22 Şubat 2016 Pazartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň oba senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň barşyna hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowyň hasabatyny diňledi. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, agrotehniki çäreleriň geçirilişi, güzlük bugdaýa ideg edilişi hem-de mart aýyndaky baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz oba hojalygynyň öndürijilerini goldamak boýunça işleri has işjeň alyp barmalydygyny belledi. Daýhan hojalyklaryna gök ekinleri ýetişdirmäge ýer bölekleriniň berilmegi hem ekerançylyk önümleriniň möçberlerini ýokarlandyrmak üçin düýpli höweslendiriji bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýer eýelerini zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek meselelerine häkimiň ünsüni çekdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça hasabat berip, ekerançylyk meýdanlaryndaky işler hem-de bahar baýramçylyklary mynasybetli guraljak köpçülikleýin medeni çäreler barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime welaýatyň ykdysady ýagdaýyny seljermegi  hem-de önümçiligi, şol sanda oba hojalyk toplumynda önümçiligiň depginini artdyrmak üçin mümkinçilikleri herekete getirmegi tabşyrdy. Oba hojalyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak we umuman, hojalyk işleriniň meselelerini has netijeli işläp düzmek  zerur diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de welaýatyň meýdanlarynda gök maýsalara ideg edilişiniň gerekli derejede guralmandygyny belledi. Gök, bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin daýhan hojalyklaryna ýer bölekleriniň berlişine aýratyn üns bermek gerek.

Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda geçirilýän işler, oba hojalyk tehnikalarynyň gowaça ekişine taýýarlanylyşy hem-de ekerançylyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýerleri, traktorlary we beýleki tehnikalary ýaz ekişine öz wagtynda taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň ýokary hili ilkinji orunda bolmalydyr, ýagny, jogapkärli meýdan işleriniň geçirilýän wagty tehnikalar ygtybarly işlemelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew ekişiň öň ýanyndaky taýýarlyk, topragyň hasyllylygyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de hormatly Prezidentimiziň gök önümleri ýetişdirmek üçin daýhan hojalyklarynyň arasynda meýdanlary bölüp bermek babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem   sebitde şanly seneler mynasybetli baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi barada habar aýdyldy.

Hasyllylygy artdyrmak hem-de toprakdan doly peýdalanmak üçin oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmäge häzirki zaman döwrebap çemeleşmeleri,  täze oba hojalyk tehnologiýalaryny başarnykly peýdalanmak zerur diýip, milli Liderimiz belledi hem-de ekinleriň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamak, tohumçylyk işini netijeli alyp barmak, ýer eýelerini ýokary önüm berýän tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow öz gezeginde sebitdäki işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýyň gök maýsalaryna ideg edilişi hem-de gowaça ekişine taýýarlyk görlüşi, şeýle hem baýramçylyk günlerine meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekiş möwsümine badalga berilmegine oba hojalyk tehnikalarynyň  taýýarlygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Topragy işlemegiň hili-de, ekiş geçirmegiň depgini-de gönüden-göni tehnikalaryň işine baglydyr. Ekerançylyk önümçiliginiň gerimini giňeltmekde has düşewüntli ekinlere aýratyn üns bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de gök önümleriň dürli görnüşlerini ýeitişdirmek üçin daýhan hojalyklaryna ýer bölekleriniň berlişini tizleşdirmek barada görkezme berdi.       

Milli Liderimiz sebitleriň ýolbaşçylaryny obalary durnukly ösdürmek, olaryň durmuş düzümleri ýaly ugurlar boýunça işleri depginli alyp barmaga, senagat pudaklaryny ösdürmegiň we welaýatlarda maýa goýum-gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişini düýpli seljermegiň    zerurdygyna, oba senagat ulgamynda gaýtadan işleýji täze kuwwatlyklary döretmek hem-de ýokary hilli azyk önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak üçin mümkinçilikleri gözlemäge gönükdirdi. 

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow çagyryldy. Häkim paýtagtymyzy has-da ösdürmek boýunça görülýän çäreler, binagärlik-gurluşyk işleriniň, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de birnäçe ýollaryň durkuny täzelemek boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hzasabat berdi. Şeýle hem häkim Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabady ösdürmäge bagyşlanyp  geçirilen iş maslahatynda milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli babatda nusgalyk şäher bolmalydygyny nygtady. Onuň sazlaşykly ýagdaýyny üpjün etmek, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, arassaçylygy we düzgün-tertibi saklamak boýunça işleri ýokary derejede guramak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamak zerur diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de degişli düzümleriň örän sazlaşykly işlemegi boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem şäher ýollarynyň durkuny täzelemegiň örän oýlanyşykly we ölçerilen inženerçilik çözgütleriniň esasynda alnyp barylmalydygyny belledi. Öňde boljak ýowara hem-de ýazky bagy-bossanlyga büremek işlerini başlamaga taýýarlyk görmek boýunça hem    anyk görkezmeler berildi. 

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew  hasabat bilen çykyş etdi. Ol ählihalk ýowaryna—ýurdumyzda nobatdaky bagy-bossanlyga büremek möwsümine başlamaga görülýän taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi.  Şu ýyl ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli agaçlaryň hem-de üzüm nahallarynyň jemi 3 million düýbi oturdylar. Häzirki wagtda bag nahallaryny taýýarlamak we olaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz  bagy-bossanlyga büreýiş möwsüminiň çäklerinde geçiriljek işleriň anyk meýilnamasyny düzmegi,  ýer bölekleriniň degişli taýýarlygyny üpjün etmegi hem-de suwarmak we täze ekilen nahallara mundan beýläk-de ideg etmek üçin şertleri döretmegi oýlanyşmagy tabşyrdy. Ekiljek nahallar her bir anyk ýeriň toprak-howa şertlerine, onuň tebigy aýratynlygyna laýyk gelmelidir. 

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, aýdylan wezipeleri umumylaşdyrdy hem-de ilkinji derejeli meseleleri kesgitläp, olary dessine netijeli çözmäge girişmegi talap etdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder