçilýän Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! 

Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş arzuw edýärin! Goý, Nowruzyň belent joşguny, gaýtalanmajak gözelligi köňüllere hemişelik ornasyn! 

Türkmenistanyň Prezidenti


Gurbanguly Berdimuhamedow




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder