18 Mart 2016 Cuma

Çehiýa Respublikasynyň Wekiliýetiniň Sapary

Türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Çehiýa Respublikasynyň parlamentiniň deputatlar palatasynyň başlygy jenap Ýan Gamaçegiň ýolbaşçylygyndaky dostlukly ýurduň uly wekiliýeti şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň ugry boýunça hem, Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýän türkmen-çeh hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.

Çeh wekiliýetiniň baştutanynyň nygtaýşy ýaly, onuň ýurdunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna hem-de ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen, öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler. Ýan Gamaçek durmuş-ykdysady we medeni ösüşde belentliklere ýeten Türkmenistanyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny belläp, Çehiýa Respublikasynyň geljegi örän uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň möhüm ugurlary, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan we amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Ýangyç-energetika toplumynda hem-de Ýewraziýa yklymynyň uly sebitlerini baglanyşdyrýan halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş eden ulag-aragatnaşyk ulgamynda işewür hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi.

Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, senagat pudagynda, oba hojalygynda, derman serişdeleri pudagynda, ýokary tehnologiýalar hem-de energiýanyň alternatiw çeşmelerini peýdalanmak ulgamynda özara hereket etmek agzaldy.  

Parlamentara aragatnaşyklarynyň ugry boýunça özara hereketleri ösdürmäge aýratyn üns berildi. 

Ynsanperwer ulgamynda özara hereketleri işjeňleşdirmegiň, ylym-bilim gatnaşyklaryny, medeni hem-de syýahatçylyk we sport ugry boýunça alyş-çalyşlary ösdürmegiň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda,   döwletimiziň öz taryhyna, ruhy-medeni gymmatlyklaryna we däplerine aýawly garaýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder