8 Şubat 2016 Pazartesi

Türkiýäniň Eksport Harytlarynyň Sergisine Gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisinin açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eye boljakdygyna berk ynanýaryn.

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň bin bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň we möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan türk işewürleri geljegi uly bolan türkmen bazarynda öz orunlaryny barha pugtalandyrýarlar. Türkiýäniň kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly is alyp barýarlar. Olar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar we bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etdirýärler.

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi iki doganlyk ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, ygtybarly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge itergi berjek möhüm çäreleriň biridir. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň eksportyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde bu serginiň, şeýle hem onuň çäklerinde geçirilýän türkmen-türk işewürler maslahatynyň ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly myhmanlar!
Eziz watandaşlar!

Häzirki döwürde iki doganlyk döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar ýokary depginler bilen ösýär hem-de hil taýdan täze derejä çykýar. Serginiň geçýän günleri Türkiýäniň dürli kompaniýalary özleriniň senagat we eksport mümkinçiliklerini görkezerler. Olaryň arasynda ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýän, netijeli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly şertlerden peýdalanmagy maksat edinýän täze kompaniýalaryň hem bardygy bizi örän guwandyrýar.

Iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmekde we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de Türkmen-türk işewürler geňeşiniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin.

Hormatly adamlar! 
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Bu serginiň iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn. Siziň ähliňize türkmen-türk hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin!



Türkmenistanyň Gurbanguly
  


 
Prezidenti Berdimuhamedow


 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder