20 Şubat 2016 Cumartesi

Watanymyzyň Mukaddes Tugunyň Şanyna Dabaralar

Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenilip geçilýär. Ählihalk baýramy mynasybetli paýtagtymyzda esasy dabaralar, däp bolşy ýaly ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül desselerini goýmadan başlandy. 

Ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlarynyň biri bolan mukaddes ýaşyl baýdagymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň mizemez agzybirligini we jebisligini, parahatçylyk, ynsanperwerlik hem-de döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Bu gymmatlyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasatynyň binýadydyr, bu syýasat türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň okgunly ösüşiniň ygtybarly kepililir. 

Bu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Ýer ýüzünde tanalýar we belent sarpa eýedir, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde sebit hem-de ählumumy derejede alyp barýan daşary syýasat ugrunyň esasy ugurlaryny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän bu öňdengörüjilikli parasatly strategiýa Watanymyzyň halkara derejesinde belent abraýyny üpjün etdi. Ajaýyp ýaşyl reňkli Tugumyzy beýleki milli nyşanlar bilen bir hatarda, parahatçylyk söýüjilik, Bitaraplyk we hoşniýetli erk-islegi alamatlandyrýan zeýtun agajynyň iki şahajygy bezeýär hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň binasynyň öňünde buýsançly pasyrlaýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy halkara derejesinde giňden we dabaraly bellenilip geçildi, bu hukuk derejesi sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň we durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde ykrar edildi. 

Döwlet Baýdagynyň güni her ýyl Türkmenistanda ählumumy ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilip geçilýär. Bu baýram halkymyzy täze ajaýyp zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar we kuwwatly watançylyk hem-de jebisleşdiriji güýje eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Tugumyzyň saýasynda möçberi boýunça görlüp-eşidilmedik özgertmeler amala aşyrylýar, durmuşyň ähli ugurlarynda ýokary sepgitlere ýetilýär. Ak mermerli türkmen paýtagtynyň keşbi özgerýär, ýurdumyzyň ähli şäherleri we obalary ajaýyp görnüşe eýe bolýar, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýa, halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Asylly däbe görä, bu şanly senä gabatlanyp Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda önümçilik we medeni-durmuş desgalaryny ulanmaga bermek dabaralary ajaýyp öwüşgine beslendi. 

Esasy dabaralar paýtagtymyzyň günorta böleginde ýerleşýän baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada geçirildi, bu ýerde -- 133 metr belentde Türkmenistanyň Baş baýdagy buýsançly pasyrdaýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gül goýmak dabarasyna hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, hormatly ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, köpsanly aşgabatlylar bar. 

Dabaraly pursat ýetip gelýär. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belent owazy astynda milli Tugymyz asmanda pasyrdap, dabara gatnaşyjylaryň kalbynda Garaşsyz Watanymyza belent buýsanç duýgusyny döredýär. 

Aşgabadyň iň ajaýyp künjekleriniň birinde, Köpetdagyň eteginde oturdylan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy paýtagtymyzyň islendik künjeginden seleňläp görünýär. Parahat asmanymyzda pasardaýan ýaşyl Tugumyz döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny, türkmen halkynyň baý taryhyny we medeniýetini, parasatly durmuş ýörelgesini şöhratly geçmişini, ajaýyp döwrüni hem-de nurana geljege okgunly hereketini alamatlandyrýar. Baýdagymyzyň ýaşyl reňki durmuşy, parahatçylygy hem-de agzybirligi, abadançylygy we döredijiligi alamatlandyrýar. 

Welaýat merkezlerinde we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýan belent baýdak sütünleriniň oturdylmagy türkmen halkynyň mukaddes Tuguna çuňňur sarpasynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Şu ýyl, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyz şanly senäni – döwlet Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyny giňden bellär. Türkmenistanlylar Garaşsyz, gülläp ösýän Watanyna hem-de mukaddes Tuguna buýsanýarlar, milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän we döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine amala aşyrylýan iri möçberli özgertmelere ägirt uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. 

Dabaraly ýagdaýda depesinde Türkmenistanyň Baş baýdagy belent pasyrdaýan ägirt uly baýdak sütüniniň etegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýulýar. Soňra dabara gatnaşyjylaryň ählisi hem bu ýere gül desselerini goýýarlar. 

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden guraldy, bu dabaralarda ýokary ruhubelentlik ýagdaýy türkmenistanlylaryň bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz hem Bitarap Watanymyza, iň oňat arzuw-umytlaryň hasyl bolýan ýurduna buýsanjynyň ajaýyp beýany boldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder