9 Şubat 2016 Salı

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk

2016-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça kömekçisiniň birinji orunbasary j-p Willýam Toduň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler. Gepleşigiň barşynda 2016-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasynyň meselelerine seredildi. Mundan başga-da, gepleşikleriň gün tertibinde «С5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň çarçuwasynda özaragatnaşyklaryň meseleleri bellenildi. Taraplaryň aýratyn ünsi gumanitar hyzmatdaşlygyň meselelerine hem berildi. Şunlukda, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan milli çärelerileri, şeýle hem  Türkmenistanyň bu ugurdaky gazananlary barada giňişleýin maglumatlar beýan edildi. 

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmeginiň zerurlygyny belläp, taraplar ony geljekde özarabähbitli esasda giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder