25 Mart 2016 Cuma

Aý Tutulan Gijesi

Alp Arslan adyndaky Milli sazly drama teatrynda täze spektakllaryň üçisi sahnalaşdyryldy. Žanry boýunça dürli-dürli bolup, olarda taryhyň dürli döwri: gadymy döwür, soňky orta asyrlar we biziň günlerimiz beýan edilýär. 

“Görogly” şadessanynyň esasynda ýazylan “Gaýrat” spektakly Dramaturg Nobatguly Rejebowyň pýesasy esasynda goýuldy. Awtora şadessanynyň dilini örän takyk bermek başardandygyny bellemelidiris. Şonuň üçin hem pýesanyň gahrymanlary täsirli we özboluşly. 



Halk gahrymany Göroglynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Şirli Mollaýew janlandyrypdyr. Ol öz gahrymanyna paýhaslylygy bermegi başarypdyr. Göroglynyň Görogly bolmagynda özüniň öňden görüjiligi, paýhaslylygy we sabyrlylygy bilen tapawutlanýan onuň aýaly Agaýunusyň täsiri ulydyr. Agaýunus periniň keşbini Mähri Nuryýewa janlandyrypdyr. 

Görogly özüniň ogurlanan ganatly bedewini gaýdyp alşy barada gürrüň berilýän bölümi owadan we ynandyryjy bolupdyr. Munda režisýor-oýun goýyjy Handurdy Berdiýewiň, aktýorlaryň ählisiniň, hudožnik-oýun goýyjy Mekan Annamyradowyň, kompozitor Daňatar Hydyrowyň we beýleki bu sahna eserini dötermäge gatnaşan adamlaryň hyzmatlary ulydyr. 

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli sazly drama teatrynyň tomaşaçylary başgyr ýazyjysy we dramaturgy Mustaý Karimiň meşhur eseri “Aý tutulan gijesi” esasynda goýlan “Akýigit we Zümerret” atly spektakly örän joşgunly kabul etdiler. Wakalary XVII asyrda bolup geçýän bu pýesa 1963-nji ýylda ýazyldy we heniz onuň awtory ýaşap ýörkä dünýä dramaturgiýasynyň nusgasyna öwrüldi. 

Teatryň döredijilik toparyna spektakly saz bilen bezemek, kostýumlar, ssenografiýasy we bu tragediýanyň gahrymanlarynyň özlerini alyp baryşlary bilen, başgyr durmuşynyň aýratynlyklaryny, taryhyň jümmüşinden aýdýan filosofiýasyny takyk beýan etmek başardypdyr. 

Türkmenistanyň at gazanan artisti Mamagül Durdyýewa Tankabikäniň keşbinde oýnamak bilen, ol sahnada ýaşaýar. Spektakla gatnaşan aktýorlaryň ählisi öz başanyklaryny we zehinlerini gaýgyrman öz döreden keşplerini ussatlyk bilen janlandyrmagy başarypdyrlar.. 



Spektaklyň režisýor-oýun goýujysy Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew awtoryň owadan “Aý tutulan gijesi” adyny “Akýigit we Zümerret” diýen ada öwrüpdir. “Biz – söýgiň tarapdary! diýip, ol düşündirýär. –Aý tutulmak sähel salymda bolup geçýän astronomiki hadysa, söýgi bolsa baky we biziň spektaklymyzyň optimistik güýji hem şundadyr”. 



Üçünji spektakl bolsa - “Toý” diýlip atlandyrylýar. Sagatlaýyn işe goşulyşmaýan hünärler bolýar – olar gije-gündizleýin dowam edýär. Olaryň biri hem lukmançylyk hünäridir. “Toý” oýnunyň baş gahrymany muňa kän bir düşünip berenok. Näme üçin onuň aşyk bolan gyzy wagtyny gijelerine hem işde geçirýär? Näme üçin ol telefon arkaly başga biriniň saglygy bilen gyzyklanýar? Olaryň maşgalasynda zenanlar özlerini beýle alyp barmaýardylar! Aşyk bolan ýigit şübhelenip başlaýar... Bu sýužete dramaturg Aşyr Mämiliýew onlarça ýyl mundan ozal öz “Toý” pýesasynda ýüzlendi. Dogrudan hem öý, adamsy, çagalary üçin öý ojagynyň eýesi zenana uly jogapkärçilik ýüklenýär. Käbir halatlarda bu zenan maşgala olary öz işine kalby bilen berlen söýgüli käri bilen utgaşdyrmaly bolýar. Olaryň biri-birine päsgel bermezligi üçin güýji we wagty nireden almaly? 



Bu mesele öňde bolşy ýaly, bu çünki gün hem örän möhüm. Şonuň üçin hem režisýor-oýun goýujy Bilbil Mämmedow we Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli sazly drama teatrynyň artistleri bizň günlerimizde hem bolup geçýän bu wakany sahnada görkezmegi karar etdiler. Bu sahna oýnunyň şowly çykmagyna paýtagtyň häzirki binagärlik keşbi, häzirki zaman saz eserleri özleriniň oňaýly täsirlerini ýetiripdir.

 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder