12 Şubat 2016 Cuma

Ýakynlaşyp Gelýän Baýramçylygyň Şanyna

12-nji fewralda Aşgabadyň we Mary şäheriniň sport meýdançalarynda ýetip gelýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan milli ýaryşlar badalga aldy. Maryda Türkmenistanyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasynyň açyk çempionatynyň çäklerinde deslapky ýaryşlar geçirlidi, paýtagtymyzyň buzly meýdançalarynda bosla medallar ugrunda hokkeý ussatlary güýç synanyşdylar.

Mergenleriň arasyndaky ýaryşa Mary, Daşoguz welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň toparlaryna wekilçilik edýän türgenleriň 50-ä golaýy gatnaşdy. Ýaryşa gatnaşyjylar üç günüň dowamynda sportuň bu görnüşiniň iki ugry – klassyky we tegekli ýaýdan 12 metr aralyga (16 ýaşa çenli ýetginjekler) we 18 metr aralyga (erkekleriň we zenanlaryň topary) ok atmak boýunça bäsleşerler.

Ýaryş Marynyň täze köp ugurly sport  toplumynda geçirilýär. Şu gün ýaryşa gatnaşyjylar bäsleşigiň final tapgyryna çykmak ugrunda güýç synanyşdylar. Ýaryşyň tertibine laýyklykda, saýlama bäsleşiklerde türgenleriň her biri 60 ok atdy, şondan soňra eminler topary netijeleri jemledi we iň gowy mergenleriň 32-sinden ybarat topary kesgitledi. Olar ýaryşyň indiki tapgyrynda (1/16 finalda) baýraklar ugrundaky göreşi olimpiýa ulgamy boýunça dowam etdirerler – utulan ýaryşdan çykýar. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli sport  hereketini ösdürmäge uly üns bermegi netijesinde sportuň köp görnüşleri, şol sanda ýaýdan ok atmak sporty hem ösüşe eýe boldy. Sportuň bu görnüşiniň Federasiýasy geçen ýylyň tomsunda resmi taýdan açyldy. Güýzde bolsa Türkmenistanyň täze sport guramasy Aziýanyň ýaýdan ok atmak Federasiýasynyň (AAF) düzümine girdi. Bu çözgüt AAF-nyň noýabr aýynda Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde geçirilen nobatdaky kongresinde kabul edildi. 

Geçen ýyl sportuň şu görnüşi bilen meşgullanýan türkmen türgenleri Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň barşynda ilkinji halkara tejribesine eýe boldular. Şu ýylyň mart aýynda bolsa Antalýadaky ýaý atmak boýunça sport merkezlerinde halkara ýygnanyşyklary geçiriler. Bu okuw-türgenleşik çäresine biziň ýygyndy toparymyz hem gatnaşar. Onuň düzümi Maryda geçirilýän şu ýaryşlaryň netijeleri boýunça kesgitleniler. 

... Hokkeý boýunça ýaryşlar buzly meýdançalaryň ikisinde - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň sport toplumynda hem-de Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilýär. Ýaryşyň baş baýragy ugrunda komandalaryň 6-sy iki toparda bäsleşýär. “A” toparda “Galkan”, “Şir” we “Watançy”, “B” toparda “Oguzhan”, “Nesil” we “Alp Arslan” toparlary çykyş edýärler. 

Ýaryş Türkmenistanyň häzirki çempiony “Galkanyň” hem-de “Watançy” toparynyň arasyndaky duşuşyk bilen başlandy. Garaşylyşy ýaly, 2015-nji ýylyň iň gowy komandasy özüniň ýokary ussatlygyny görkezip, garşydaşlaryny uly hasap bilen, ýagny 15:1 hasabynda ýeňmegi başardy. 

Ikinji duşuşykda buzly meýdança “Ogazhan” we “Alp Arslan” komandalary çykdylar. Bu duşuşyk hem örän gyzykly geçip, tomaşaçylary begendirdi. “Oguzhanyň” hokkeýçileri garşydaşlarynyň derwezesine 16 hokkeý pokgüsini geçirmegi başardylar, “Alp Arslanyň” oýunçylary bolsa bary-ýogy bir gezek tapawutlandylar. 

Ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynyň barşynda türgenler her topardan iň gowy hokkeý komandalarynyň ikisini kesgitlemeli bolarlar. Olar bäsleşigiň ýarym finalynda çykyş eder. 17-nji fewralda aýgytlaýjy duşuşyk hem-de üçünji orun üçin bäsleşik geçiriler. 15-nji fewralda bolsa irden Içeri işler ministrligingiň Sport toplumynda hokkeý boýunça  çagalaryň arasynda geçirilen ýaryşyň final oýny bolar. Bu duşuşykda 10 ýaşa çenli çagalar güýç synanyşar. Aýgytlaýjy duşuşykda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň komandasy hem-de “Ogazhan” komandasynyň ikinji düzümi bäsleşer. Bu ýaryşlar türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň arasynda hokkeý oýnuny giňden wagyz etmek maksady bilen guraldy. 

*** 

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň mejlisler zalynda geçirilen maslahat şu hepdäniň möhüm wakalarynyň biri boldy. Onda Bilim ministrliginiň işgärleri ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda meýletinçilik hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmek hem-de düşündirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Şeýle hem maslahatda “Meýletinçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Aşgabat-2017 oýunlary ýaly iri sport ýaryşlarynyň üstünlikli geçmegi köp babatda meýletinçileriň sazlaşykly işine baglydyr. Türkmen meýletinçileri eýýäm oňat halkara taýýarlyk mekdebini geçdiler. Olar Kazanda guralan Bütindünýä uniwersiadasynda, degişlilikde, 2013-nji we 2014-nji ýyllarda Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda hem-de XVII tomusky Aziýa oýunlarynda, 2015-nji ýylda geçirilen I Ýewropa oýunlarynda we beýleki ýaryşlarda tejribe topladylar. 

Türkmen meýletinçileri 2014-nji ýylda Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilen Gyşky olimpiýa oýunlarynda çagyrylan myhmanlaryň hatarynda boldular. Şu ýyl olar alan bilimlerini Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiadanyň barşynda berkiderler. Bu abraýly ýaryşlara dünýäniň 200-e golaý ýurdundan türgenleriň 10 müňden gowragy gatnaşar. Bu waka biziň meýletinçilerimiz üçin ýurdumyzda geçiriljek Aziadanyň öňüsyrasynda özboluşly synag bolar. 

Eýýäm öňümizdäki ýazda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynýň maksatnamasyna girizilen sportuň görnüşleri boýunça halkara synag ýaryşlary geçirilip başlanar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder