13 Ocak 2016 Çarşamba

V Aziýa Oýunlarynyň Resmi Web-Saýty Açyldy

“Aşgabat 2017. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary”—Internet ulgamynda täze ýylda açylan web saýt şeýle atlandyrylýar. 

Türkmen, iňlis we rus dillerinde işlenip düzülen hem-de 2017-nji ýylyň Aziadasyna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) goldaw bermeginde ählumumy maglumatlar giňişligine göýberilen ulgam her bir isleg bildirene ashgabat2017.gov.tm salgy boýunça ýüzlenip, türkmen paýtagtynda geçiriljek Oýunlar, olimpiýa desgalary hem-de ýurdumyzyň sport durmuşy barada hemme zatlary bilmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da bu ýerde Türkmenistan barada düşünje beriş maglumatnama, myhmanlar üçin peýdaly maglumatlar hem-de sowal-jogap häsiýetli serişdeler görkezilipdir. 

Web-portalyň konsepsiýasy V Aziýa oýunlaryna, şeýle hem umuman ýurdumyza, türkmen halkynyň mirasyna, medeni-taryhy hem-de paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häzirki zaman ajaýyplyklaryna, bagyşlanan mowzuklaýyn bölümlerde gurulýar. Saýt sport çäreleri, Türkmenistanda bedenterbiýe-sport hereketiniň ösüşi, biziň türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryndaky üstünlikleri we beýlekiler baradaky neşirleriň arhiwini özünde jemleýär. 

Saýtyň esasy wezipesi Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşini hem-de oýunlaryň barşyny şöhlelendirmekden, ulgamyň baş sahypasynda ýerleşdirlen ýaryşlaryň başlanmagyna çenli galan wagty görkezmekden ybaratdyr. Ýöne eýýämden bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan Aziýadanyň Alawunyň nobatma-nobat geçiriljek ugry, Olimpiýa çäherçesiniň desgalary, onuň türgenleşik binýady hem-de ýaryşlar üçin meýdançalar, şeýle hem meýletinçiler toparlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanşyp bolýar. 

Sport täzeliklerinden başga-da şeýle hem giňişleýin foto suratlar bar. Şolaryň kömegi bilen Aşgabat boýunça nazary gezelenç ýa-da türkmen medenýetiniň hem-de özboluşly däpleriniň, halkymyzyň ruhy mirasynyň baý dünýäsine hyýalyňda syýahat etmek mümkinçiligi bar. Has giňişleýin şekilleri wideo galareýada görüp bolar. Özara aragatnaşyk hem göz öňüne tutulupdyr, onuň kömegi bilen Aziýada-2017-niň Ýerine ýetiriji komitetine elektron habarlary, sowallary ýa-da ýüz tutmalary, teklipleri hem-de isleg-arzuwlary şeýle hem pikirleri iberip bolar. 

Täze Internet—serişdesiniň amatly düzümi hem-de döwrebap bezegi ondan ugur alynyşyny has mümkin boldugyça ýönekeý, tiz ulanylýan hem-de peýdalanjylar üçin oňaýly edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sport ulgamynyň öňünde uly wezipeleri goýup, oňa hemmetaraplýyn döwlet goldawyny üpjin etdi. 

Şundan ugur alyp, saýty döredijiler oňa geçiriljek Aziýadanyň sport wakalarynyň çäklerinden çykýan has giň mazmunly häsiýet bermäge çalyşdylar. Ýöne, sebitiň esasy sport forumynyň ýakynlaşmagyna görä saýtyň işleri peýdaly hyzmatlar bilen üsti ýetirilip, öz maglumatlarynyň, dessin reportažlarynyň, foto suratlarynyň we wideo ýazgylarynyň gaznasy giňelip, has-da artar. 

2017-nji ýylda Aziýanyň sport paýtagty bolmak ýaly hormatyna eýe bolýan paýtagtymyzy görkezýän saýt Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny maglumat taýdan üpjin etmegiň hemmetaraplaýyn gurşalan ugryny döretmekde esasy orun eýelemäge, Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň pugtalanmagyna, dünýäniň sport äleminde onuň derejesiniň ýokarlanmagyna hem-de ýurdumyzyň ählumumy maglumatlar giňişligine ýakynlaşmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder