8 Şubat 2016 Pazartesi

Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet Güni Geçirildi

2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda Germaniýanyň Maýn boýnundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýet güni üstünlikli geçirildi. Maslahat Commerzbank konserniniň merkezi edara binasynda gurnaldy.

Foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy. Duşuşyga nemes tarapyndan hökümet agzalary, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlaryndan ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň 90-dan gowragynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin esasda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň meseleleri girizildi. Nemes işewürleri ýurdumyzyň ykdysady we eksport mümkinçilikleri, daşary söwda we maýa goýum syýasaty, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça wezipeleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Çykyş edenler bu duşuşygyň türkmen-german ykdysady gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge hyzmat etjekdigini hem-de iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň arasynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigini bellediler.

Forumyň işiniň dowamynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewürler toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

 

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Germaniýanyň dürli kärhanalaryna, şol sanda «Viessmann Group» kompaniýasynyň önümçilik desgalaryna baryp gördi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder