10 Şubat 2016 Çarşamba

Türkmen Boksçularynyň Bürünç Medallary

Golaýda Belarusuň we Gyrgyzystanyň paýtagtlarynda boks boýunça iri halkara ýaryşlar tamamlandy, olarda türkmen türgenleri bürünç medallara mynasyp boldular. Minsk şäherinde geçirilen ýaryşda Baýramhan Permanow hormat münberiniň üçünji basgançagyna galdy (52 kilograma çenli agramlyk derejede), Bişkek şäherinde guralan bäsleşikde bosla Arslanbek Açylow bürünç medala mynasyp boldy (75 kilograma çenli agramlyk derejede).

Belarusda indi 14-nji gezek geirilýän ýaryşa dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan – Russiýadan, Gresiýadan, Tunisden, Ekwadordan, Latwiýadan  we beýleki döwletlerden boksçularyň 100-den gowragy gatnaşdy. Bu ýaryşda iň gowy türgenler güýç synanyşdylar. Olar Minsk şäherinde özboluşly synagdan geçdiler. Ýakyn geljekde bu türgenler deslapky ýaryşlarda çykyş ederler. Şol bäsleşikde şu ýylyň awgust aýynda Braziliýanyň Rio-de-Janeýro şäherinde geçiriljek Olimpiada ýollanmalary almak ugrunda güýç synanyşylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda ildeşimiz  Baýramhan Permanowyň hem ýokary ussatlygyny görkezendigi bellärliklidir. 

Tälimçiler Geldimyrat Annaorazowyň we Myrat Jumaýewiň şägirdi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde halkara ýaryşynda ilkinji gezek çykyş etdi. Halkara türkmen-türk uniwersaitetiniň talyby ozal  ýetginjekleriň toparyna girýärdi. Indi bolsa uly ýaşly türgenleriň arasynda gazanylan medal B.Permanowy geljekki ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrar. 

Arslanbek Açylow bolsa dürli halkara derejesindäki ýaryşlarda köpsanly baýraklara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolmagy başardy. Bişkekde dünýäniň 10 ýurdundan 100-e golaý boksçynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşlarda gazanylan bürünç medal Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Şöhrat Gurbanowyň we Sabir Kseýhanowyň şägirdiniň häzirki wagtda islendik derejedäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmäge taýýardygyna şaýatlyk edýär. 

Milli sport we syýahatçyslyk institutynyň talyby A.Açylow hem-de B.Permanow öňümizdäki hepdede milli ýygyndymyzyň düzümine girmek ugrunda bäsleşmeli bolarlar. 17-21-nji fewral aralygynda Aşgabat şäheriniň "Galkynyş" sport toplumynda Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Şol ýaryşyň netijeleri boýunça Rio-de-Žaneýroda geçiriljek Olimpiada ýollanmalary almak boýunça dalaşgärler kesgitlener. 

Ýakyn geljekde deslapky ýaryşlaryň ikisi geçiriler. 23-nji martdan 3-nji aprele çenli Hytaýda Aziýanyň we Okeaniýanyň iň güýçli boksçularynyň gatnaşmagynda bäsleşikler guralar. Bu ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolanlar Olimpiada gatnaşmaga hukuk gazanar. 4-6-njy orunlara mynasyp bolanlara bolsa deslapky ýaryşlarda Olimpiada ýollanma almaga ýene-de bir mümkinçilik bolar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder