3 Şubat 2016 Çarşamba

Stol Üstünde Oýnalýan Tennis Boýunça Dünýä Çempionatynyň Öňüsyrasynda

Stol üstünde oýnalýan tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýeňijiler hem-de baýrakly orunlary eýelän türgenler kesgitlenildi. Şahsy we toparlaýyn bäsleşiklerde paýtagtly kiçi tennisiň ussatlary ynamly ýeňiş gazandylar.

Sport ussady Raşid Ahmedow ýaryşda mümkin bolan iň ýokary netijäni görkezdi. Ol ýaryşyň dowamynda dört gezek altyn medala mynasyp boldy. Final duşuşyklarynyň ikisinde ol öz dogany Rawil Ahmedowy, şahsy bäsleşikde we “garyşyk jübüt” görnüşinde ýeňdi. “Garyşyk jübüt” görnüşinde Raşid sport ussady Enejan Ballyýewa bilen bilelikde çykyş etdi. Altyn medallaryň ýene birini R.Ahmedow Ýagmyr Taganow bilen bilelikde nusgawy jübüt bäsleşikde çykyş edip gazandy. Altyn medallaryň dördünjisi öňa umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýeländigi mynasybetli gowşuryldy. 

Rüstem we Lidiýa Ahmedowlaryň şägirdi Raşid stol üstünde oýnalýan tennisiň maşgala boýunça üstünlikli ýoluny dowam etmek bilen, onuň özi hem ýetginjek türgenleriň ençemesine tälimçilik edýär. Onuň şägirtleriniň birnäçesi diňe bir ýurdumyzda däl, halkara derejesindäki ýaryşlarda hem ýokary netijeleri gazanýarlar. Muňa, geçen ýylyň ahyrynda Gazagystanda geçirilen “Altyn güýz” we “Orta Aziýanyň umytlary” atly halkara ýaryşlary şaýatlyk edýär. Bu ýaryşlarda R.Ahmedowyň şägirtleri doganlar Ylýas we Güýçgeldi Allanazarowlar degişlilikde kümüş we bürünç medallary eýelediler. 

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda garaşylmadyk netijeleriň bolmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hususan-da, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlarda öňdäki orunlary eýelän tennisçiler, bu gezek kiçi raketkanyň ýaşajyk ussatlarynyň ýeňşe bolan yhlasyna garşy durmagy başarmadylar. Şahsy bäsleşikde 13 ýaşly birinji derejeli türgen Mariýa Plotko hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Ol final duşuşygynda Türkmenistanyň 2014-nji ýyl boýunça çempiony Enejan Ballyýewany ýeňmegi başardy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Arzyaman Seýidowyň şägirdi bolan ýaşajyk aşgabatly türgene bu altyn medal onuň sport ussatlygyna dalaşgär derejesini doldurmagyna mümkinçilik berdi. 

Jübüt ýaryşlarda birinji derejeli tennisçiler, 16 ýaşly Meňli Durdyýewa bilen 12 ýaşly Wilena Malsewa öňdeligi eýelediler.  Rüstem Ahmedowdan tälim alýan bu tennisçiler final duşuşygynda özleriniň has tejribeli garşydaşlary E.Ballyýewa we Türkmenistanyň 2015-nji ýylda çempiony, sport ussatlygyna dalaşgär J.Nyýazgylyjowa  ýeňiş üçin hiç hili mümkinçilik bermediler.  Tejribeli türgenler her näçe  jan etseler-de, Aşgabatly  ýaşajyk tennisçileriň okgunly hüjümlerine döz gelip bilmediler. 

Indi, M.Plotko, M.Durdyýewa we W.Malsewa dagy  ýene bir jogapkärli ýaryşa -- ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlyk görýärler. Bu ýaryş Aşgabadyň olimpiýa suw-sport  toplumynda  mart aýynda geçiriler.

Ýaş zehinli tennisçilerimizde  milli ýygyndy toparymyzyň düzümine düşmäge oňat mümkinçilik bar. Türkmenistanyň  milli ýygyndysynyň düzümi, şu geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň netijeleri boýunça ýakyn günlerde kesgitlener. Ýurdumyzyň iň güýçli türgenleri 26-njy fewraldan 6-njy marta çenli Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görerler. 
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder