15 Şubat 2016 Pazartesi

Maryda Taekwondoçylaryň we Ýaýçylaryň Ýaryşy Geçirilýär

Geçen dynç alyş günleri Mary şäherinde milli derejedäki ýaryşlar geçirildi. Dzýudo we sambo boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdebinde taekwondo boýunça (ITF görnüşi) ýetginjekleriň arasynda ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi, köpugurly täze sport toplumynda bolsa Türkmenistanyň Ýaýdan ok atmak federasiýasynyň ikinji çempionatynyň ýeňijileri mälim boldy. Bäsleşikleriň ikisi hem ýetip gelýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy.

Koreý höwesjeň sungaty boýunça bäsleşiklere ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynda çykyş edýän 18 ýaşa çenli türgenleriň 200-e golaýy gatnaşdy. Olar taekwondonyň (ITF) dört görnüşi – şahsy hem-de toparlaýyn maşklar, öz-özüňi goramak boýunça görkezme çykyşlary we başa-baş tutluşyk ugurlarynda güýç synanyşdylar.

Maryly türgenler altyn medallaryň 16-syna mynasyp bolup, oňat taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Ikinji orny öňdebaryjydan uly tapawut bilen yza galan-- 5 ýeňiş gazanan aşgabatly türgenler eýelediler. Balkan welaýatynyň türgenleri birinji orunlaryň 3-sini eýeläp, üçünji orna mynasyp boldular.

Şu gezekki ýaryşlaryň netijeleri boýunça ýurdumyzyň milli topary düzüler, ol 25-30-njy mart aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek ýetginjekleriň hem-de ulularyň arasyndaky Aziýa çempionatyna gatnaşar. 

Biziň türgenlerimiziň ozal geçirilen şunuň ýaly ýaryşlarda gazanan ýeňişleri olarda üstünlige bolan ynam döredýär. Şol ýeňişleriň hatarynda 2014-nji ýylda Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde geçirilen Aziýa çemptonaty bar, şonda türkmen türgenleri dürli derejeli medallaryň 15-sini eýelediler. Şol çempionatda maryly türgen Orazmyrat Çaryýew jemi 5 medal (1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç) gazanyp, toparymyzyň ýeňşine uly goşant goşdy. Ýetginjekler toparynda çykyş eden bu türgen Aziýa-2014-iň çempiony diýen ada hem mynasyp boldy.

Geçen ýyl türkmen türgenleri Aziýa we dünýä derejesindäki dürli ýaryşlarda köpsanly medallara eýe bolup, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterdiler. Şunuň  bilen baglylykda, ýurdumyzyň şu gezekki birinjiliginiň guramaçylary halkara sport ýaryşlarynda has tapawutlanan türkmen taekwondoçylary üçin ýörite baýraklary döretdiler. Iň güýçli türgenleriň hatarynda Orazmyrat Çaryýewi (gara guşak, III dan), Goşanýaz Durdyýewi (III dan), Annamyrat Goşanýazowy (II dan), we    Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gaýgysyz Atabaýewi (II dan) görkezmek bolar, olaryň hemmesi sportuň bu görnüşi boýunça Mary şäherinde tälim aldylar. 

Türgenleri sylaglamak dabarasyna Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň häkimlikleriniň, Sport baradaky döwlet komitetiniň welaýat  bölüminiň, Demokratik partiýanyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri  gatnaşdylar. 

Ýaryşlar tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Taekwondo federasiýasynyň (ITF) hasabat-saýlaw ýygnagy geçirildi, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň tälimçileri we belli türgenleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda bu sport guramasynyň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, oňa gara guşagyň eýesi (I dan) Meret Rozyýew gaýtadan saýlanyldy. 

TDH-niň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Federasiýanyň başlygy M.Rozyýew taekwondonyň ITF görnüşiniň ýurdumyzda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap ösüşe eýe bolandygyny  nygtady.  Emma sportuň bu görnüşi boýunça türkmen mekdebiniň mümkinçilikleri diňe Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe doly derejede açyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde  häzirki zaman sport toplumlary hem-de sport mekdepleri yzygiderli gurulýar, olarda ýaş ýigitleriň we gyzlaryň müňlerçesi ukyp-başarnyklaryny artdyryp, milli we halkara derejeli ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanýarlar. 

Gazagystanda geçirilen Aziýa çempionatyndan başga-da, türkmen taekwondoçylary sportuň bu görnüşi boýunça Italiýanyň Andria şäherinde sentýabr aýynda  ýetginjekleriň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärler. 

... Ýaýdan ok atmak boýunça ýaryşlaryň geçiriljekdigi eýýäm milli habar beriş serişdelerimizde aýdylypdy. Sportuň bu görnüşiniň iki ugry boýunça Daşoguz, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde türgenleriň 50-ä golaýy medallar ugrunda bäsleşdiler. 

Daşoguz welaýatyndan Şanur Baýrammädow altyn medallaryň ikisine we bir kümüş medala eýe bolup, has tapawutlandy. Ol ýaýdan ak atmagyň nusgawy we şahsy görnüşinde jemleýji bäsleşikde  aşgabatly Röwşen Aşyrmyradowdan üstün çykdy, şeýle hem ol toparlaýyn bäsleşikde Şamyrat Annaýew we Şöhrat Jumakulyýew bilen bilelikde bir toparda çykyş edip, ýeňiş gazandy. 

Ş.Baýrammädow nyşanany optiki görkeziji bilen enjamlaşdyrylan ýaýdan ok atmakda kümüş medala eýe boldy. Bu ugur boýunça paýtagtymyzyň toparlarynyň wekili Georgiý Agiýarow birinji orny eýeledi. 

Zenanlaryň arasynda diňe nusgawy görnüş boýunça bäsleşikler guraldy, onda aýgytlaýjy bäsleşikde aşgabatly türgen Sabina Alikperowa öz topardaşy Suraý Kakyşowadan ynamly üstün çykdy. Ýetginjekler toparynda bu ugur boýunça aşgabatly Ezizmuhammet Sähedow ýeňiş gazandy. Ol jemleýji bäsleşikde ýer eýeleriniň wekili Begli Meredowdan üstün çykdy. 

Çempionatyň baş emini, Türkmenistanyň Ýaýdan ok atmak boýunça federasiýasynyň başlygy Wepa Sähedowyň gürrüň bermegine görä, sportuň bu görnüşi ýurdumyzda täze ýaýrap başlady (bu Federasiýa 2015-nji ýylyň tomsunda döredildi). Emma bu gysga döwrüň içinde täze sport guramasynyň tälimçileri tarapyndan sportuň bu görnüşini wagyz etmek we oňa ýaşlary çekmek babatynda uly işler geçirildi. Hususan-da, ýaýdan ok atmak boýunça türgenleşik geçmek üçin bölümler eýýäm Aşgabatda, Ahal, Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynda açyldy. Häzirki wagtda Balkan welaýatynda hem şeýle bölümi açmak boýunça degişli işler geçirilýär. 

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ýaýdan ok atmak boýunça federasiýasy sportuň bu olimpiýa görnüşi boýunça Aziýa (AAF) we halkara (FITA) federasiýalarynyň agzasy bolup durýar, munuň özi mergenlerimize  
Aziýa, dünýä derejesindäki ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçilik berýär. 

Aprel aýynda Aşgabatda ýaýdan ok atmak boýunça Türkmenistanyň birinji çempionaty geçiriler. Onuň jemleri boýunça her ýyl Russiýa Federasiýasynyň Ýakutsk şäherinde geçirilýän “Aziýanyň çagalary” atly halkara sport ýaryşyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň milli ýygyndysy düzüler. Bu toplumlaýyn bäsleşikleriň maksatnamasyna  futbol, woleýbol, basketbol we sportuň beýleki görnüşleri-de  girýär, oýunlar şu ýylyň 5-14-nji iýuny aralygynda geçiriler. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder