15 Şubat 2016 Pazartesi

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen tehniki kerosini we “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa DK”) satyn aldylar. Mundan başga-da pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi, pagta galyndylary ýerlenildi. Satyn alan yurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Malta, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Gruziýa, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 14 million 184 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Slowakiýadan gelen işewürler jemi bahasy 15 million 667 müň manatlykdan gowrak bolan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder