11 Şubat 2016 Perşembe

ESCAP-iň Wekilleri Bilen Duşuşyk

2016-njy ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde ýurdumyza iş sapary bilen gelen, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary h-m Şamşad Ahtaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn depginini belläp, taraplar Türkmenistanyň we ESCAP-iň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikirleri alyşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça halkara başlangyçlarynyň wajyplygyny bellendi. Şunlukda, taraplar bu ugurdaky bilelikdäki tagallaryň sazlaşygynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar, Durnukly ösüşiň maksatlaryny milli we sebitleýin derejelerde durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň ESCAP bilen özaragatnaşyklarynyň wajyp ugurlarynyň hatarynda BMG-niň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri boýunça ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) çarçuwasyndaky bilelikdäki işiň ähmiýeti bellenildi.


Özara hotmat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine ygrarlyk bildirip, taraplar onuň geljekde giňeldilmeginiň zerurlygy barada aýtdylar.






Hiç yorum yok:

Yorum Gönder